08:24
Пилигримы

ПИЛИГРИМЫ

Мимо ристалищ, капищ,
мимо храмов и баров,
мимо шикарных кладбищ,
мимо больших базаров,
мира и горя мимо,
мимо Мекки и Рима,
синим солнцем палимы,
идут по земле пилигримы.
Увечны они, горбаты,
голодны, полуодеты,
глаза их полны заката,
сердца их полны рассвета.
За ними поют пустыни,
вспыхивают зарницы,
звезды дрожат над ними,
и хрипло кричат им птицы:
что мир останется прежним,
да, останется прежним,
ослепительно снежным
и сомнительно нежным,
мир останется лживым,
мир останется вечным,
может быть, постижимым,
но все-таки бесконечным.
И, значит, не будет толка
от веры в себя да в Бога.
…И значит, остались только
иллюзия и дорога.
И быть над землей закатам,
и быть над землей рассветам.
Удобрить ее солдатам.
Одобрить ее поэтам.

1958

©Иосиф Бродский
Источник: https://brodskiy.su/piligrimy



Zyýaratçylar

Jeňhanalaň, seždegähleň deňinden,
deňinden ybadathana, meýhanalaň,
zynatly mazargähleň deňinden,
deňinden mähnet söwdahanalaň,
dünýäň hem hasratyň deňinden,
deňesinden Mekgäň hem Rimiň,
gök Günüň epgegine ýanyp,
zemin üste barýar zyýaratçylar.
Maýyp olar, küýki,
aç, ýarymýalaňaç,
gözleri doly agşam şapagyndan,
jigeri püre-pür daň şapagyndan.
Arkasynda çöller hiňlenýär,
ýalpyldaýar şapaklaň aly,
depelerinde ýyldyzlar titreýär,
we gyryk gygyrýar olara guşlar:
dünýäň öňküligine galjagy hakda,
göz gamaşdyryjy gar kibi,
hem-de şübheli mähriban,
dünýe galar ýalançylygyna,
dünýe galar ebediligine,
belki-de, aň ýetirmäge elýeter,
ýöne barybir tükeniksiz.
Diýmek, hiç hili şeý bolmaz,
özüňe ynamdanam, uýmakdanam Hudaýa.
...Diýmek, galýar diňe,
ham-hyýal hem ýol.
We bolar zemin üste agşam şapaklary,
We bolar zemin üste säher şapaklary.
Esgerlerem ony gany bilen suwarlar.
Şahyrlaram şony sözi bilen unarlar.

Terjimesi: @Bagabat

Sergezdanlar

Deňinden tomaşahana, buthanaň,
deňinden ybadathana, meýhanaň,
bezelen mazar deňinden,
şowhunly bazar deňinden,
rahat we hasrat deňinden,
deňinden Mekge hem Rimiň,
gök Güneş epgegine ýanyp,
barýar zemin üste sergezdanlar.
hem şikesli, küýki, aç,
hem ýarymýalaňaç,
gözleri doly agşam şapagyndan,
jigerleri doly daň şapagyndan.
Arkada galdy hiňlenýän çöller,
Ýalpyldyly ýyldyrymlar,
petreýän ýyldyzlar,
we gyryk ses bilen gygyrýar guşlar:
dünýe öňküsi deý üýtgemän galar,
hawa, üýtgemän galar,
göz alyjy aklygy bilen,
şübheli näzikligi bilen,
dünýäň şol ýalançylygy,
dünýäň şol ebediligi,
belki-de düşünse bolar,
ýöne, barybir soňsuz bolar,
diýmek, hiç hili many bolmaz,
ynanmakdan özüňe ýa Hudaýa.
...Diýmek, galýar diňe,
ham-hyýal hem ýol.
Bolar bu zeminde güneş ýaşmasy,
bolar bu zeminde güneş dogmasy.
Esgerler zemine garylar gider.
Şahyrlaň bar işi goldamak bolar.

Terjimesi: @mango





Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Bagabat | Теги: Iosif Brodskiý | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Eje / Goşgular - 15.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Kakama / Goşgular - 25.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy gosgy terjimelerem gowy Revonyn aýdanlarynada gosulyan kop-kop minnetdar

0
3 Revo   [Материал]
Rus dili söze baý dil. Söze baý bolmak bolsa, bir waka ýada predmeta dürli-dürli tarapdan baryp bilmegä, dürli-dürli tarapdan seretmäge ýol açýar. Sebäbi, biziň beýnimiz waka+söz+aň, aň+söz+waka görnüşinde işleýär. Bir sözi ýok etseň welin, şoňa degişli waka ýok bolýar. Bu mysal Jorj Orueliň "1984" kitabynda oňat görkezilen. Köp söz bilmeklik, hyýalyňda köp wakalary özara gatnaşdyrmana, çakyşdyrmana, mutasiýa etmäne ýardam etýär. Bu bolsa adamyň fantaziýasyny ösdürýär. Ýöne, ösen fantaziýa geniallyk däl, sebäbi hakykat bir, galan zatlar biziň aňymyzyň (fantaziýamyzyň) önümi.

0
2 Bagabat   [Материал]
Leningradda Brodskiý barada 1960-njy ýyllaň başynda, haçan-da ol Gorkiý adyndaky medeniýet öýünde şahyrlaryň ýaryşynda çykyş edensoň gürläp başlapdyrlar. Şahyr Nikolaý Rubsow onuň şol çykyşy hakda öz hatynda şeýle ýazypdyr:

“...Elbetde dekadent yslyja şahyrlaram bardylar. Mysal üçin, Brodskiý...
Mikrofonyň aýajygyndan iki eli bilenem ýapyşyp, ony edil agzyna eltip, ol gaty ses bilen hem-de sakawlap, goşgyň sazlaşygyna (ritmine) görä kellesini ýaýkyldadyp, okapdy:
Her kesiň öz ybadathanalsy!
Her kesiň öz tabydylsy!
Gohy diýsene!
Birleri gygyryşýar:
-Ine şuňa şygryýetiň näme dahyly bar?!
-Ýok ediň ony!
Beýlekileri çirkin bagyrýar:
-Brodskem, ýene-de!...”.


I.Brodskiýniň jenaýat işi seljerilen kazyýet mejlisiniň beýannamasyndan alynma:

Kazy: Siz näme bilen meşgullanýarsyňyz?
Brodskiý: Goşgy ýazýan. Terjime edýän. Diýip men çaklaýaryn...
Kazy: Hiç hili: “men çaklaýarynlar” bolmasyn. Durmalysy ýaly duruň! Diwarlara ýaplanmaň!...Siziň hemişelik işiňiz barmy?
Brodskiý: Men şu edýänim hemişelik işimmikä diýip pikir edýärdim.
Kazy: Takyk jogap beriň!
Brodskiý: Men goşgy ýazýardym. Men olar çap ediler öýdüp pikir edýärdim. Men çaklaýaryn...
Kazy: Bizi “men çaklaýaryn” gyzyklandyrmaýar. Jogap beriň, näme üçin siz işlemeýärdiňiz?
Brodskiý: Men işleýärdim. Men goşgy ýazýardym.
Kazy: Bizi bu gyzyklandyrmaýar...

Çeşmesi: https://www.culture.ru/persons/2115/iosif-brodskii. 05.01.2022ý.

0
1 Bagabat   [Материал]
Iosif Brodskiý 1940-njy ýylyň 24-nji maýynda doglup, 1996-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda aradan çykypdyr. 1964-nji ýylda ol hiç ýerde işlemeýändigi sebäpli ýaltalyk/bikärlik (за тунеядство) üçin iş kesilip, azatlykdan mahrum edilipdir. 1972-nji ýylda SSSR-iň raýatlygyndan mahrum edilip, ýurtdan çykarylypdyr. 1987-nji ýylda bolsa ol edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolupdyr.
Ol "Пилигримы" goşgusyny ýazanda heniz 18 ýaşam dolmandyr ekeni.
Diýmek, geniallyk ýaşa-da, durmuş tejribesine-de, ylym-bilime-de, haýsydyr bir şertleriň bolup -bolmazlygyna-da bagly däl bolmaly...
I.Brodskiý meşhur sitatalarynyň biri:
"Мир, вероятно, спасти уже не удастся, но отдельного человека — всегда можно.".
"Dünýäni, megerem, indi halas etmek başartmaz, ýöne aýratyn bir adamy - hemişe-de mümkindir.".

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]