13:27
Pikir plýuralizmi / hekaýa

PIKIR PLÝURALIZMI

...Darkaş tapsa gözi açylýan, gyzma pyýada, ýaşy ortadan agansoň niredendir bir ýerden şöhratparazlyk keselini tapyndy. “Şunça toýy bulap, munça adam bilen urşaňdan soňam suratyň taryhda galmajak bolsa, onna topragam bir başyňa seň zaňňar!” diýäkge, öz-özüne gyjalat berdi-de, nakgaşa ýüz tutdy.
Elbetde, eýýam aýfondyr-galaksyňky. Adamzadyň taryhynda möhür bolup galasyň gelse-de, şondan aňsat zat ýok. Gadymy döwürlerde Gerostratyňky ýaly paýhasyň zenhudaýy – Afina Palladaň ybadathanasyny otlajak bolup azara galmagyň zerurlygy nol.
Syrtkiseden tel-iňi sogurdyň. Barmakladyň ýüzünden. Açdyň-da, girdiň kamerasyna. Self etdiň, takmynan on-on bäş gezek. Ekrandan özüňe bakýan ot duşi çuwagyň rožasyndan iň sympatişnisini saýlap aldyň-da, ugratdyň IMO. Iberdiň Instagrama. Ýolladyň ýutuba. Okladyň, ýene-de haýsam bolsa, başga-da birtopar täterimiň teýine...
Bolany.
Seň tumşugyň taryhda.
Ony ondan aýyrmak üçinem, bozup soňuna çykyp bileniň, biline – kuwwat, eline – gaýrat, kalbyna – sabyr, beýnisine – çydam!
Emma, uruşgan pyýada, köneçil bolandanmy nämemi, munuň bilen kanagatlanmady. Öz keşbini hökman suratkeşe çekdirmegiň kül-külüne düşdi. Edil öňki imperatorlardyr patyşa-soltanlaryňky ýa-da halys bolmasa millionerleňki ýaly. Galyberse-de onuň pikiriçe, hemme zadyň “ruçnoý” ýasalany gowy bolşy ýaly, suratyňam “self” edileni däl-de, el bilen çekileni ýokary hilli bolýan bolaýmasa bolaýmyşdyk.
Gepiň küle ýeri, sorap-idäp bir nakgaşyň salgysyny tapdy. Bardy. Gepleşdi. Ylalaşdy. Dört-bäş gün onuň diken ýerinde gozganman durup, öz keşbini iň owadan rakursda şekillendirmäge ýardam berdi.
Şondan üç-dört günden soňam nakgaşyň çakylygy bilen sargyt eden örboýuna portretini almaga bardy.
Nakgaş ony uzak sadylla edip goýman, onuň öňünde dabara bilen örtgüni syrdy.
Surat.
Nähilidir birhili üçburçlyklar, dörtburçluklar, romblar...
Olaň bulam-bujar ýerleşişiniň arasyndanam adama çalymdaş haýsydyr bir mahlugyň sudury çala bildirýär. Oňam bir gözi dabanynda, beýlekisi göbeginde, burnuna derek satanynyň sepleşýän ýeri, gulagynyň biri penjesiniň ýeňsesinde, eýlekisi dyzynda...
Taryha tagma bolasy gelýän uruşgan pyýada, bu surat gözüne görünýändir öýdüp, pugta gözüni ýumdy-da, kellesini silkeledi.
Açdy.
Öňki-öňkülik.
-Bu! Näm! Me?!-diýip ol, bogazyna tegek bolan sowaly zor bilen itekleý-itekleý çykardy.
-Kubizm,-diýip äwmän-alňasaman çotgajyklaryny arassalaşdyran bolup duran nakgaş, öz-özünden ägirt uly göwnühoşluk bilen egnini gysdy:-Men şeýle görýän...
Tarp!
Degdi, gulagynyň düýbüne bir şapbyk. Oslagsyz urga süssenekläp giden nakgaş, hüžžerilip dikeldi:
-Edýäniň näme-how, seň?!
-Sen meni şeýle görýän bolsaň, gözel göwnüň! Baş üstüne!-diýip, uruşgan pyýada kibtini gysdy:-Ýöne menem seň işhakyňy, ine şeýle görýän-dä...

*Plýuralizm – bu adalga, latynça: “pluralis – köpdürli, köpsanly” diýen sözden gelip çykyp, biri-birine garaşly bolmadyk we biri-birine gabat gelmeýän birnäçe garaýyşlaryň bolmagyny aňladýar.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 130 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 5
0
2 mango   [Материал]
hekaýadaka ýakynrak başga bir bolan wakany gürrüň beripdiler.
90-njy ýyllar bolmaly.
obalarda "men palçy" diýip aýlanyp ýörýänleň bar wagty...
eline kündik alyp täret kylmaga çykan ýaşula köçeden barýan "palçy" diýýämişin:
-ýaşuly, pal atýan men. başyňda bela görünýär. pal atyp bereýin....
-eşdemok, oglum näme diýýäň?
-pal atýan diýýän. başyňda bela görünýär. pal atyp bereýin....
-gulagym agyrrak, ýakynyma gelsene, näme diýýäň...?
gelýär ýakynyna ýaşulyň.
olam elidäki kündügini inderýär "palçyň" kellesinden....
-oglanyňy "iks-iks-iks"-niň çagasy. sen öz başyňdan injek belany görüp bilýäňmi, meniň belamy görer ýaly..... ýok bol, garaňy saýla şu ýerden, gaýdybam görünäýme.....
:-)

0
3 Bagabat   [Материал]
:-) Rugsat bolsa, bu sýužeti "ogurlaýyn" bir ýerde?!

0
4 mango   [Материал]
urugsatdyr.
halkyňkyny halka bermeli.
----
hakykatdanam gowy waka. :-)

1
5 Bagabat   [Материал]
Bir topar zat goşuşdyryp bezeseň, henege ýugrup käbir çynlakaýrak pikirlerem aýtmaga laýyk waka ekeni. Sag bol.
"Dama-dama köl bolar, zat dammasa çöl bolar" diýilýäni. Hiç kimem hiç zady özünden döretmeýär. Halkdan, tebigatdan, öz durmuşymyzdan "çirtip" alýas-da, onam özümizçe "bezäp-taraşlan" bolup, ýene-de alan ýerimize gaýtarýas-da.

0
1 Revo   [Материал]
Aslynda gowy hekaýa. Ewolýusiýa bilen kadanyň biri - birine gatnaşygy ýada gapma - garşylygy. Eser hökmünde gabat gelmesemem, şu sužetdäki düşürlen kinodyr, seriallara gabat gelip görüpdim.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]