20:58
Pikir hoşalary
PIKIR HOŞALARY

Durmuşda ýalňyşlyga uçramak aňsat, ýalňyşlykdan akylly- başly baş alyp çykmak welin kyn.

* * *

Özgeleriň nädogry tarapyny aňsat görýäris, ýöne köpimiz olaryň dogry tarapyny görmegi başarmaýarys.

* * *

Öz eden gowy işimizi derrew görýäris, emma nädogry hereketimizi wagty bilen görüp bilmeýäris.

* * *

Näme üçin biz özümizdäki gowy häsiýetleri özgelerde görmäge çalyşmaýarys? Belki başgalar biziň pikir edişimizdenem gowydyr.

* * *

Adamlara kemçiligini aýdýas emma öz kemçiligimizi aýtsalar göwnümize ýaramaýar.

* * *

Sähel zat üçin zeýrenip bilýäris, emma käwagt uly zatlara şükür etmegi unudýarys.

* * *

Şonuň üçin ähli adamyň gowy taralyny görjek bolalyň, gowy pikirler, gowy gürrüňler edeliň... Şonda durmuş hasam ajaýyp görner.



Makalaň metbugat çeşmesi: " Esger" gazeti

Категория: Sözler | Просмотров: 156 | Добавил: Mahremlik | Теги: Çemen Hojamowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
5 Mahremlik   [Материал]
Ol aýdýanlarňyzm dogry

0
4 Revo   [Материал]
Gowy pikirler - gowy ideýalara, gowy ideýalar - gowy hereketlere, gowy hereketler - gowy günlere elter, ýöne, şu zynjyryň islendik bagy üzülse, arzuw arzuwlygyna, ertekiligine galar.

0
3 Revo   [Материал]
Zeýrenmek ýada nägilelik bildirmek, şol ýada başga zat bilen ylalaşmazlykdan, şükür etmek bolsa, şol ýada başga ylalaşmaýan zadymyz bilen ylalaşmaklyga synanyşmakdan ýada ylalaşmaklyga mejbur etmekden ybarat. Zeýrenmek ýada nägilelik aktiw proses, şükür etmeklik bolsa passiw proses.

0
2 Revo   [Материал]
Özgeleriň nädogry tarapyna däl, özgeleriň tarapyny görmeklik hem mümkin däl. Sebäbi biz öz gözümiz bilen görýäris we öz aňymyzyň ýeterlik aňy bilen gören zadymyzy aňymyzda aňlamana çalyşýarys. Bu bolsa özgeleri ýada özgeleriň taraplaryny dälde, özgelerde özümizi we öz taraplarymyzy görmeklige deňdir.

0
1 Revo   [Материал]
Ýalňyşlyk - bu adamlar köpçüliginiň belli bir wagt araçäkliginde özara tassyklamaýan adatlary. Ýalňyşmazlyk mümkin däl. Ýalňyşmamazlyga synanyşmaklygyň özem ýalňyşlyk.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]