21:38
Perzentlerime
PERZENTLERIME

(Perzentlerim Çemene, Sähra, Mukama bagyşlaýaryn)

Takdyrymyñ ýazan ýolundan gädip,
Günleriñ ajysyn-süýjüsin dadyp,
Barýan ömrüñ ýaryn yzyma idip,
Çemenli Sähranyñ Mukamy bilen.

Ýollaryny geçdim ol ýanyp köýmäñ,
Girdabyna düşdüm ýeñip-ýeñilmäñ,
Gadyr-gynmatyny duýdum bu dünýäñ,
Çemenli Sähranyñ Mukamy bilen.

Ajaýyp aýdymlar ýüregme dolýar,
Ýagşy arzuwlary kalbyma salýar,
Ylham içre köräp ýanasym gelýär,
Çemenli Sähranyñ Mukamy bilen.

Arzuw ganatlanýar dünýäm ýagtylýar,
Razy ykbalymdan däl men bagta zar,
Durmuşa buýsanýan, bolýan bagtyýar,
Çemenli Sähranyñ Mukamy bilen.

Çep gursakda dört bölekdir jigerim,
Perzentlerim hem-de ýarym-söwerim.
Ertirime hyjuwlanýar ýüregim,
Çemenli Sähranyñ Mukamy bilen.

Ene çagasyndan çekmese nala,
Ömür ömre meñzär, ykbal ykbala.
Taýýar soñky deme çenli gitmäge,
Çemenli Sähranyñ Mukamy bilen.

Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 561 | Добавил: Нawеran | Теги: Nartäç Ýusupdurdyýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Это я... / Goşgular - 11.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Garaňkylykdaky dessan / Goşgular - 29.01.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Туркменистан / Goşgular - 25.02.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Цветы лучше пуль / Goşgular - 02.02.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Материал]
Ene ýüreginiñ mukamy gör nähili ajaýyp...Ol hemişe perzentleri hakda saz çalyp durar eken.

0
1 Mergenowna   [Материал]
Şeýle ajaýyp şygry döredýän şahyrlara minnetdardyrys. Ýùregiñdäkileri kagyza geçirmek bagt.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]