21:29
Penjirämi urýar çynar...
PENJIRÄMI URÝAR ÇYNAR...

Azerbaýjanyñ belli şahyry Nabi Hazry azerbaýjan edebiýatyna täzelik getiren şahyrlaryñ biridir. Nabi Hazry-da türkmen şahyrlary Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew ýaly şygryýetde täzeçe pikirlenişiñ gözbaşyny açan şahyrdyr. Nabi Hazry öñki edebi akymyñ hörpüni üýtgedip, oña şygryýetiñ täze oýlanyşynyñ we pikir ýöredişiniñ çeper usullaryny girizdi. Nabi Hazry duýgulary janlandyryp, sözlere täze bir güýç, ömür berip, olary täzeçe ýañlandyrdy we okyjyny duýgular dünýäsindäki setirler bilen täze syýahata çykardy.
Nabi Hazrynyñ islendik temadaky şygyrlarynda şahyrana öwüşgin bilen birlikde täze bir çeper netijäni duýýarsyñ. Ol adaty oýlanyşy ýatlatmaýar ýa-da ýüzi görnüp duran çeper çözgüde birjik-de meñzemeýär. Ol özüniñ çuññur paýhasa, pelsepä baýlygy bilen seni haýran galdyrýar. Umumy pikiri, garaýşy, oýlanyşy has añryk süýşürýär, añda özboluşly açyş edýär. Umumylykdan anyk pikire, anyk pikirden umumy pikire tarap akymy üýtgedip, Nabi Hazry täsin çeper oýlanyşyñ üstünden barýar. Bu bolsa umumy kabul ederlik derejedäki şygryýeti orta çykarýar we ähli okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan düýpgöter çemenini döredýär. Nabi Hazrynyñ şeýle häsiýetli şygyrlary türkmen okyjylarynyñ söýüp okaýan eserleridir.

"Edebiýat we sungat" gazeti. 11.02.2011 ý.


Gyş...
Ýagyp dur daşarda gar
Hemem sowuk ýel şuwlaýar.
Bar ýer ak don geýýär birden.
Penjirämi urýar çynar,
Diýýär çynar:
- Goýber öýe,
Üşäpdirin, ýylnaýyn men!

Tomus...
Howa howur alýar,
Jaýlañ icem gyzýar, ýanýar.
Ot sowrulýar ähli ýerden.
Penjirämi urýar çynar,
Diýýär çynar:
- Çyk, dynjyñ al,
Meñ salkynjak kölgämde sen!

Terjime eden: Italmaz NURYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Haweran | Теги: Nabi Hazry | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Eje / Goşgular - 15.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Howwa.Menem goşgunyñ çuñlugyny haladym.

0
1 Yusup   [Материал]
Goshga dushunemok, yone shu goshgyny haladym. Ajayyp. Gocme manysy oylandyryar. Gynandyryan yeri meninkiden bashga teswir yok.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]