18:31
Penjirämden görünýär...
PENJIRÄMDEN GÖRÜNÝÄR...

Penjirämden görünýär:
Baglar, jaýlar, alakalar,
goňşular, goňşy däller,
goňşusyraýanlar...
Görünenok ýalňyz çatma,
Oňa derek gol salgaýar
Ýaglyk bürenen garantga.
Dury suw damýar krantdan.
Goňşa barýan ýol batga.
Goňurja ýatyr hyňranyp
Dilleri pakga-pakga.
Özüme diýýän: "Eý, pekge!
Kimler penjireden baksa,
Kimler penjirä aňkarar."
Hiç zat diýemok özüme.
Penjirämden görünip dur:
Baglar, jaýlar, alakalar...

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021
Uçýarmyşym diýýärin... / Goşgular - 11.03.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Aksary   [Материал]
Alakalar doñdurlanmy...soñky iki setiriñde goñşylar,goñşy däller,goñşysyraýanlar terk eden ýaly.
Haýsy tarap dury suw bilen batgalady barylýan yoly.

Suraý hanym üstünlik.pikirlenip ýörmeli etdiñ

0
2 Alaýabyly   [Материал]
...

0
1 mango   [Материал]
ne gözel goşgyň deňinden geçip, eýýäm näçe gün bäri ganhorlaň jedeline girýärler.
Suraý hanym, berekella.
çep eliň bilen ýazylan ýalyjak goşgy.
hany ýene bir goşgyňy okaly... täzesinden.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]