01:55
Pelwerdiñ tallary
PELWERDIÑ TALLARY

Pelwerdiñ tallary belentdir-belent,
Muña "hawa"diýer Pelwerde belet.
Şol tallañ astynda ýürek ýitirdim,
Tapdy Pelwertli gyz, sil tutmady bent.
Pelwerdiñ tallary belentdir-belent.

Pelwerdiñ tallary görner uzakdan,
Bihabar entedim söýgi duzakdan.
Pelwertli gyz göwher monjuk ýitirdi,
Tapyp berdim ýüküm ýetdi güzapdan.
Pelwerdiñ tallary görner uzakdan.

Pelwerdiñ tallary durandyr hatar,
Şol tallaryñ aşagynda gün batar,
Aý ýagty, dört setir gazal ýitirdim,
Tapdy gyz enesi, neneñ dañ atar!
Pelwerdiñ tallary durandyr hatar.

Iki şarpyk çaldy ene gyzyna,
Degme diýip, tallar epdi dyzyny
"Iki şarpyk dört setire az ene!"
Pelwertli gyz ýene tutdy ýüzüni
Degme diýip tallar epdi dyzyny.

Ýyllar ötdi,tallañ baryn çapdylar,
(O tallar neneñsi döwre bapdylar.)
Şo tallañ astynda reñki öçmedik,
Goşa şarpyk bilen şygyr tapdylar.
Ýyllar ötdi, tallañ baryn çapdylar.

Ýyllar ötdi, tallañ baryn çapdylar.
Emma çapmañ diýip kän sargapdylar.
Şo tallañ astynda ýylsy gitmedik,
Lowlap duran goşa közi tapdylar,
Söýgi, söýgi diýen, sözi tapdylar.

Ökdem EMINOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Aksary | Теги: Ökdem Eminow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Geläýjek ýaly / Goşgular - 29.05.2021
Bagyşlaň meni! / Goşgular - 21.02.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Встречал... / Goşgular - 16.04.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Daragt / Goşgular - 10.02.2021
Biz sataşdyk / Goşgular - 08.02.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]