17:04
Pelsepe / goşgular

PELSEPE

Gazap donun geýen wagtymyz ykbal,
Göräýmäge heder edäýjek ýaly.
Men bolsa şo-ol oňa sygynyp ýörün,
Göýä bagtym elden gidäýjek ýaly.

Gorkaklykmy, muňa näme diýse bor,
Bagt diýeniň bizlik bolmaz mydama,
Kämahal şeýle bir bagty küýseýän,
Kaýyl bolup ýörsemem bir mydara.

Gorap ýörmelem-ä bolar ol bagty,
Degäýmesin diýip adamlaň gözi.
Ýöne maňa bir zat aýdyp berdiler,
Zyýatmyş bagtdanam şahyryň sözi.

Şoň üçin öňümden bir şahyr çyksa,
Bagtyma duşan deý begenýän juda.
Her kim bagtyň keşbin bir zatda görýär,
Hiç adam bagtyndan düşmesin jyda!

Men şeýle düşünýän: biz bagtlykagam,
Onuň bagtdygyny duýup bilmeýäs.
Şol sebäplem ömrümiziň soňuna
çenli ondan ganyp-doýup bilmeýäs.

* * *

Şo-ol günleriň dolanaryn isleýän
Bolsamam,
ýüregim daş deýin agyr.
Garaşmakdan halys saralan bende,
Hatda özüne-de dilemez sabyr.

Ýaşyl don geýiner ýalaňaç baglar,
Gyş öz ornuny ýaza beren çagy.
Ol-a dostum eken,
hiç bir kimsäni,
Howsala salmasyn gözümiň çygy.

...Kalba juwanlygyň gül ysyn sepip,
Kim islänok dolanaryn günleriň?!
«Garaşmakdan ýadadym» diýp kemşersem,
Sabrym,
ýene kanagaty berginiň !

• ÝITMEK ÜÇIN GELINMEÝÄR

Men bir yşkymyň ýesiri, hiç kimsäge ýok gargyşym,
Artyk şatlyk, gussamam ýok, goşgulam ýalňyz syrdaşym,
Eser ýazýas, ýöne welin, goly galamly gardaşym,
Şygryýetiň dünýäsine gitmek üçin gelinmeýär.

Aglaýaňmy, agla janym, köşeşýänçäň diňmek bolmaz,
Baharsyň sen, garlar kibi ere-de git, doňmak bolmaz,
Bakma dymyp ýörenime, beýdip dymmak, dymmak bolmaz,
Şygryýetiň dünýäsine ýitmek üçin gelinmeýär...

• NAGMALAR

Men bu ýere gül ýygmaga gelmedim,
Geldim synlamaga güýzüň keşbini.
Ýüreklere ylham, giňlik paýlanýan,
Aldyka ol nireden bu keşbini?!

Sary ýapraklaryn topraga düşäp,
Süýji gussa çekmesi bar baglaryň.
Söýgüsini başa täç edip ýörün,
Ýaşadyp ýör meni seniň barlygyň.

Saňa söýgim güýzde dowamat tapýar,
Umyt bilen bakyp goja daglara.
Maňa gamgyn aýdymlary aýtdyryp,
Indi meniň ýüregimi daglama!

Bu güýzden şeýle bir ylham alýaryn,
Aram tapýar onda meniň ýüregim,
Söýgiň ylham, gudratdygna ynanyp,
Aman ýaşap ýörmegiňdir dilegim.

...Men bu ýere gül ýygmaga gelmedim,
Geldim güýze aşyk bolup, guwanyp.
Süýji gussa, sarylyga garylyp,
Şygyrlarym gider otyr gürelip.

Sary ýapraklardan seri sämedip,
Rahat gezip ýörenleri geňledim.
Şadyýanam däldim, juda bir, çünki
Men bu ýere gül ýygmaga gelmedim.

* * *

Ne mähir duýular kalby darlardan?!
Gyşda-da gül ysy geler baglardan,
Synlap inişini belent daglardan,
Men arzuw edýärdim bürgüt bolmagy.

Şu toprakdyr seni, meni ekleýän,
Güne bakyp ýatybersin ekmeýän,
Ýagyş ýagýar,
synlap — arzuw etmeýän
barmyka, heý, babam Burkut bolmagy.

Ýazan ýazsyn, diýsin: «Almaň siz öňün»,
Akyl adam ilki görermiş öňün,
Özüm bolup ýaşap ýörün men,
onuň
iň bir gowy zatdyr — ýazgyt bolmagy.

• MAŇLAÝYMDAN GÖRERIN

Baýlyk nedir, goý, kalbymyz baýasyn!
Ynsan hergiz gama dözmez balasyn,
Şatlansamam, gamlansamam, barysyn,
Iki barmak maňlaýymdan görerin.

Perýat çekmen, hatarymdan ga:lsamam,
Pikrim jem bor, duýgularmy garsamam,
Büdresemem, ýykylsamam, galsamam,
Iki barmak maňlaýymdan görerin.

Ýagyş ýagdy, görüň, gögi «gürledip»,
Ylham geler, bu serimi güňledip,
Söz bossanyn bilmesemem gülledip,
Iki barmak maňlaýymdan görerin.

Beýle gedem däldirin men, ýogsa-da,
Doňýan käte, kalbymda Gün dogsa-da,
Başym sämäp, paltam daşa degse-de,
Iki barmak maňlaýymdan görerin.

Asmana uçuryp göwün guşumy,
Şükür, Allam boş goýmady daşymy,
Durmuş mydam sypap durmaz başymy,
Iki barmak maňlaýymdan görerin.

* * *

Sen hakynda entek hiç zat bilemok,
Kim sen — meniň üçin bu hem nämälim.
Aýdylşy deý, diňe hakykat gerek,
Bolmaklygy üçin kä zatlaň mälim.

Şonuň üçin şu ömrümde, şükrüm kän,
Hakykaty gizlejegem bolmadym.
Bagtymy,
yşkymy,
şatlyk,
gülkimi,
Uzak ýerden gözlejegem bolmadym.

...Kim sen — sowallygna galsa-da bolýa,
Ýöne kimligimiz bilinse ýagşy.
Ynsana hut dünýä inen gününden,
Iň ýagşy gylyklar berilse ýagşy.

• ESLI ÝAŞA ÝETEN WAGTYŇ

Ýaşadýan zat ýürek eken,
Ynamlaryň kürek eken,
Ogul hem gyz gerek eken,
Esli ýaşa ýeten wagtyň.

Aýaz ýüzüň ýalar eken,
Ýöne sözüň ýörär eken,
Rahatlyk çoh ýarar eken,
Esli ýaşa ýeten wagtyň.

Ömür ýolňa güller biten,
Her bir günüň gadyr eken,
Bilden kuwwat gider eken,
Esli ýaşa ýeten wagtyň.

Sen - ol şu gün, düýnüň eken,
Söýýän zadyň diniň eken,
Iň süýji zat duluň eken,
Esli ýaşa ýeten wagtyň.

* * *

Nämäň yşkynda, gör, men,
Baglar deý şaham gür meň,
Dünýä ýaňadan gelmen,
Ynjylarym, ynjamaň!

Bagty idäsim gelýär,
Ýazyp ýadasym gelýär,
Meniň ýaşasym gelýär,
Ynjylarym, ynjaman!

Har eýlemen könämi,
Bir görsedim käbämi,
Ýeňip öýke-kinämi,
Ynjylarym, ynjalýan.

Gerek zat — ynsana erk,
Myhman bize görmek-görk,
Etmeseňiz meni terk,
Ynjylarym, ynjaýan.

• ÝADA SALSAM

Barýan, eý-how, yranyp men,
Söýýän seni uýalyp men,
Göge çenli uzalyp men
gidýän, seni ýada salsam.

Bir owaz gelse bakydan,
Süňňüm halas bor gorkudan,
Yşkymy oýaryp ukudan
ýanýan, kalby oda salsam.

Ýaşaýan kä Meňli bolup,
Bir biçäräň meýli bolup,
Tä daňa çen Leýli bolup
ýazýan, Arş-u-Göge galsam.

Meni käte geňlärsiň sen,
Guş dilinde gürlärsiň sen,
Şu yşkymdan güllärsiň sen,
Ajap şygyr — oda ýazsam.

• YKBALYM

Soramaň entek ýaşymy,
Sil etmen gözde ýaşymy,
Çytmandym saňa gaşymy,
Ykbalym, gözel ykbalym,
Ganatsyň maňa, ykbalym!

Dost tutundym golaý-daşdan,
Gaty bolup bolmaz da:şdan,
Ne külpetler geçdi başdan,
Ykbalym, gözel ykbalym,
Şaýatsyň muňa, ykbalym!

Duýgularym üzülmişdir,
Gara gözlem süzülmişdir,
Sözler jandan syzylmyşdyr,
Ykbalym, gözel ykbalym,
Halatsyň maňa, ykbalym!

Ajy dil bir bela bolar,
Ýagşy, çyn dost pena bolar,
Dogalardan bina bolan,
Ykbalym, gözel ykbalym,
Halatsyň maňa, ykbalym!

Galmaryn men hiç wagt ýeke,
Tabşyransyň çünki Haka,
Meniň üçin bolma hapa,
Ykbalym, gözel ykbalym,
Gyratsyň maňa, ykbalym!

• ÖWÜT

Dünýä, senden doýup bilmen,
Ýagyş bolsam diňip bilmen,
«Aglamadym» diýip bilmen,
Gözlerim, razy bolgunyň!

Ürküzmez sizi tozanym,
Ýatda ýok ara bozanym,
Az däldir ýazyp-pozanym,
Sözlerim, razy bolgunyň!
YŞK

Bagş etsemem kelamymy,
Ýitirdim öz kenarymy,
Alyp elden kararymy,
Ne günlere düşürdiň, yşk?!

Nirede sen, eý, akyl-huş?!
Doňup galdy gözümde ýaş,
Söýgi magşuk kalbynda joş,
Ne günlere düşürdiň, yşk?!

Söýgi gelse wagtyn peýläp,
Bolmaz başga ýoly saýlap,
Yzyňda ser-sepil eýläp,
Ne günlere düşürdiň, yşk?!

Tylla Günem gitmez batyp,
Gezmesem bor yraň atyp,
Bir-de suwa, oda atyp,
Ne günlere düşürdiň, yşk?!

Salgymlara maýyl edip,
Dert çekmä hem kaýyl edip,
Gezip ýören saýyl edip,
Ne günlere düşürdiň, yşk?!

• ALDAP ÝAŞAMA!

Ýadygär galar ýazanyň,
Ýoly başgadyr ýamanyň,
Alyna gidip ýalanyň,
Özüňi aldap ýaşama!

Bakma dünýä gorky bilen,
Haýran etmiş görki bilen,
Ömri bezäp gülki bilen,
Dünýäde aglap ýaşama!

Dura-bara ýerlärsiň sen,
Içiň döküp, ýeňlärsiň sen,
Şemal ýa-da ýel dälsiň sen,
Howada galgap ýaşama!

* * *

Guşlar saýran wagty säher,
Bolmaz bizde artyk gahar,
Ynha, indi geldi bahar,
Açylyň güller, güller-ä!

Haýran adamlaň käsine,
Gülmäň, synamyň köstüne,
Aşygam men gül ysyna,
Gül ysyn getiriň, ýeller-ä!

• KESÄ ÇEKMÄŇ!

Çyn dost elden çekip durar,
Ýagşy mähre ýakyp durar,
Ýüregimden çykyp duran,
Sözlerimi kesä çekmäň!

Gidibermen — öwrüp ýüzi,
Täji saýmyş göwre ýüzi,
Ýokdur olaň çöwre ýüzi,
Sözlerimi kesä çekmäň!

Ulaşmaryn baýlyk pula,
Durmuşda kä bolar hile,
Çalyşmaryn hiç bir huna —
Sözlerimi kesä çekmäň!

Ogultäç ORAZTAGANOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]