10:21
Pederim
PEDERIM

Göwnüñ ýukalypdyr çaga mysaly,
Şonda-da, dag deýin, arkamda berk sen.
Baranymda didaryñy küýsegläp,
Kaka, kalbyma hem öýüñe görk sen.

Biraz ýegşeripdir, durmuş ýükünden,
Arkalaryñ, çaga wagtym hopbalan.
Çaga wagtym diýen bolýanam welin,
Indi berin ýük däldir-ä, balalañ.

Herimiz bir öýde gitsegem örñäp,
Ýagyrnyña ýa henizem ünjümi?
Abraý bilen ak ýollara ataran,
Ýa gyzlaryñ, señ bowrüñe sanjymy?

Şeýle ünji saña dert berýän bolsa,
Zyñ ünjüni, arkaýyn bol pederim.
Başyñ egilmegne, ýol bermen asla,
Gyzlaryñdan, bolmasyn hiç hederiñ.

Asyp boýna, abraý atly heýkeli,
Şonuñ bilen, höwür bolup giderin,
Ýaz gerdeniñ, dik tut başyñ hemişe,
Doglanymda, bagt saýan Pederim...





Категория: Goşgular | Просмотров: 594 | Добавил: Adalat19 | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýyl / Goşgular - 04.01.2022
Premýera / Goşgular - 18.01.2022
Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022
Ejeme hat / Goşgular - 23.02.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Как падший ангел / Goşgular - 04.02.2022
Bagtly boldum / Goşgular - 20.02.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Gysga şygyrlar / Goşgular - 27.02.2022
Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Ayka   [Материал]
Gowy gosgy

0
1 jumagylyjovao   [Материал]
Gyzylgül Annagylyjowanyň goşgularynyň birini alyp, birini goýar ýaly däl.Hemmesi gowy çykýar.Şu adamyň ýüreginde ýiti ýagtylyk bar ýaly duýulýar.Bu ýagtylygy hiç haçan gidirmeginiň. Üstünlik hemraň bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]