16:57
Paýtagt
PAÝTAGT

Parhy ýok bu ýurduñ haýsy ýerinde
doglanam bolsañ,
Bu ýere durmuşa çykyp gelen gyz
Ýa okuwa gelen oglanam bolsañ.

Indi sen paýtagtyñ bir bölegisiñ,
Onuñ bilen bagly şatlygyñ, bagtyñ.
Bu taýa öwrenşip gidersiñ basym,
Sen hem raýatysyñ bitewi halkyñ.

Paýtagtym - bu ýurduñ ýüregi bolsa,
Welaýatlar oña barýan damardyr.
Meselem, men Mary Gökje obasynda
doglup,
göbek ganym şonda damandyr.

Barybir men indi paýtagta örkün
örkläp,
gol ýaýradan daragt mysaly
ösüp, bu şäherde ýaşaýan erkin,
Ýürekde besläp müñ arzuw-hyýaly.

Paýtagty - uly ýurduñ raýatlaryn
Öz goýnunda jemläp,
merkezleşdirýär.
Dünýä ýaýrap giden türkmenleñ baryn
Ol aýra tutanok,
Ol birleşdirýär.

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

"Garagum" žurnaly, 5 / 2016 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 4.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Ýazlaryñ ýurdy / Goşgular - 01.06.2021
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Penjiräňi aç / Goşgular - 16.03.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Söýgi perisiniñ haty / Goşgular - 09.02.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]