14:24
Patyşa tarapyndan aýaly elinden alynmak islenensoñ, adyna deýýus goýlan osmanly paşasynyñ kyssasy
PATYŞA TARAPYNDAN AÝALY ELINDEN ALYNMAK ISLENENSOÑ, ADYNA DEÝÝUS GOÝLAN OSMANLY PAŞASYNYÑ KYSSASY

Dünýä taryhynyñ iñ uly imperiýalarynyñ biri bolan Osmanlynyñ şanly ýeñişleriniñ sanyçarak, onuñ gurlan wagtyndan ýykylan wagtyna çenli döwürde eýýam açyp eýýam ýapandan soñam döwrüñ talaplaryna bap gelmeýän, kada-kanunlara, kowahada sygmaýan gabahatlyklary edendigi mälim. Añyrsy-bärsi görünmeýän osmanly taryhynda şeýle bir ownuk hadysalar bolup geçipdir welin, bular pynhan gürrüñler ýaly bolup görünse-de, soltanlyga, hatda döwlete ýiti täsir edipdir. Biziñ gürrüñ berjek hekaýatymyzam öz serkerdesiniñ aýalyna hyrydar çykan Soltan Ybraýym hakda.
1648-nji ýylda gojaman imperiýa birgiden meseleler bilen gidişýärdi.
Tagtda-da "Monjukly Däli Ybraýym" lakamly Soltan Ybraýym II bardy.
Imperiýa kem-kemden öñki eýelän ýerlerini we at-abraýyny elden giderýärdi, Anadolyda bir gozgalañ ýatyrylmanka, ýene biri orta çykýardy we döwletiñ altyn asyrynda dillere dessan bolan hazyna borram boşdy.
Salgytlar wagtynda ýygnalmandygy üçin häkimler we beýleki döwlet işgärleri usullyk bilen özbaşlaryna (özleri üçin) salgyt toplamaga başlapdyr, köşkde bolsa isripçilik we zowky-sapa ýetjek derejesine ýetipdir.
Şol ýyllaryñ modasy samyr (sobol) possunlary we samyr halylary edinmek köşk aristokratiýasynyñ ählisiniñ jynyna düşüpdi, emma munuñ maddy çykdajysyny hiç kim oýlanokdy.
Köşkde ýagdaý şeýledi... Siwasda ýüze çykan bir waka bolsa bar zady bulaşdyrmaga ýeterlik boldy. Siwasa gelen köşk işgäri häkim Warwar Aly paşadan 30 müñ teññe "sowalga" bermegi talap etdi.
Şol döwürleriñ häkimleri patyşalara "harçlyk" bermäge borçludylar. Emma häkim soñky jogabyny berdi: "Siwasyñ ýeke teññesi ýok! Men bu puly nireden alyp bermeli? Ýol kesip, galtamanlyk edip halkyñ puluny talaýynmy?"
Bu jogapdan soñ köşk işgäri Siwasdan çykyp gidenem bolsa, başga bir işgär başga bir talap bilen geldi.
Anadolynyñ belli serkerdelerinden Ibşir paşanyñ aýalynyñ çakdanaşa owadanlygynyñ at-owazasy hökümdaryñ gulagyna ýetipdi. Soltan Ybraýym "Ibşiriñ aýaly gyssagly maña iberilsin!" diýip perman ugradýar.
Perman ýokardan...
Emma Warwar Aly paşa "Eý-ho, men näme sutonýormy? Bir musulman adamyñ nikaly aýalyny elinden alyp, patyşa bolanda-da bir haramzadanyñ eline nädip bereýin?" diýýär.
Soñra köşkden gelen işgärleri masgaralap kowýar we adamlaryny daşyna jemläp aýaga galýar.
Bu topalañ köşgi sarsgyna salýar. Soltan Ybraýym Warwar Aly paşanyñ gozgalañyny basyp ýatyrmak üçin kimi ýolbaşçy bellänini bilýäñizmi?.. Aýalyna göz dikilen Ibşir paşany!
Ibşir paşa öz aýalyny bermejek bolup aýaga galan Warwar Aly paşanyñ kellesini almak üçin Siwasa tarap gaýdýar.
Ibşir paşa topalañçy Warwar Aly paşany Tokatyñ golaýynda gabawa düşürip, ele salýar. Ibşir paşa ony jelladyñ eline beren pursaty Aly paşanyñ şu sözleri ýañlanýar:
- Eşek, men-ä señ heleýiñ namysyny gorajak bolup gozgalañ turuzdym! Seniñ ýaly haramzadany meniñ üstüme musallat etmeleriniñ sebäbi şunda, bileñokmy şony? Men Allanyñ emrine garşy çykman, señ namysyñy gorandygym üçin ganyma galjakmy, binamys?!.
Patyşanyñ permanyny öz namysyndan we buýsanjyndan ýokarda gören Ibşir paşa bu söze biraz aljyran ýaly bolsa-da, Warwar Aly paşanyñ janyny şol duran ýerinde alýar.
Bu wakadan soñ Ibşir paşa "wepalylygy" üçin baş wezirlik wezipesine bellenenem bolsa, halk arasynda onuñ lakamy "Deýýusy-ekber"* bolup galýar.

Myrat BARDAKÇY.

*Deýýusy-ekber - iñ uly deýýus.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 116 | Добавил: Gökböri | Теги: Myrat Bardakçy | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 4
0
2 mango   [Материал]
Tahtta da Boncuklu Deli İbrahim lakaplı Sultan 1. İbrahim vardı.
Tagtda-da "Monjukly Däli Ybraýym" lakamly Soltan Ybraýym II bardy.
—-
Şujagaz sözlemde “Soltan Ybraýym I” diýip düzedip göýber. :-)

0
3 Gökböri   [Материал]
)

0
4 Tumarly   [Материал]
Süreç -ağırlıklı ve kaynak -odaklı ve kuralcı kavramlar çerçevesinde yapılan çevri eleştirisinde, eleştirmen çevri gerçekleriyle hiç bir bağı olmayan eleştirel görüşlerini ve beğenisini âdeta çevride ulaşılması mümkün ve değişmez özellik gösteren bir düzey varmışcasına sunmakta olduğunu Mango Beye biri hatırlatması lazım.
Çevrilen metinde eşdeğerlilik veya yakınlık varsa;  bunu yokmuşcasına bel altı vurup illaki hata bulucam kaygısıyla yola çıkmak birine tavsiye vermek olarak değerlendirilemez.
Diller arası eşdeğerlilik kavramından bihaber değillerdir inşallah...
Çevirmenin dilsel tercihi diye de bir şey var.
Esas olan konuya egemen oluşu önemlidir çevirmenin. Ana manasından uzaklaşmamışsa sorun teşkil etmez.
Hayrat ki hayret. Cehaletin bu kadarına pes... Daha söylenecek çok şey var. Edebim izin vermiyor.

0
1 Gökböri   [Материал]

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]