13:01
Partizanyñ ýatlamasy
PARTIZANYÑ ÝATLAMASY

Ýaşyl tokaýlar,
Ýaşyl tokaýlar.
Siñip gitsem siziñ ýaşyllygyñyza!
Indi hemişeki ýigitligmiz ýok,
Indi şek-şübhe ýok ýaşulydygmyza.

Ýaşlyk ýyllarymyz şo tokaýlarda
Gömüpdik biz urşy, gömdük ebedi.
...Aýlandym şol ýere geçen baharda,
Awtomatly däl-de elim sebetli.

Tokaýyñ yslyja otlarny tapdym,
Kömelek çöpledim hem gül çöpledim.
Sypap goja berýozalañ tellerin,
Urşy ýatlap öz ýanymdan gepledim.

Görüpdim ok Deven ak berýozalañ
Edil ýaş gelin deý aglap durşuny.
Görendir tokaýlar alyp gidişin
Çynar ýigitleri gyzgyn gurşunyñ.

Söweşipdi munda biziñ otrýad
Mitýa, Iwan, Ergeş hem-de Alekber...
Ýene ençe ýigit. Onsoñ ýedi gyz -
Ýylmansalar - hüýr periler, melekler.
Ýöne sypanyşyp ýörmezdi gyzlar,
Oturmazdy dyrnaklaryn hynalap.
Gidip-gelerdiler aýazly gije
Olar duşman ýollaryny minalap.

Ýardyk köprülerni, ýardyk ýollaryn,
Ýardyk ştablaryn hem-de tyllaryn.
Biziñ otrýadyñ ýazan sahaby
Galypdyr gatynda uzak ýyllaryñ.

Söweşdeş ýoldaşlam - doganlarym meñ,
Bilýän şu tokaýda galypdyr baky.
Olañ biri ýolka bolup ösdümi,
Sosna öwrüldini ildeşim Baky?!

Berýozalañ biri Nataşamykan?!
Galypdyrlar munda juda ýaşlygna.
Ýaşyl tokaýlarym,
Ýaşyl tokaýlar.
...Siñip gitsem siziñ ýaşyllygyñyza!

Şadurdy ÇARYGULYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Haweran | Теги: Şadurdy Çarygulyýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Как высказать себя в любви?.. / Goşgular - 02.02.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Самоубийство / Goşgular - 21.02.2022
Монгольская степь / Goşgular - 04.02.2022
Söz bar, goldaw ýok! / Goşgular - 27.02.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Ironiýa / Goşgular - 29.01.2022
Песнь любви / Goşgular - 18.01.2022
Выходец из могилы / Goşgular - 26.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]