16:26
Papak hem-de begres şlýapa hakynda
PAPAK HEM-DE BEGRES ŞLÝAPA HAKYNDA

Men bir ýönekeý proletar şahyr,
Mäkäm nerwlerim,
Muskullarym hem.
Men çykamda il içine,
Işçi papajygym başymda her dem,
Men ony hepdede alty gün geýýän.
(Polisiýanyñ penjesine düşmesem),
Ýedinji gün bolsa
Seýle gidenimde söýgülim bilen
Ýalñyz şlýapamy geýýän diñe şonda Men
Näme üçin ýok meniñ iki şlýapam?
Näme üçindir öýdýäñ,
Jogap ber, şepäm!
Belki, men ýaltadyryn?
Ýok!
Elim ölçegli 12 sagatlap,
Her günde 720 minut
Gidýär ähli güýjüm galyndysyz sap
Ýuwdarha dek agyr bu zähmete hut!
Belki, men hiç zada düşmeýän nadan?
Ýalan!
Gaýtam begiñ özi gömük bir merman.
Belki, men akmak?
Ýok, ýok!
Edip hem oturma onuñ deýin çak.
Belki, men gijeler sähere çenli
Sermest bolup meýhanada oturýan?
Ýok-la, ýok!
Beýle zatlaryñ hemmejesi biderek.
Muña, dostum, ýalñyz dogry jogap bar:
Men proletar!
Dostum,
Men bir proletar!
Emma bolar meniñ iki şlýapam,
Diñe bir ikem däl,
Ýigrimi million şlýapam bar, şepäm,
Hemme, her dürli kethudalara
Garşy aýaga galyp,
Ähli proletaryñ birleşen güni
Barymyz deñ basyp, ýöräris göni,
Bütin planetañ stanoklarna
Men, biz, olar,
Bolaryn, bolarys, eýe bolarlar
Hemme zady baky ele alarlar.
Bu bir gezek hem-de baky bor hökman,
Bular bu dünýäde hiç zada bakman,
Bolar bigüman!

Nazym HIKMET.

Terjime eden: Ata ATAJANOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nazym Hikmet | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Biz hakda / Goşgular - 08.02.2021
Seniñ dünýäñ / Goşgular - 22.02.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Perwana / Goşgular - 11.02.2021
Eger-de / Goşgular - 16.04.2021
"Alyslardan alyslarda galan ýar" / Goşgular - 08.02.2021
Huşsuz nazarym / Goşgular - 12.02.2021
Obamyzdan urşa giden ýigitler / Goşgular - 08.04.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]