14:19
Päk wyždan hakynda hekaýat
PÄK WYŽDAN HAKYNDA HEKAÝAT

Durmuşy ýatladyp jadyly düýşi,
Ýaşapdyr bir zaman bir halal kişi.

Ömründe duşupdyr kän baýlyk, altyn,
Ýöne ol hakyny iýmändir halkyň.

Päk ýüregi çalyp bir täsin mukam,
Halal haky bilen oňupdyr mydam.

Düzüw saklapdyr ol niýet-pälini,
Düşmändir şeýtanyň hile-alyna.

Bir bolşuny saklap ýaşan ol kişi,
Başy aman, rowaç alypdyr işi.

Zandy, kalp ýüregi bolansoň oňat,
Hemme kişi oňa goýupdyr hormat.

Ile kän ýagşylyk eden ömründe,
At-abraýly bolup ýaşan döwründe.

Päk wyždany etseň mydam başa täç,
Ýollaryň ak bolar, işleriň rowaç.

Eziz YKBAL.
Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eziz Ykbal | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]