21:08
Özüne "Hudaýyñ saýasy" adyny beren Ryza şanyñ soñky günleri
ÖZÜNE "HUDAÝYÑ SAÝASY" ADYNY BEREN RYZA ŞANYÑ SOÑKY GÜNLERI

Muhammet Ryza şa mundan beýläk köşgünde-de arkaýynlyk bolmajagyna we häkimiýetini doly elden giderendigine göz ýetirdi. Gerekli taýýarlygyny görüp, ýurtdan çykdy. Enwer Sedatyñ çagyrmagy bilen Kaire geldi we 1980-nji ýylyñ 27-nji iýulynda şol ýerde aradan çykdy.

Iýul aýynyñ soñky günlerinde Kairiñ jokrama yssysynyñ astynda Näbelli esgeriñ hormatyna gurlan ýadygärligiñ töweregine daşy gorag gwardiýaly bezemen geýnen bir aýal gelýär.
Sessiz-sedasyz bir guburyñ başyna baryp, aýat-töwir edenden soñam ol ýerden daşlaşýar.
Hiç kim bilen gepleşmeýän we her ýyl bu seremoniýany sypdyrman ýerine ýetirip gelýän bu aýal birmahallar Ýakyn Gündogaryñ dilinden düşmeýän melike Farah Pehlewiden başga hiç kim däl.
Zyýarat edilýän gubur bolsa Eýranyñ tagtyndan agdarylan lideri we adamsy Muhammet Ryza şanyñ gubury.
Farah şol haý-haýly günleriñ iñ ýakyn şaýadydy.
Özüne dakan atlaryna görä "Şalaryñ şasy", "Arianalaryñ ýalkymy", "Hudaýyñ saýasy", "Şaýylaryñ arkadagy Şa Ryza Pehlewi" şol gün irden hemişekisi ýaly ir oýanypdy.
Öýüñ hyzmatkäri şanyñ tost çöregini, pyrtykal suwuny, gazetleri we kontrrazwedkanyñ habarnamasyny getiripdi.
Kommunizme garşy göreş, döwlet agdarlyşygyna bolan synanşyklar, bol-elinlik we ýewropapisint durmuş... Ryza şa uzak wagta çeken häkimiýeti döwründe eý görüp içen pyrtykal suwuny iñ soñky gezek başyna çekipdi...
Farahyñ guburyñ başynda pikire çümen zatlary şular bolup bilermi?
Şanyñ hezil günleriniñ 1979-njy ýylda soñy geldi, "jennet patyşalygy" ýer bilen ýegsan bolup, modern Eýran taryh sahnasyndan çekilipdi.
Bular elbetde, şa maşgalasynyñ gözünden seredende görünýän zatlar. SAVAK-yñ ganyna galan san-sajaksyz bigünä eýranlynyñ eneleriniñ başlan demonstrasiýasy şanyñ ynjalygyny gaçyran iñ esasy sebäp bolan bolmagy mümkin.
1919-njy ýylda dünýä inen we 1941-nji ýylda eýran tagtyny eýelän Ryza Pehlewiniñ kyssasyny has ýakyndan bilmek üçin 1949-njy ýylyñ 4-nji fewralyna dolanyp barmagymyz gerek.

• Tähran uniwersitetinde bolup geçen kast edişlige synanşyk

1949-njy ýylyñ 4-nji fewralynda Tähran uniwersitetiniñ aýratyn myhmany bardy. Ol myhman ýurtda syýasy güýjüni doly diýen ýaly ýitiren we tagtyñ simwoliki wekili bolup galan eýran şasy Muhammet Ryzady.
Muhammet Ryza 1941-nji ýylda sürgüne ugradylan kakasynyñ ýerine tagta oturan gününden bäri ruslar bilen iñlisleriñ arasynda deñagramlylygy saklamaga jan edip tagtyny goraýan, içerki syýasatda bolsa pitiwa edilmeýän pes abraýly şady.
Bu ýagdaý 4-nji fewral güni Tähran uniwersitetine edilen saparda düýbünden başga tarapa üýtgedi.
Tähran uniwersitetinde Muhammet Ryza şanyñ çykyp geplän pursatynda eşdilen ok sesleri okuw jaýynyñ zallarynda ber-başagaýlyga sebäp boldy.
Naser Hüseýin Mir Fakhraei atly ýaş ýigit Ryzany nyşanalap bäş gezek mäşäni gysyp, ony ýüzünden ýaralapdy.
Şanyñ goragçylarynyñ garşylyklaýyn ot açyşy bilen Naser Hüseýin Mir Fakhraei duran ýerinde öldürilipdi, emma jenaýatçynyñ ýany barlananda "Feryad-ı Millet", "Perçom-i İslam" gazetlerine degişli iki žurnalistiñ karty tapylypdy.
Muhammet Ryza bu synanşykdan soñ döwlet dolandyryşynyñ ryçaglaryny eline alyp, ýurduñ iñ uly syýasy partiýalaryndan Tudeh partiýasyny kast edişligiñ añyrsyndaky esasy güýç hasaplap, partiýany ýapdyrdy we onuñ syýasy wekillerini türmä atdyrdy.
Yzyndan şol ýyl Angliýa giden Ryza şa iñlislerden Eýranyñ Konstitusiýasyny täzeden işläp düzmek üçin rugsat sorady we olardan rugsat abandon soñ ýurduna dolanyp, şalyk düzgününi boýdan-başa tertibe saldy.
Ýaragly Güýçleriñ goldawyna-da arkalanýan Muhammet Ryza ýurtda gözegçiligi mazaly eline almagy üpjün edýän üýtgeşmeleri girizipdi.
Mundan soñ Ryza şa mejlisi ýatyryp we gönüden-göni öz bellän agzalaryndan ybarat senat döredip bilýärdi.
Şalygyñ binýadynda gurlan senatorlygyñ birinji etmeli işi: hökümdara "Kebir" titulyny berip, döwlet apparatyndaky ornuny güýçlendirmekdi.
Şanyñ barha artýan beýgelişine bolsa ondan öñki Gajar hanedanlygynyñ ak ýürekli wekili bolan premýer-ministr Muhammet Musaddyk tarapyndan böwet basylmalydy.
Musaddyk şanyñ ýurdy hamana Günbatara peşgeş beren işlerine garşy "Milli front" ýaranlygynh gurup garşy çykdy.
Eýranyñ nebit ýataklaryny millileşdiren Musaddyk Angliýa garşy alyp baran göreşi bilen diñe Eýranyñ däl, tutuş halkara jemgyýetçiliginiñ gahrymanyna öwrüldi.
Ryza şa şol wagtlar syýasy bähbitlerine ýeñilen ýagdaýdady. Angliýanyñ flotiliýasynyñ Eýran deñizlerine aralaşan uçurlary ýurtdan gaçyp, Musaddyga garşy aç-açan garşy gitmäge synanyşýardy.
Musaddyk bolsa şanyñ daşary ýurda çykmak talabyny şu sözler bilen başdan sowmaga synanyşýardy:
Edil şumatlar eýran halkynyñ dünýäniñ iñ uly döwletleriniñ biri bilen göreş ýagdaýyndadygyny we munuñ täsiriniñ gowy bolmajakdygyny, "Şalaryñ şasynyñ" ýagdaýdan nägiledigi üçin daşary ýurda gitjek bolýar diýen pikiriñ dörejegini...
Şa derhal Angliýanyñ, ABŞ-nyñ, Ysraýylyñ taýýarlan "Ajax" agdarlyşyk meýilnamasynyñ iñ soñky halkasy bolup huntanyñ hataryna goşuldy.
Ryza Pehlewä ýakynlygy bilen tanalýan goşun generaly Fazlullah Zahediniñ öñbaşçylyk edýän huntasy 1953-nji ýylyñ 16-njy awgustynda herekete geçdi.
Birinji agdarlyşyga synanşyk halk köpçüliginiñ Musaddygyñ ýanynda durmagy arkaly basyp ýatyryldy.
Premýer-ministr Musaddyk bolsa buýr-bulaşyklygyñ içindäki eýran syýasatyndan peýdalanyp, özüni goldamaga gelen halkyñ arasyndaky syýasy garşydaşlaryny ýok etmegi makul bildi.
Hususanam Tudehlilerden gutulmak üçin amatly wagt hasaplan Musaddyk özüne garşy agdarlyşyga synanşan goşuny bu gezek Tudehe garşy garnizondan çykardy.
Goşun bolsa boýdan-başa goşun generaly Fazlullah Zahedä, Zahedi-de durky bilen Ryza Pehlewä baglydy.
Netijede agdarlyşyk üstünlikli geçdi we 19-njy awgustda Musaddyk iş başyndan gitmeli boldy.
Şa mundan beýläk ýeke-täk adam boldy, ol indi ýurduny göwün isleýşi ýaly dolandyryp bilýärdi.

• Asudalyk ýyllary

Şa häkimiýeti doly ele geçirenden soñ Günbatar bilen ýakyn gatnaşyklary açdy. SSSR-e bolan duşmançylykly tutumy saýasynda aýratynam ABŞ-dyr Angliýa bilen ýakynlaşdy.
Şanyñ iñ uly syýasy üstünligi 1973-nji ýylyñ nebit krizisi arkaly amala aşdy.
Nebitiñ bahasy birdenkä iki esse gymmatlady welin, Eýran ykdysady taýdan Pars aýlagynyñ iñ güýçli ykdysadyýetine öwrüldi.
Şa bu pulyñ agramly bölegini bilime ýatyrdy. Diñe on iki ýylyñ dowamynda on bäş uniwersitet we 200-e golaý täze bilim institutlaryny gurdy.
1974-nji ýylda "Time" žurnalynyñ sahabyny "Nebit imperatory" ady bilen şanyñ suraty bezeýärdi.
Hemme zat ylla düýş ýaly şowuna bolýardy.
Eýran daşary ýurtlarda añsatlyk bilen uly-uly kreditler alýardy, ýurt bol-elinlik içinde ýüzýärdi.
500 müñe golaý ýewropalynyñ ýaşaýan Eýrany hamana Günbataryñ Ýakyn Gündogara açylan porty ýalydy.
Häzir "Iñ uly Şeýtan" diýilýän ABŞ-nyñ dagy 52 müñ raýaty Eýranda ýaşaýardy.

• Ak hereket

Daşary ýurtlardan alynýan kreditleriñ ýalñyş ugurlara goýulmagy, müsrif (bisowut) adamlaryñ elinde ýok edilmegi we korrupsiýa Eýranyñ ykdysady deñagramlylygyny bozup başlady.
Ysraýyl ýaly ýurtlar bilen açylan ýakyn gatnaşyklar, SAVAK ýaly gizlin gullugyñ geçirýän rehim-şepagatsyz operasiýalary şanyñ halkyñ arasyndaky at-abraýyny pese düşürýän üýtgeşmelerdi.
Şol wagt şanyñ "Ak ynkylap" ady bilen girizilen reforma paketi halk arasyndaky ynjalyksyzlygy ýokary derejä çykardy.
"Ak ynkylaba" garşy arasynda Homeýniniñem bolan sekiz adamlyk ulamalar topary gazaply garşylyk berýän jarnama ýaýratdy.
Şa bu jarnama üçin gahar-gazaba atlandy we ulamalara hetdini tanatmaga hut özi Kuma geldi. Şanyñ gelmegi we ol ýerde eden çykyşy ulamalaryñ ynjalyksyzlygyny hasam artdyrdy.
Homeýni bu nägileligiñ iñ janyýangynly wagyzçysydy, ol heniz jarnamanyñ jedeli gidip ýörkä Nowruz baýramyny bellemegiñ bidatdygy hakda fetwa çykardy.
Nowruz Eýranyñ yslamdan öñki döwründen galan we milli aýratynlygyñ bir alamaty hökmünde görülýärdi.
A Homeýni bolsa bu fetwa bilen eýranlylaryñ yslamdan başga aýratynlygynyñ ýokdugyny ýañzydýardy.
Şanyñ Homeýnä bolan şahsy ýigrenji bu garry mollany bir demde sessiz ýygynlaryñ sesine öwürdi.
Homeýniniñ tussag edilmeginiñ yzyndan on müñlerçe molla köçelere döküldi we şaha yza ädim ätdirmegi başardy.
Din adamynyñ başyna bela bolandan, ýurtdan çykaranyny ýeg gören şa Homeýnini Türkiýä sürgüne ýollady.
Bu bolsa onuñ häkimiýetiniñ soñuny getiren iñ esasy ýalñyşlyklarynyñ biridi.
Homeýni ilki Türkiýä, soñra Yraga gitdi. Yrak hökümeti bu şaýynyñ güýjüniñ garşysynda endişä düşdi we ony ýurtdan çykardy. Homeýniniñ bu gezekki düşelgesi Fransiýa boldy.
Şa gijem bolsa oppozisionerleriñ daşary ýurtlarda has işjeñ hereket edýändiklerini duýdy. Şonuñ üçinem ol SAVAK-a olary yzarlamagy we mümkin boldugyndan öldürmegi buýurdy.

• Köpçülige şygar bagyş eden Ali Şeriati kast edişligi

Şanyñ daşary ýurtda geçiren iñ esasy operasiýasy Ali Şeriati kast edişligidi.
Homeýni halk köpçüliginiñ magnawy lideridi, emma ýönekeýje ýokary okuw jaýynyñ mugallymy bolan bu sosiolog olary aýaga galdyran iñ esasy dinamikady.
"Durmuş. Iman we jihat" ýaly Tähran köçelerini lerzana getiren şygarlaryñ awtory bolan bu alymyñ ýok edilmegi üçin operasiýa gurnaldy.
Ali Şeriati Eýranda galsa öldüriljegine gözi ýetip durdy, ölümdenem gorky-ürküsi ýokdy, emma onuñ añynda ýyldyrymlar çakýardy we gysga boljagyny turuwbaşdan syzan ömründe döretmek isleýärdi. Galp pasport bilen ilki Belgiýa aşdy, yzyndanam Angliýa geçdi. Şeriatiniñ maksady ABŞ-na gitmekdi, emma SAVAK we iñlis gizlin gullugynyñ bilelikde geçiren operasiýasy bilen 1977-nji ýylyñ 19-njy iýunynda bolýan oteliniñ otagynda öldürildi.
Ölümi resminamalara ýüreagyry bolup geçenem bolsa, ne maşgalasy, ne tarapdarlary Şeriatiniñ öz ajalyna ölenine ynanmady. Onuñ ölümi Eýranda rewolýusiýanyñ ilkinji uçgunlarynyñ biri boldy.
Şa özüne garşy artan nägileliklere we oppozisiýa garşy gazaply syýasat ýöretdi, emma bu onuñ häkimiýetiniñ soñuny hasam çaltlaşdyrdy.
1979-njy ýylyñ saýlawlarynda häkimiýetiñ Homeýniniñ tarapdarlaryna geçme ähtimallygy bolansoñ, goşun garşylyk bermegiñ we agdarlyşygyñ meýilnamasyny düzüp, Ryza şanyñ dykgatyna ýetirdi.
Meýilnama laýyklykda nebitli raýonlar howpsuzlyk halkasyna alynyp, Tähranyñ köçelerinde şalygy goldaýan raýatlary aýaga galdyrmalydy.
Kum şäheriniñ ulamalary gandöküşikli uruşyñ taýynlygyny görýän şanyñ meýilnamasyna garşy Homeýnä habar ýollady.
Homeýni halka suw we elektrik togy üçin döwlet töleglerini tölemezligi buýurdy.
Şa bu görkezmeden soñ halkyñ agramly böleginiñ töleglerini tölemezligi netijesinde Homeýniniñ güýjüniñ näderejede uludygyny bildi.
Generallaryñ ölçerip-biçýän ähli agdarlyşyk meýilnamalaryna garamazdan Ryza şa ýurtdan çykyp gitmegiñ üstünde kelle döwýärdi.
Ilki maşgalasyny daşary ýurda ugradan şa wakalara iñ soñky pursada çenli tomaşa etmegi makul bildi. Ýanynda diñe melikesi we üç çagasy galypdy.
Melike Farah iñ çylşyrymly wagtlarda-da köşkden çykman oturmagy halamaýardy we metbugat serişdeleriniñ ünsüni çekmegi gowy görýärdi, emma agşamara köşkden tapylan el ýaly kagyz tutuş şa maşgalasyna ýagdaýlaryñ oñlulyga barmaýandygyna göz ýetirer ýaly etdi.
Şamlyk üçin nahar stolunyñ başyna gelenlerinde saçagyñ ortasynda duran kagyzda şu setirler bardy:
"Şaha we melikä ölüm!"
Muhammet Ryza şa mundan soñ köşgünde oñlulyk ýokdugyna we häkimiýetini doly elden giderendigine düşündi.
Gerekli taýýarlygyny görüp ýurtdan çykdy. Ilki Müsüre, soñ Marokka gitdi. Soñra pankreas düwnüginiñ bardygy üçin ABŞ-na uçdy.
Şol wagt eýranlylar ABŞ-nyñ Eýrandaky ilçihanasyna dökülip, şanyñ yzyna gaýdyp berilmegini talap etdi.
Ahyrsoñy Enwer Sedatyñ çakylygy bilen Kaire geldi we 1980-nji ýylyñ 27-nji iýunynda şol ýerde aradan çykdy.

Mehmet MAZLUM ÇELIK.

celikmehmedmazlum@gmail.com

27.07.2021

* Makalada beýan edilen pikirler awtora degişli we ol Independent Türkçe saýtynyñ editorial ugruny kesgitlemän biler.

© The Independentturkish





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 103 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]