13:46
Özüñden gör! / ýumoreska
ÖZÜÑDEN GÖR!

- Ýeri, Nogulbala, niçik onsoñ?
- Salawmaleýkim, ýoldaş direktor. Köp sag boluñ, ýagşydyr.
- Ýogsa-da, Nogulbala diýýän-ä, sen teatrda işläp ýöreniñe näçe ýyl bold-a?
- Martda dogry otuz ýyl dolýa!
- Bäýb-bä... Şunça wagtlap saña idili rol bermeýşimizi! Özüñi görkezmän pensiýa gidäýmeli däl ahyry. Señ oñat artistligiñ-ä çyn. Ynha, ýap-ýañy müdir bilen gürrüñiñi hem edişdik. Eger çynym, tarypyñy ýetirdim. "Juda zehinli aktýor. Näme üçindir, gadyryny bilemzok" diýdim. Walla, müdirem meñ aýdanlammy tassyklady.
- Aladañyz üçin sag boluñ, ýoldaş direktor.
- Indi yzyny diñle. Müdir käbir kişileñ gözüne basyp, täze goýuljak oýunda saña kaşañ bir rol saýlap berdi. Göni truppa müdiriniñ ýanyna bar-da, eseri alyp, öýe äkit. Irden roluny ýazyp, repetisiýa gelersiñ. Neme, onsoñ, oña-muja arz edip ýörmezler... Iñ esasy sen özüñi görkez! Biz, ynha, saña şert döredýäs.
- Arkaýyn boluñ...
Nogulbala pýesany alyp, öýlerine gitdi. Depder-galamyny alyp, pýesany okamaga durdy. "Zalym şa" pýesasyny gutarañkyrlaberse-de, özüne berlen ilçiniñ rolundaky sözlere gabat gelmän geçäýdi. Üçünji sapar eseriñ daşyna geçende gahrymanlaryñ geplemeýän ýerlerine-de göz aýlady. Me saña gerek bolsa! Şol ýerde ilçi perman getirip, baş egip, patyşahy äleme gowşuryp, çykyp gidýär. Gynansak-da, onda ýekeje-de söz ýok. Nogulbalanyñ gapdalynda goýan kagyzlaryny şemal dargadyp gitdi.
Şol günüñ ertesi Nogulbala eli pýesaly repetisiýa gelende režissýor bilen görüşdi.
- Ýeri, eseri okadyñmy?
- Hawa, okadym.
- Özüne gerek ýerini ýazyp aldyñmy?
- Oñ sözi bolmasa nätjek!
- Onuñ gaýgysyny etme! Her hereketiñe bir söz goşaýarys. Onsoñ, sözli rolam bir bolman görsün? Girende: "Essalawmaleýkim, kyblaýy älem!" diýersiñ. Iñ esasy saña oñat rol berildi. Şonda-da zehiniñi görkezip bilmeseñ, özüñden gör!

Sadyk IBRAGIMOW,
azerbaýjan ýazyjysy.

Terjime eden: Çary GELDIMYRADOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 82 | Добавил: Haweran | Теги: Sadyk Ibragimow | Рейтинг: 5.0/1
Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 2
0
2 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Beterem gülkünç däl eken.

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
:)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]