18:13
Özüñ hany-soltany
ÖZÜN HANY-SOLTANY

Bu göwnümde köşk gurduñ,
Özüñ hany-soltany.
Men saña örklenipdim,
Paýlaşan dek bir jany.

Sen şeýle bir ornaşdyñ,
Ýitip gitdi menligim.
Añmaýan öz göwnümiñ,
Menmi ýa-da senligin.

Öz-özüme orun ýok,
Senden doly göwnümde.
Hat-da, maña ýalan deý,
Sensiz geçen düýnüm-de.

Beýle baglanar ýaly,
Gandallañok erkimi.
Beýle gudrat nämekä,
Saña baglan örkümi.

Bu ahwallañ syryny,
Heý-de bilen barmyka.
Megerem täsin gudrat,
Tañryñ baglany NIKA...





Категория: Goşgular | Просмотров: 470 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Апулей / Goşgular - 28.02.2022
Ýene men hakda / Goşgular - 23.01.2022
Посвященные стихи / Goşgular - 22.02.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
"Их-то Господь — вон какой!" / Goşgular - 15.02.2022
Туркменистан—Родина процветания / Goşgular - 25.02.2022
Зима / Goşgular - 21.02.2022
Daglar meni hüwdüledi / Goşgular - 20.01.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Gumlygelin   [Материал]
@Oguzhan aga...dogry.

1
3 Oguzhan_aga   [Материал]
-Hovva keramat bar gelneje,
Halal kylynan nikada,
Toý tutulýar uludan,
Galmasyn diýp bukuda.

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Şony diýsene...Şunça dymjak bolýan welin...başaramok.

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Belliklerñizi gysganmañ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]