18:24
Özüme
ÖZÜME

Amanat zatlary özümki görmän,
Köp wagtymy köp geçirdim boşa men.
Gezýärkäm köplügi ündäp her kese,
Gör, kalbymda kök urupdyr goşa men.

Ýanmaklyk, ýazmaklyk täleýdir öýdüp,
Ýandym, ýazdym mydam gelşine görä.
Hakykaty aýtsam-da men,
Kä mahal,
Diýdim alnymdakyñ bolşuna görä.

Dünýä kä bir zatlar goýmak isledim,
Emma,
Öýi doldurmaga gerek goş-golam.
Nädip ile paýlaşýanym bilemok,
Bir doñ kalby eretmedik goşgulam.

Bähbit üçin gelmesem-de bu dünýä,
Çetde durman menem bähbit aradym.
Ýüzi ýoklar meñ ýüzümi alanda,
Dalamadym, biraz galtyz daradym.

Köp gezek ýandym, ýykyldym, turdum,
Şonda-da bu göwnüm ne ýyrtyk ne kir.
Gynanýan, birnäçe kalplary ýykdym,
Göwün görenlerim örän köp, şükür.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 109 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Муза / Goşgular - 21.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Aksary   [Материал]
Garaýolly kakañ ýazgysy mekdeplik.
1nji topbakdaky 2nji setirde KÖP sözi iki gezek ulanylan

Goşgy gowy ömrüñ bolsun Ahmet

0
3 Ahmet   [Материал]
Minnetdar, agam, maslahat üçin.

0
2 Garayolly1936   [Материал]
*** bi orun çykypdyr

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Ahmet Arazow soňky mahallar has aktiw çykyş edip başlady. Onuň ýazýan goşgylary syrly öwrümlere daýanman, mazmuny has duşnükli ýagdayda kemala gelýär. Awtor entek ýaş bolmaga çemeli. Çünki, ýaşy goýalyşan adamyň söz düzümlerine gerekli "reňk" berme ukyby Ahmetde göze geluwly duýulanak. Şahyrda zehin gory bar. Ýöne ony ýugrumy ýeten hamyr ýaly, eýläp durmaly bolýar. Bu indi adamyň öz zähmetine bagly. Okamaly, köp okamaly. Umuman, Ahmediň goşgylary gowy. Şeýle-de bolsa, onuň şu goşgysy dogrysynda käbir bellikleri edesim gelýär. (belki, awtor üns merkezinden düşürendir)
"Ýandym, ýazdym mydam gelşine görä" däl-de "Ýandym, ýazdym ylham gelşine görä" bolanda makul bolaýjak ýaly.
3-bentdäki "emma" sözi öz ýerinde bolsa-da, goşgynyň bogun ölçegini pozup dur.
"Bähbit üçin gelmesem-de bu dünýä" setiri bolsa mazmun taýdan biorun ykypdyr. Dünýa gelip-gelmezlik ynsanyň erkinden daşardaky zat ahyry! Onsoňam hakykata daýanyp aýtmaly bolsa: öz bähbidiňi araman ýaşap bolmaz ahyry! Umuman, külçe küle gaçsa-da külçedir. Tagamyny ýitirmez. Awtora dowamly ýazybermegi hem-de yzygiderli goşgylar kitaplaryny okamagy maslahat berýärin. Zehin zehin bolýar. Ol ykbalyň eýeçilik edýän ruhy nygmaty. Emma, ony özüň hem taraşlap durmaly bolýar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]