05:45
Özüme
ÖZÜME

Goý, diýsinler: «Ýalançyda ýaşara
Biraz hile, az-kem öwrüm bolmaly».
Meniň iki dünýe iň uly gaznam
Arassa, neresse göwnüm bolmaly.

Bir ýanda howsalam-hederim bardyr,
Bir ýanda howalam-heserim bardyr.
Ýüze tutjak ýalňyz eserim bardyr —
Ol çeper ýaşalan ömrüm bolmaly.

Aman diläp dünýäň derdeserinden,
Umyt etdim Arşyň merhemetinden.
Düşündim...
Ýer-göge erk ederim deý,
Öz-özüme erkim-emrim bolmaly.

Bolsadylar ekdim, ordum käşgädi,
Aňdyrmady pynhan dünýäň äşgäri.
Tijen, ýürek, diýme hergiz: «Giç dälmi?!»,
Ynam, yhlas hemram-höwrüm bolmaly.

Söýgüden örülmiş ömrüň rişdesi,
Hoş söz aýdan hoş sözleri eşdesi.
Göwnümiň buz tutmaz tereň çeşmesi,
Çep gursakda körän howrum bolmaly.

Kakamyrat REJEBOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Aksary | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Penjiräňi aç / Goşgular - 16.03.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
A mende kine ýok.. / Goşgular - 09.04.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Salam / Goşgular - 22.02.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Jemlemesi ajaýyp bolupdyr...

Söýgüden örülmiş ömrüň rişdesi,
Hoş söz aýdan hoş sözleri eşdesi.
Göwnümiň buz tutmaz tereň çeşmesi,
Çep gursakda körän howrum bolmaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]