01:53
Özüm bilen gönümel gürrüň
ÖZÜM BILEN GÖNÜMEL GÜRRÜŇ

Bir ýerlerde mätäç çaga,
Nan diýip el serýän bolsa.
Senem her bir naharyňda
Doýa-doýa iýýän bolsaň,
Gözleriňde ýaş bolmaly,
Eşdip pakyr dilegini,
Iýýän lukmaň, içýän suwuň,
Bogazyňdan ötýän bolsa,
Şol bokurdak daş bolmaly.

Görüp ýetim gözýaşyny,
Bir nem syzmasa gözüňden.
Hata gara gözleňde däl,
Günä seniň hut özüňden.
Haýsy dine uýjaksyň sen,
Görüp naçar gussasyny,
Ýangynyny-tüssesini,
Bir ýaş dammasa didäňden,
Men görýänem diýjeksiň sen.

Gynalanda hor biçäre,
Bakyp ganym tagmasyna,
Syzlap duran wawwasyna,
Senem bir ýakmazyň diýip,
Kalbyna gan öýmäweri.
Bir dilsiz-agyzsyz bendä
Ýara salsalar dil bilen,
Zulum kylsalar el bilen,
Ýoluň bilen bolýan bolsaň,
“Ýolum bar” bir diýmäweri.

Allam agyr dert bermesin,
Dert çekmäge gurbat gerek.
Syzyp dertliň yzasyny,
Ynjamasa etden ýürek,
Jiger bagyrmaýan bolsa,
Ýag tutandyr şol ýüregi,
Duýup hassaň agyrsyny,
Kalbyň agyrmaýan bolsa.

Amanadyn tabşyranda,
Soňky ýola ugranda jan.
Dünýälikden hiç bir zat ýok,
Gör, nähili ejiz - ynsan.
Görüp durkaň, barjak ýeriň,
Senem gaýşyp arkanlygyňa.
Ýene mal-mülk ýygýan bolsaň,
Sen meni bagyşla welin,
Şübhäm bar seň ynsanlygyňa.

2020 ý.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Позови меня / Goşgular - 17.01.2022
Gurjakbaşy / Goşgular - 23.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Daşa ýüzlenme / Goşgular - 18.01.2022
Hoş geldiň ylham / Goşgular - 19.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
özüň bilen gürleşýäkäň, meniň bilen gürleşdiň öýdýän.
"gürrüňiňi" diňlemezçe däl.
käýýäp utandyrsaňam, haladym.
"bagyşla welin..." diý-de diýjegiňi diýip dur.
minnetdar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]