01:52
Oýan, Gözlerim, oýan
OÝAN, GÖZLERIM, OÝAN

“Слушай, я тебе одну вещ скажу!”

"Özgersene,
Özger Didäm"
Oýan, Gözlerim oýan,
Bir gün şeýle gün geler:
Gül tenim uklar ebedi,
Ruhum göç eder O ýan
..
Onsoñ:
"Terezi,
Hasap depderi
Temmi taýagy --
Hiç biri elinde  bolmaz biz ýalyñ:
Tanyş tapyp sypyp bolmaz
Ýa pul berip "ýapyp" bolmaz"
ONUŇ alan wideosynyñ
lentasyny kesip bolmaz..
Soñra birden (Hudaý saklasyn! )
O ýerde günäkär görsem neýlärin?!
Munda Keramata deñänlerimi..
Munda ýalkansyn diýp gol berenimi..
Haýyr üçin ädenlerim -
ädimlerimiñ
Asylyşsa synyndan Şer,
neýlärin?! (tobatagsyr! )
Şoñ üçin oýan, diñle!
Oýlan, galmankak ahmal
O:t hem bolsañ doñ şu mahal
Boljak bolsak günä şärik,
Özgermejek bolsa gylyk...
Gerek däl dünýä ýylylyk--
--diýip ses gelýär içimden

--Gelýär bir ýerden çakylyk..

..
Özgersene
Bir gün gelsin.
Hawa, şeýle gün gelsin.
Ýagşyzadañ ýüregine giren tün
Pähim-parasada, ýagta öwrülip,
Sozup, çogup gursakdan
Hakykatyñ görejinde dogulsyn
Gün bolup..
"Özger Didäm,
Ozgersene"
Oýan, Gözlerim, oýan..!

01.12.2021ý.
© Kalba NUR.





Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Yşk bahary / Goşgular - 22.01.2022
Руфь / Goşgular - 18.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
Ejem üçin ýene bir hat / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 8
0
7 Taryhçy   [Материал]
Berekella

2
3 mango   [Материал]
kalba nuryň arkasyndaky şahsy tanamok.
bagabadyň aýdanlaryna goöulmak bilen, bir-iki bellik bellemekçi.

Gül tenim uklar ebedi

ynanjymyza görä, ýalňyşmaýan bolsam ahyret gününde ruhumyz tenimize dolanyp, täzeden direldikmeli öýdýän....
eger şeýle bolsa "ebedi" sözi mesele çykarýar.... (many düşnüklem bolsa).

"Nepesim göçer O ýan" -

nepes, dem o ýana göçmeýän bolaýmasyn...
"nepesim tükener, göçerin o ýan"... ýa-da başgarak????

Onsoñ:
"Terezi,
Hasap depderi
Temmi taýagy

bu ýerde Kuranyň aýratynlygy ýada düşdi.
ýene-de ýalňyşmaýan bolsam, Kuran bize "käýýeýän" ýerinde yzy bilen derrew "başymyzy sypaýar".
ýagny, dowzahyň gürrüňini edýärkä, yz ýanyndaky aýatlarda jennetiň gürrüňini edýär.
dowzahylaryň gürrüňiniň yzysüre jennetileriň gürrüňi...
psihologik taýdan dogry bir usul, bizden hiç haçan umydymyzy almaýar....
diýjek bolanym, gorkýakaňam, umydygär bolmaly....
bu ýöne bir temany giňeltmek...
goşgyny haladym...
üstünlikler dileýän.

2
4 Bagabat   [Материал]
"Nepes" sözüniň "demden" başga-da manyda ulanylýan ýerleri bar ekeni:
Gelip çykyşy araby bolan sözler:
enfas ]enfa:s ]انفاس dem, nepes, dem alma.
enfus ]enfu:s ]انفوس ruh, jan.
Ýöne, esasan, dem, dem alma diýen manyda giňden we ýörgünli ulanylýan ekeni. Tatar dilinde-de, türk dilinde-de.
Bahana bilen bir gowy söz düzümini tapdym.
"Nefes nefese" - "Dem deme (teswirçi: berip)".
Nähili şahyrana jümle. Bejermek ýa-da owadanlamak gerek däl. Eýýäm öz içinde poeziýasy bar.

0
8 Nurdan   [Материал]
Hawa owadan söz düzümi eken, nefes-nefese, şahyrana, türkmen dilinde nepes diýip ýazylan soñ bizem "nepes" diýip alýas, ýöne biz tarapda nefes diýip aýdylýar,
Dogurdanam hem "nefes-nefese" , nähili owadan, şirin eşidilýär. Sagboluñ Agam,

0
6 Nurdan   [Материал]
Sagboluñ @Mango dogan,, köp goşgyda ruh sözüni agzamaly bolýanym üçin bu goşguda ol sözi ulanmajak bolup "nepes" (bizde nefes diýilýär) ikisinde bir meñzeşlik göremsoñ şeýle aldym, ruha düzedäýerin,

0
2 Tumarly   [Материал]
Şunyñ goşgularam erbet däl

2
1 Bagabat   [Материал]
Goşguda, birhili howpurgamak duýgusy, ýiti duýulýar:

"Soñra birden (Hudaý saklasyn! )"

"O ýerde günäkär görsem neýlärin?!
Munda Keramata deñänlerimi..
Munda ýalkansyn diýp gol berenimi.."


"Asylyşsa synyndan Şer,
neýlärin?! (tobatagsyr! )"


Bu setirdäki: "tobatagsyr" diýen jümläniň, ýazylmalysy ýaly "toba-tagsyr" diýen görnüşde ýazylman, nämedir bir zatdan elheder alnanda zenanlaryň ýakasyna tüýkürip toba edişleri ýaly, bir demde aýdylýan görnüşde (ruslar: "на выдохе" ýa-da "на одном дыхании" diýýärler) ýazylmasam, hut şol howpurgamak, elheder almak duýgusyny okyjyň aňyna, ýüregine has ýiti we çalt ýetirmek üçin ulanylan, özboluşly sadadan-täsirli şygyr tilsimi bolupdyr.

Mysal getirilen setirleri okan badyňa, awtorynyň kimdigine seretmän, zenanyň, özem türkmen zenanynyň galamyndan çykan setirlerdigini äheňinden, sözlerinden bilibermeli.

Özem goşgyň mazmuny, şygyrdaky "howpurgamak", has dogrusy "elheder almak" duýgusyny başdan geçirýän liriki gahrymanyň diňe özi üçin däl-de, ýüzlenýäni, "oýanmagy", ýagny dürs ýola dolanmagy, Hakdan daş düşüp, Hakyň hasap depderinden öçürilmezligi haýyş edýäni üçinem howpurgaýandygy hakyndaky duýguny döredýär. Şunuň üsti bilenem liriki gahryman öz duýgusyny, pikirini adamkärçilik dünýägaraýşynyň, ideýasynyň täze basgançagyna göterýär. Ýagny, janly-jandaryň haýwany tebigatyna mahsus bolan diňe özüňi bilmek (egoizm), diňe özüňi dünýäň merkezi hasaplamak (egosentrizm) duýgularyndan üzňeleşip, hakyky ynsan häsiýeti bolan, kesekilere bolan mähriň, ynamyň, olaň hatyrasyna özüňe jylaw salmak duýgusynyň üsti bilen özüňi özgelere bagyş etmek häsiýetini açýar. Gurbannazar Ezizowda bar: "Men özümi aýamadym hiç ýerde, gaýgyda, hasratda, şatlykly günde", "Men özümi bagyş etdim özgeler üçin"...

Elbetde, setirleriň tagaşyksyzrak ýerleri, şygryň içki "heňiniň" (sazlaşygynyň) büdür-südürräk ýerleri bildirýär. Ýöne, munuň ýaly "heň büdür-südürligi", "tagaşyksyzlygy" şu formada ýazylýan şygyrlara mahsusam. Dagdan aşak togalanyp gaýdan harsaňyň öz gözelligi bar, ýylmanajyk togalak şekilde çüwdürimiň ortasynda goýlan daşyňam öz gözelligi.

Bu awtoryň ýene-de bir aýratynlygy (kim üçin kemçilikdir, kim üçin artykmaçlyk, kim üçinem laýyklyk), goşgularynda ol simwolizme, özem, sopuçylyk mistiki simwolizmine köpräk ýykgyn edýär.

Liriki gahrymanyň "oýanmagy" haýyş edýän şahsy bolsa, belki şol gahrymanyň öz göwnüdir ýa-da oňa gymmatly, mähriban bolan biridir. Bu şygram edil tüm-garaňky gijede azaşan byradaryna ýol görkezmek üçin köňül penjiresiniň öňünde ýakylyp goýlan umyt şemidir...

Ýene-de bir ünsümi çeken zat, goşguda, simwoliki sopuçylyk mistisizmine mahsus düşünjeler, äheňler bilen birlikde, häzirki döwrümize IT (maglumat tehnologiýalary) zamanamyza mahsus bolan, "montaž" düşünjesiniň ýerlikli ulanylmagy boldy:

"Onuñ alan wideosynyñ
lentasyny kesip bolmaz..."


Megerem, sopuçylyk tarykatyny özleşdirýän liriki gahrymanymyz, güzeran aýlamak üçin haýsam bolsa bir studiýada montažçy bolup işleýändir ýa-da toýlary wideo düşürmek arkaly hususy telekeçilik işi bilen meşgullanýandyr :-) (Degişýän).

Ýene-de bir aýtmaly zat, edebiýat we sungat belli-külli şekile gireli bäri, simwolizmem, mistisizmem, täzeçilligem, matally, ümürli, ýarym gümürtik jümleleň, şekilleň sazlaşygam, üýtgeşik tilsimleri, söz düzümlerini gözlemegem tebigaty boýunça estetlere has gyzykly, owadan görünýär.

Üstünlikler.

0
5 Nurdan   [Материал]
Sagboluñ Agam, "Megerem, sopuçylyk tarykatyny özleşdirýän liriki gahrymanymyz, güzeran aýlamak üçin haýsam bolsa bir studiýada montažçy bolup işleýändir ýa-da toýlary wideo düşürmek arkaly hususy telekeçilik işi bilen meşgullanýandyr :-)

Şu sözleriñize çynym bilen ýylgyrdym,

Alla Ýalkasyn, Siz ýaly adalatly, bitarap YNSANLAR bilen gözel bu dünýä, sagboluñ, bar boluñ!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]