08:32
Ozan dili çuñ bolar
«OZAN DILI ÇUÑ BOLAR»

Halkymyzda saz hem sazanda ýaşaýşyň owazy bolup orta çykýar

Bagşy-sazandalar ýönekeý halkyň arasynda gezip ýören, sada halka gowy düşünýän adamlar bolupdyrlar. Olar saz bilen sözüňi düşündirmegiň diplomatik usulyny beýlekilerden gowy bilýän adamlar hökmünde şeýleräk «ýüki» boýunlaryna alypdyrlar. Şeýlelikde, parahatçylykly — diplomatik usulda gepleşik geçirmek işi bagşy-sazandalaryň paýyna düşüpdir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda, ýazyjy N.Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti we şol powest esasynda surata düşürilen adybir çeper filmde hem aýdylýar. Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň geçmişde örän suhangöý, dilewar, saz-söhbede gadyr goýan halk bolandygyny nygtap: «Her gezek «Şükür bagşy» eseri bilen gaýtadan tanyş bolanymda, Zemine gözellik çaýýan milli medeniýetimiziň çuňňur kökleri dogrusynda oýlanýaryn. Külli ynsanyň parahatçylyk hakyndaky pikirleriniň bir türkmen ýazyjysynyň o diýen uly bolmadyk eserinde ýerleşmegi meni haýran galdyrýar» diýip belleýär.
Şükür bagşy — öz halkynyň perzendi, öz döwrüniň ogly. Eger-de halkyň özi şeýle pikirde bolmadyk bolsa, sazy öňdenem parahatçylygyň guraly hökmünde ulanmadyk bolsa, onda Şükür bagşynyň saz bilen «söweşe» gitmegi mümkin däl ýaly bolup görünýär. Her bir taryhy şahsyýeti halk döredýär, her bir taryhy şahsyýet halkynyň milli pikirlerini dowam etdiriji adam hökmünde çykyş edýär. Diýmek, Şükür bagşynyň saz bilen «söweşe» gitmegi halkyň öňden gelýän parahatçylykly meýilleriniň amala aşmasy diýip bolar. Şonuň üçinem şular ýaly ýordumly eserleri halk döredijiligimizden hem tapmak mümkin. Milli mirasymyz bolan «Gorkut ata» eposynyň «Owşan goja ogly Segregiň boýuny beýan eder» boýunda «Şükür bagşy» powestiniň ýordumyna ýakyn waka hakynda gürrüň berilýär. Owşan gojanyň iki sany ogly bolup, olaryň biriniň ady Egrek, beýlekisiniň ady Segrek. Günleriň bir güni Egrek, Şükür bagşynyň agasy ýaly, duşmanlara ýesir düşýär. Şükür bagşy ýaly, Segregiňem bu zatlardan habary ýok. Agasynyň bendilikde ýatandygy baradaky habary Şükür bagşy gelnejesiniň gyjalatly sözlerinden aňlan bolsa, eposyň gahrymany Segrek bu habary bir gyjalat beriji adamdan eşidýär. Eposyň ar almak bilen bagly ähli boýuna görä, baş gahrymana kimdir biri gyjalat berýär.
Doganynyň duşman ýurdunda ýesirlikdedigine göz ýetiren Segrek, hiç bir töwella bakmazdan, doganyny halas etmegi ýüregine düwýär. Ony bu niýetinden dändirmek üçin öýerýärler, ýöne «aýagynyň duşalmagy» garaşylan netijäni bermeýär. Duşmanlar Segregiň garşysyna dogany Egregi orta çykarýarlar. Başa-baş söweşe girmeli, jan alyp-jan bermeli iki gardaş süýtdeş dogandyklaryny bilenok. Eposyň şu wakasy Firdöwsiniň «Şanama» eposynyň «Rüstem we Suhrab hakynda hekaýat» diýen bölümini ýadyňa salýar. Şol bölekde Rüstem öz ogluny tanaman, söweşe girýär. Söweşde öz oglundan üstün çykyp, ony agyr ýaralaýar. Begendirýän ýeri, «Gorkut ata» eposynda bular ýaly pajygaly waka amala aşmanka, iki dogan birek-biregi tanap ýetişýär. Egregiň elindäki dutar birek-biregi tanamaga bolan islegiň döremegine getirýär. Egrek dutaryň kömegi bilen Segrekden kimdigini, haýsy niýet bilen gelendigini soraýar. Eger-de «Şükür bagşy» powestinde halas etmäge gideniň elinde dutary bolan bolsa, «Gorkut ata» eposynda halas edilmeliniň elinde dutary bar. Ýöne bu tapawutlylyk sazyň ylalaşdyryjy güýjüni birjigem kemeltmeýär. Sazyň düşünişmäge iterýän, göwünleri köşeşdirýän güýji iki eserde-de üýtgewsizligine galýar. Şol pursat Egregiň elinde dutary däl-de, gylyjy bolan bolsa, onda waka başgaça gutarardy. Munuň şeýledigine Segregiň sözlerini okaýan wagtyň aýdyň göz ýetirýärsiň. Ol: «Dädem Gorkudyň sazynyň hormatyna seni çapmadym. Eger eliňde sazyň bolmasaýdy, agam başy üçin seni iki para kylardym!» diýýär-de, özüniň kimdigini aýdýar. Eposyň bu bölegini tolgunman okamak mümkin däl:

Ala daňdan ýerimden turdugym gardaş üçin,
Ak boz aty bozlatmyşam gardaş üçin,
Galaňyzda tussag barmydyr, kapyr, diýgil maňa,
Gara başym gurban olsun, kapyr, saňa!

- diýip, Egrekden soraýar. Netijede, iki dogan birek-biregi tanap, garsa gujaklaşýarlar, görüşýärler, duşmana tarap at salýarlar, gylyç urýarlar. Şol pursatda doganlaryň bagtyýar bolmagyna, biri-birine gowuşmagyna kömek eden dutara, saza bolan söýgiň goşalanýar. Sazyň, hakykatdan-da, hiç bir ýaragda bolup bilmejek güýje eýedigine ynanýarsyň. Bu bolsa, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiziň: «Ajaýyp sazyň syry, megerem, onuň ynsan pikiriniň köp öwüşginliligini özünde jemläp bilýänligindedir. Şol pikir bolsa, heňde suhangöýlikden artyk bolmasa, kem bolmaýan kuwwatly täsir ediji güýje öwrülýär. Şeýle bolansoň, biziň ata-babalarymyzyň saza ynandyryjy terbiýe serişdesi hökmünde garamagynda geň görer ýaly zat ýok. Olar kakuw hem-de sazlaşyk ýürege has çuň ornaşýar diýip hasap edipdirler» diýen sözlerini ýadyňa salýar.

Bägül ATAÝEWA.

"Edebiýat we sungat" gazeti, iýun 2019 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 183 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
0
Şulam gazetden alnan ekeni edebiyat we sungat, 2019 y, iyun ayy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]