11:07
Öz ýoluñy saýlap al
ÖZ ÝOLUŇY SAÝLAP AL

Öz ýoluňy saýlap-seçip al munda,
Hem buýsan, zehiniň bar bolsa seniň.
Düýbün tutsaň, ynam bilen kerpiç goý,
Gurýan diwaryňda galmasyn kemiň.

Gaçyp barýan diňe ýoluny görer,
Kowalaýan ylgap gider howluga.
Erk welin olary akyla tirkär,
Adalatlyk kalbyň gaplar gowluga.

Eger erkiň bolsa, ýaşar akylam,
Onsuz hakykat ýok, wepa ýok onsuz.
Öňde ot alawlar, yzyňda buzluk,
Nätjek, ýaşamak ýok, hasratsyz, şonsuz.

Nebsiň möwjemänkä sen ony sakla,
Öwgä mynasyp bol, ökünme soňra.
Kemçiligiň bilseň ýadyňda sakla,
Bu göreşde diňe ýeňşi et hemra.

Ätjek ädimleriň ynamly bolsun,
Şonda seň zähmetiň rehnetin berer.
Kimde-kim dil öwretse ýaş nesline,
Tohum deý şinelär, ýerde gögerer.

Abaý KUNANBAÝEW,
gazak şahyry.

Rusçadan terjime eden Aýnabat ATAÝEWA.

"Dünýä edebiýaty" žurnaly, 3/2021 ý.




Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abaý Kunanbaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Guşjagazym / Goşgular - 16.03.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Yşk nyşanlary / Goşgular - 12.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021
Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
Alaja / Goşgular - 19.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]