13:44
Öz ruhuma bagş eýlegin eý Allam!
ÖZ RUHUMA BAGŞ EÝLEGIN EÝ ALLAM!

(Narkozdan soñky oýlanmalar)

Biraz uklap oýanmaklyk diýdiler...
Ýöne, munda beýhuş bolan pursatym.
Ähli näzik duýgylarmy gijeler,
Düýşde jemläp wysal eden gursagym.

Boşap galdy un elek deý, elenip,
Ruhum ýüzüp al-asmanda, dumanda.
Gözläp ýörkäm ýerde galan synamy,
Gözlerimden birje damja damanda.

Duýdum,ölmän eken näzik duýgylam,
Gursagyma agram salan her zaman.
Diýdim, jandan has öñinçä bedene,
Duýgylarym bagş eýlegin eý aman.

Kyn däl eken,örküñ üzmek jahandan,
Emma,duýgylarym beresim gelmän.
Urundym çar-ýana, urundym her ýan,
Duýgusyz bedene giresim gelmän.

Bu ahwal bir pursat ölmek diýdiler,
Ýok,ýok ölmek beýle däldir enşalla.
Janymdan el üzsem näzik duýgylam,
Öz ruhuma bagş eýlegin eý, Allam.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 435 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Все повторяется / Goşgular - 19.02.2022
Нарушение гармонии / Goşgular - 16.02.2022
Ýaşlygyñ ýasy / sonetler çemeni / Goşgular - 29.01.2022
Тревога / Goşgular - 21.01.2022
Aýak yz / Goşgular - 08.01.2022
Goşgular / Goşgular - 23.02.2022
Снег идет / Goşgular - 02.02.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Материал]
Bir pursat duýgusyz ruha eýelik etmek meñ üçin iñ agyr jeza boldy...
Şoñ üçinem amanat jany tabşyramda näzik duýgylarmyñ bedende däl-de ruhumda galmagyny isledim. Ýüregime sanjy berenem bolsa...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]