23:30
"Öýünden daş çykman oturdy şahyr..."
"ÖÝÜNDEN DAŞ ÇYKMAN OTURDY ŞAHYR..."

...Öýünden daş çykman oturdy şahyr -
Öýünden daşaryk çykman işledi.
Ýazdy ol ajaýyp goşgular ýazdy -
Ak kagyzy degirmen deý dişedi.
Ähli şatlyklary siñdi şygryna,
Böwrüne kem-kemden sanjy ornaşdy.
Öýünden daş çykman işledi şahyr,
Il bilen däl,
Özi bilen gürleşdi.
Ýazdy, ýazdygyça, artdy yzasy,
Yzasy artdykça, gaçdy mazasy.
Ýazdy, ýazdy, ýazman oñup bilmedi,
Ýöne yzasyny kowup bilmedi.
Bir gün...
Dost-ýarlary gelip ýanyna onuñ,
Gyýyldylar düşen halyna oniñ,
Gynandylar ähli janlary bilen,
Äkitdiler ony ýanlary bilen,
Il içine aýladylar,
Ile şatlyk paýladylar.
Il şatlandy,
Il şahyra çapak çaldy,
Il şahyra alkyş aýtdy
Dolandy şahyr öýüne,
"Sag bolly" dolandy - sagalyp gaýtdy.
...Ile şatlyk berip, soñ alyp bolýar -
Il şatlygy bilen sagalyp bolýar.

Kasym NURBADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Haweran | Теги: Kasym Nurbadow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
Watanym meniň / Goşgular - 17.01.2021
Sil geldi / Goşgular - 26.02.2021
Karar / Goşgular - 24.03.2021
Syrajetdin Nagyşbendi / Goşgular - 14.04.2021
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 16.03.2021
Şahyrlyk borjy / Goşgular - 16.03.2021
Geläýipsiñ / Goşgular - 23.05.2021
Wesýet / Goşgular - 22.10.2021



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
hmm...

0
1 Pero   [Материал]
Hmm... dogry!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]