10:25
Oýun / hekaýa
OÝUN

...Mekdepden gaýdylýan çola ýoda, atam döwründen bäri ýarysy gurlup taşlanan, ýykan-ýumran harabaň deňesinden geçýär. Daş-töweregem idi-yssywat edilmändigi zerarly, biri-birine çolaşyp-çyrmaşyp, jeňňele dönüp giden baglyk.
Gara gyş.
Ikinji tapgyrda okasaň, öýe gaýdaňda tüm-garaňky.
Deňdeşlerini oýnamagyň kül-külüne düşen garagol gögeleleň ikisi, soňky sapakdan rugsat alyp gaýtdylar.
Haraba sümüldiler.
Sebetlerinden, öňden taýýarlap goýan, gözleriniň deregine ýylpyldawuk, fosfor garyndyly reňk çalnan nikaplary, şol reňk bilen ýüzüne süňk-saňklaň suraty çekilen, ak mata ýapynjalary, yşygy ýiteldip-köreldilýän elçyralary çykardylar.
Desbi-dähil bolup, ýoldaşlarynyň ýodadan geçerine garaşmaga oturdylar.
Hümer bolup gelýän oglanjyklardyr-gyzjagazlaň garasy görnendenem, nikapdyr-ýapynjalaryny geýip, ýapynjaň aşagyndanam elçyralaryny ýakyp, mojuk ses bilen uwlap ugradylar. Harabada ýapynjalaryny ganat deýin galgadyp, eýläk-beýläk bökjeklediler.
Gyşy garaňkysynda öňem bu harabaň deňesinden, birek-birege bildirmejek bolsalar-da ýöwsellik bilen bahymrak geçmäge howlugýan çagalar oslagsyzlykdan ýaňa, wägirişip, etek alty ýeň ýedi bolup, ökjäni göterdiler.
Bezzatlaň guşy uçdy. Gurnan tomaşalarynyň jüpüne düşmesi olaň hoşuna geldi.
Ala-başagaý bolup gaçyp barýan ýaşytdaşlarynyň yzyndan seredip gülüp duruşlaryna olar, hahahaýlap aşak oturdylar. Biri-birine gezek bermän diýen ýalam, garagol göwünlerini doldurýan hezilligi paýlaşyp ugradylar:
-Ha-ha-ha, gördüňmi dos, olaň jyrrarylyp gaçaýşyny, ha-ha-ha...
-Howwa-aý dos, ha-ha-ha, o neme dagy tas balagy bilinden gaçyp, tas öz aýagyna özi çolaşýady, ha-ha-ha...
...Şo pille-de, ýeňselerindäki harabaň tümlüginden, göze görünmeýän kimdir biri olaň gülküsine goşuldy:
-Hi-hi-hi...
Bada-badam harabaň töweregindäki bulam-bujar gyrymsylykdan ýene-de birem şo göze görünmeýäniň hikirdisini alyp göterdi:
-Hi-hi-hi...





Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 74 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]