21:14
Oýun / hekaýa
OÝUN

Durmuş ýoluňa hemra boljak, öý işlerine gümra boljak zenany saýlamaga ýaşlykdan başlan Hezretiň taryhy şeýleräk. Ol zenanlar barada köp pikirlense-de, hiç haçan daşyna çykarmaýar, özi ýaly ýigitleriň ýanynda-da agzamaýar. Olaryň, bardy-geldi, bu syry biläýse, özüni gowşak hem yňdyrma ýigit hasaplamagyndan gorkýar. Beýlekilere gezek galanda weli, Hezret zenanlar hakynda aýdylýan bir sözlemem sypdyrman diňleýär. Şol gürrüňleriň her birini uzyn gijelerde ýekelikde saldarlap, oýlanyp – ölçäp görýär. Köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň birinde ýaşansoň, onuň otagyndan asmanyň ak ýyldyzlaryna tarap açylýan iki sany uly penjire bar. Hezret şol penjirelere-de tuty tutmagy gadagan edensoň, otagyndaky hiç bir zada ondan birugsat el degrip bilmeýärler. Ol diňe otagyň arassaçylyk işine goşulmaýar, ýöne şonda-da, arassaçylyk geçirilmeli wagtyny özi anyklap berýär. Hezretiň iki sany basdaş uýasy agasy tarapyndan çykarylýan we ýyl geçdigiçe güýjeýän bu “tertip – düzgüne” tap getiribilmän, ene – atasyna köp arz edipdiler. Ýöne bar zatda öz diýenini gögerdýän Hezret zenanlaryň näme diýilse şony etmelidigini aýdyp, iki gyz uýasyny hem gepletmedi. Soňabaka uýalar öýde Hezretiň ýok wagtynda arassaçylyk işlerini geçmäge başladylar. Otag kiçiräk bolansoň, ol köp wagtyňy alanokdy. Ýöne bary-ýogy dört-bäş ädimden gutarýan otagyň içinde goş örän köp bolup, olaryň Hezret tarapyndan nähili aýawly saklanýandygyna belet uýalar her bir zada seresaplylyk bilen çemeleşýärdiler. Aýratynam, Hezretiň gitarasy uýalaryň heder edýän zadydy. Onuň özüni arassalanlaryndan, duran ýerini süpürip oňanlaryny gowy görýärdiler. Hezretiň sähelçe zada-da iňirdäp, ähli keýpiňi gaçyrmagyndan çekinip şeýdýärdiler. Bir gezek uýalaryň birine gitaradaky çyzygyň öz işi däldigini düşündirmek uly görgi bolupdy. “Ýa sen eliňden gaçyransyň, ýa-da, gödek süpürensiň” – diýip eňek bermedik Hezret wagty bilen köşeşmändi. Şol sebäpden bu öýde iki gyz uýalarynyňam, uzak gününi işde geçirýän garry ejesiniňem bar arzuwy menikli, akylly-başly, hojalygy dolandyraýjak gyzy tapmakdy. “Ine, gelin alanyňda görübereris” – diýip, köpmanyly jogap berýän bolsalaram, olar tüýs ýüreklerinden şo gelniň Hezretiň isleýşi ýaly bolup çykmagyny arzuw edýärdiler. Hezret özüne hemra boljak, öý işlerine gümra boljak gyzy her ýerden agtarýardy, özem gizlinlik bilen agtarýardy. Diňe käwagtlar ýakyn syrdaşy Ýakubyň ýanynda öz içki pikirlerini paýlaşasy, ýüregindäki berç bolup giden arzuw – hyýallary mälim edip, olaryň iş ýüzündäki netijesini beýleki bir adamyň sözlerinden aňasy gelýärdi. Ýöne şol pursatlaram ol aýtmasyz bir zady aýdaýmaýyn diýýän adamyň seresaplylygy bilen geplänsoň, öz içki maksadyny pikir edişi ýaly aýdyň beýan edibilenokdy. Dosty Ýakup oňa çenli birgiden zenanlary agzap, eýýäm diýiljek bolunýan pikiriňem üstünden ötüp gidendir. Onsoň onuň ýer şary ýaly togalak dünýäni aýlanyp-aýlanyp, hut Hezretiň diýjek bolýan ýerine çenli geljek, sorajak bolýan zenanyna çenli ýetjek gümanasy ýokdy. Ýöne Hezret şonda-da dosty Ýakuby gowy görýärdi. Onuň mysalynda örän köp zenanlaryň tebigaty baradaky pikirleri başdan geçirip ýörmekligiň öz aýratyn lezzeti bardy. Käwagtlar iki dostuň bir perdeden gopýan gijelerinde Hezret kiçiräk otagynyň asmana çykýan iki penjiresiniň birini açyp, ak ýyldyzlaryň heserine meýmiräp, ýuwaşjadan mylaýym sazlaryň birine tutdurýardy. Bu heserli gijeler, aýratynam, ýaz aýlarynda oňa ynjalyk berenokdy. Baharyň gelmegi bilen Hezretiň asuda dünýäsi içinden janlanyp başlaýardy. Ol şonda nämälim alas-gopaslygyň sebäbini ýekeliginden görüp, asmana çykýan iki penjiresiniň birini açyp, uludan demini alýardy. Ýokarky gatlaryň birinde ýaşansoň, Hezretiň dem alýan howasy oňa hasam ymsyndyryjy, nämedir bir zada owsundyryjy bolup duýulýardy. Ýüregi çalt-çaltdan urup, şular ýaly pursatlarda ýerde däl-de, ýokarda ýaşaýandygyna gynanyp gidýärdi. Onuň göwnüne bolmasa, ýerde ähli zatlar asuda hem parahat, edil öz häsiýetine laýyk bolaýjak ýalydy. Şol sebäpden ol zenan gözlegleriniň iň esasy şertleriniň biri hökmünde onuň barjamly, baý maşgaladan däl-de, sadadan sypaýy, nesibesine kaýyl maşgaladan bolmagyny göz öňünde tutýardy. Baýlygyň içinde önüp-ösen zenanlaryň näçe edep – terbiýelidigine seretmezden, hökman bir ýerde özleriniň hökmürowan tebigatyny görkezerler diýen gorkusy bardy. Ol saýlan gyzynyň özünden ruh babatda beýik bolmagyndan ähli zatdan beter gorkýardy. Şonda Hezretiň asuda dünýäsi gapyşyp, ol ýokary gatdan gaçyp, kül-owram bolaýjak ýaly derejede gorkýardy. Dogrusyny aýtmaly, oňa diýýän zenanyny tapmak wagty bilen başartmady. Bolmasa, Hezret mekdep döwrüniň soňky synplaryndan bäri hem, gulluk döwründen bäri hem maşgala gurmagyň pikirindedi. Ömrüniň dürli döwürlerinde oňa dürli hili zenanlar ýarapdy. Bu babatda oňa daş-töweregiň täsiriniň ýetendigini aýtmak gerek. Hezret özüni näçe beýlekileriň pikirine garaşsyz hasaplasa-da, beýlekilere ýaramaýan gyzy uzak halap bilmeýär. Ýöne ol hemmeleriň dilindäki, görk – görmekden ýeterlik paýy bolan gyzlaryň yşgynda köýýär diýsek hem ýalňyş bolar. Ol ýyllar geçdigiçe, diňe durmuş ýörelgäň babatda däl-de, zenanlar babatda hem “altyn aralygy” tapmalydygyna ynanyp barýar. Hezret aýdym-sazyň muşdagy bolansoň, çagalykda bagşy bolar diýen umyt bilen sazçylyk mekdebine gatnansoň, özünde inçe duýgulary terbiýeläp durýardy. Ol, aýratynam, guşlary we gülleri gowy görýärdi, ýöne bu hakynda futbolyň janköýerleri bolan dostlarynyň ýanynda dil ýarmaýardy. Hezretiň zenanlary inçelik bilen synlap, olary haýsydyr bir guşa ýa-da güle meňzedip, ýitilik bilen berýän bahasyna dostlary haýran galýardylar. Umuman, Hezret “içinden suratkeş”, “içinden awçy” diýilýänleriniň hilindendi. Birnäçe synanşyklardan soň ol ahyry synpdaş gyzy Göwherde saklandy. Kelte boýludan tokgaja bu gyza bir saç gözelligi berlipdir diýäýmeseň, başga üýtgeşik owadanlygy ýokdy. Hemmeleri aňk edýän uzyn gara saçlary hemişe diýen ýaly örülgidi. “Sen hakyky türkmen gyzy” – diýip, degişýän joralarynyň sözünde hakykat bar bolsa, onda ol Göwheriň görk babatda däl-de, häsiýet babatda örän ýuwaş hem sadadan saýhally gyzlygyndan gelip çykýardy. Hemmeler Göwheri örän gowy görýärdiler. Uzyn boýly inçemik gyzlar bilgeşlän onuň bilen jora bolan bolsalar, soňlugynda Göwhersiz oňup bilmezlik halyna çenli ýetdiler. Nahar bişirmeli bolsa-da, “Göwher”, süýjüli nan bişirmeli bolsa-da, “Göwher”, tikin tikmeli bolsa-da “Göwher” diýeniňki ýaly, elinden dür dökülýän bu gyzy ählije gatnaşýanlary eý görýärdi. Olaryň arasynda, gör, näçe gezek “Seni oglan jigime alyp berjek”, “Seni Pylana maslahat berjek” diýen ýaly teklipler ýaňlanandyr. Gör, näçe gezek bu teklipleriň soňy bolan däldir, ýöne Göwher wagty bilen hiç kime baş galdyrybermedi. Şonluk bilen ony öz pikirinden mahrum, näme diýilse, şoňa kaýyl gyz hasap etdiler-de, “nesibeli gün bardyr” bahanasy bilen Göwheriň janlanaryna, özüne nähili ýigidiň gerekdigi barada dillenerine garaşdylar. Hezret bolsa Göwheri hemmeleriň gowy görýändigi üçin saýlady. Ol Göwheri ýanyp duran owadan gyzlardanam, içiňi gysdyrmajak döredijilikli gyzlardanam hasap edenokdy. Bardy-geldi, şeýle gyzlara zar bolup, ýüregi küýsäp, “Duşdum ümbilmez nadana” diýäýjek halatynda-da, asmana bakýan iki penjiresiniň birini açyp, ýuwaşjadan mylaýym sazlaryna tutdurmakçydy. Pelegiň bijeli gerdanyndan zeýrenip, derdini ak ýyldyzlar bilen paýlaşmakçydy. Ýöne ol bularyň hemmesini özüne mahsus görnüşde ýuwaşlyk we gizlinlik bilen ýerine ýetirmekçidi. Ol Göwheri duşuşyga çagyryp, ony gara nokatly gyzyl köýnekde gören wagtynda içinden “Kekenejigim” diýip ýylgyrypdy. Şol meňzetmesini bolsa, Hudaý bilsin, haýsy döwre çenli diňe özüne aýdyp, öz ýanyndan gülmekçidi.
Umuman, Hezretiň zenanlar babatda iki sany klassifikasiýa (görnüş) topary bardy: birinjisi, güller, ikinjisi bolsa guşlardy. Bulary aýratyn gowy görýän Hezret oňarsa, zenanlary şu ikisiniň haýsy hem bolsa bir toparyna goşýardy: tawus, durna, baýguş, totugyş, garga, leglek, pingwin, ikatýok, gotan, ak çarlak, garaz, sanasaň sogaby bar. Güller babatda bolsa, toparyň sanawy has hem uzyndy. Ýöne köplenç gülleri ähli gabat gelen zenanyna dözmän, olary örän inçeden ýiti kabul edýändigi sebäpli, seýrek meňzetmegi çykaryp başlady. Ol başarsa, zenanlary diňe guşlara meňzedip oňaýýardy. Ine, şol tebigatyň örän ajaýyp hem bol dünýäsiniň içinden öz paýyna “kekenejigiň” düşmegi Hezreti heýjana saldy diýip bilerismi?! Elbetde, ýok. Hezretiň günüň gününe oýlap tapýan oýundyr, çykarýan hokgalarynyň özüne hut şol heýjanyň ýetmändigi üçinem bolup biler. Ol bir gezek Göwher bilen teatrdan çykyp gelýärkäler, özüni söýüp söýmeýänligini sorady. Daş – töwerekdäki şildireşip akýan suw çüwdürimleriniň we şuwlap geçýän maşynlaryň sesinden ýaňa jogaby eşidibilmänsoň, “Hä?” – diýip, ikinji gezek gaýtalady. Elindäki sumkasyny berk gysymlap, gözlerini aşak salan Göwhere bu soragyň ýaramaýandygy bildirip durdy. Howa maýyl bolsa-da, baharyň ilkinji günleriniň agşamy, tolgunsaň, iniňi tikeneklediberýär. Etli-ganly, dolmuşja Göwher bolsa, asylam üşekdi, ýöne semiz görünmezlik üçin ýeňsizini geýmän gaýdandygyna içinden käýinmek käýindi. Hany, şol penjegini çykaryp, üstüňe atýan oglanlar barmy diýsene?! Gaýtam, mojugyndan mojugyny tapyp, ýeri bolsun-bolmasyn, “Sen meni söýýäňmi?” – diýip soraýar. Göwherden jogap eşitmejegini aňan Hezretiň sabyr käsesi püre-pürlendi. Ol Göwheri öýüne ugratmak üçin maşyn saklamaga niýetlenenem şoldy welin, tanyş ýigitleriniň birine gözi düşäýdi. Şol ikaralykda Hezret Göwherden “Şu ugratsa bolýarmy seni?” – diýip sorap ýetişdi. Jogaba derek alarylyp sereden Göwheriň garasy ýitýänçä, içýakgyç syrtaryp durdy. Göwher uzyn görünmek üçin geýen beýik ökjeli köwşüni tyrkyldadyp, saýhallylyk bilen ýöräp barýarka-da, onuň iki tarapyna atylan ýogyn örüm saçlary ünsüni çekip, Hezret kanagatlanma bilen dem aldy. Diýmek, ol ýalňyşmandyr. Bu gyz, hakykatdanam, hakyky türkmen gyzy. Gör, ol nähili buýsanjaň we özdiýenli, ýok özdiýenli bolmanam biler, ýöne esasy, ol buýsanjaň we asylly” diýip Hezret ýylgyrýardy. Özüni Göwheriň bagyşlap – bagyşlamajagy alada goýup baranokdy, sebäbi Hezret islendik pursaty hem öz bähbidine tarap üýtgedip, öz bähbidine laýyklykda düşündirip bilýärdi. Muny ol ýigitleriň gürrüňine goşulman, olaryň sabyrsyzlyk bilen berýän gürrüňlerini sabyrlylyk bilen diňleýän günlerinde öwrenipdi. Ol ýene-de bir zady, Göwheriň özüni çyndanam söýýän bolsa, bagyşlajagyny bilýärdi. Hezret şular ýaly oýunlar söýgini gowşatman, gaýtam, ony berkidýär diýip pikir edýärdi. Ýaşlygyň hezilligi onuň ýalňyşlardan dolulygynda dälmi näme?! Adam ýalňyşyp öwrenýär, ýalňyşyp kämil çykýar ahyryn. Ine, şo sebäpden Hezret bilgeşlän ýalňyşmagyň, oýun etmegiň tarapdarydy. Onuň özi hakynda keýpine ýalňyşaýmasa, atdanlykda ýalňyş goýbermek mümkinçiligi ýok diýen çaklamasy bardy. Hezret şo pursatda: “Indi meni söýýäňmi? – diýen wagtym bilbil ýaly saýrarsyň-a, kekenejigim” – diýip içini güldürdi. Göwher Hezreti, hakykatdanam, bagyşlady. Hezret bilgeşlän birnäçe gün garaşdyryp ötünç soranda, şo sözleri söýýändigi üçin aýdandygyny, şeýdip, Göwheri synap görmek isländigini, indi gyzyň söýgüsine ýüregi bilen ynanýandygyny nygtady. Göwher bolsa ýylylyk ýaýran buz ýaly eräp durşuna, gaýdyp beýle oýnuň gaýtalanmazlygyny haýyş etdi, Hezret şo pursat “bolýar” diýen bolsa-da, onuň “bolýasy” ýene birnäçe oýunlaryň döremegine sebäp boldy. Birinjiden, ol Göwhere yrsaramak isleýärdi. Şeýdip, ony durmuş sahnasyna taýýarlaýandyryn öýdýärdi. Bu pirim paşmady, sebäbi Göwher tikilişine at dakylan jalbary täzeden tikip, ony bahana tapar ýaly etmedi.
Ikinjiden, Göwheriň özi Hezretiň gyz uýalaryna kömek bermäge isleg bildirip, otagy gül pürkülen ýaly arassalady. Hezretiň gitarasyna bolsa ýörite daş geýdirip goýdy. Şeýtmegi hiç akylyna getirmedik Hezret muňa öz ýanyndan begendi.
Üçünjiden, Göwher soňky wagtlarda nätanyş belgilerden köp jaň gelýändigini aýdyp, Hezretden çykalga tapmagy sorady. Şo ýerde-de amatyny peýläp ýören Hezretiň guşy uçdy-da, ol Göwhere bar ajysyny pürkdi. Ýöne bir pürkmegem däl, ol “tüssesiz ot bolmaýandygyny”, “suw meýilli gurbaganyň bir dürtseň, iki bökýändigini” tekrarlady. Soňundanam gyzlaryň barysynyň birmeňzeşdigi hakynda janyýangynly bir sugşurdy welin, Göwheriň goňur gözlerinden ajy gözýaşlar paýraberdi. Göwher şol wakadan soň esli wagtlap öýünden çykmady. Ol barada nähilidir bir maglumat gözläp, içi byjyklap duran Hezretiň ähli pikirleri Göwher hakynda boldy. Bolmasa, ol gyzyň erkini ymykly eline alandyryn öýdýärdi. Mundan soň Göwheriň ýöreýän ýolunam ýitirip, diňe Hezreti göz öňüne getirip ýaşaýandygyna ynanýardy. Göwheriň öýünden çykman, ýas tutýan ýaly, hiç kim bilen gepleşmän ýörmegi onuň ýokardaky pikirlerini tassyklaýardy. Ol içinden awuny gapanyň üstüne getirip, diňe ok atyp awlaýmasy galan awçy ýaly begenýärdi. Göwheri gysajyna salyp, öz isleýşindenem oňat “netije” bilen “terbiýeländigi” ýadyna düşende, ol özüni zenanlary terbiýelemek meselesinde beýik mugallym hasap etdi. Indi onuň diýenine “däl” diýjek ýa-da gaňryşyna gaýtjak Göwher bolmaz. Şeýleräk pikirler bilen heşelle kakýan Hezret ilkibadalar Göwherden kem-käsleýin, assyrynlyk bilen habar tutan bolsa, soňundan ony habarlaryň birtaraplydygy alada goýup başlady. Bir aýa golaý wagtdan bäri Göwherden şol bir täzelikler gelýärdi. “Hawa bar. Gezip ýör. Hiç zat diýenok. Öz işlerini edýär. Ýok, seni soranok” ýaly jogaplar birden Hezreti gobsunmaga mejbur etdi. “O nähili soranok? Hiç hili soranokmy?” diýmäge zordan öwrülen dilleri ilkibadalar ulumsylyk bilen sakynan bolsa, soňundan geň galyjylyk bilen gepläp başlady. Uzak çydaman, öz döreden dünýäsiniň içinde ters aýlanyp ýören Göwheri göz öňüne getirýän Hezretiň howsalasy artdy-da, jaň etdi. Şo wagt onuň ýüregi gürsüldäp, agzyndan çykaýsam diýýärdi. Ol munuň oýundygyna ynanýardy. Göwheriň şular ýaly oýun oýnabilýändigi onuň üçin tötänlik bolup, Hezret ýaraşdyklary bu oýnuň jezasyny bermekçidi. Ol Göwheri şeýlebir kösär welin, dagy-duwara onuň oýun ýadyna düşmez. “Duruber bakaly, kekenejigim” – diýip, ol ýarym köşeşen äheňde seslendi. “Näz eden bolýansyň sen, nääz! Waah...” – diýip, Hezret näçinji gezek jaň edýändigini hasaplamak üçin saklandy. Onuň şo wagtky halyny näme bilen düşündirseň aýdyp oturmaly. Ol edil galyň diwary süsen adamyň äm-sämligi bilen sömelip durdy. Göwnüne bolmasa, bu pursat azsalymdan gutaryp, ýene öňki durmuşyna gaýdyp baraýjak ýalydy. Hezretiň näler şo wagta düşesi, ýene özüni söýgüli ýigit hasaplap, Göwhere görkezen oýunlaryndan lezzet alasy geldi. Arman, bu häzir mümkin däldi. Kem-kemden ýere düşüp, aýagynyň üstünde berk duran Hezretiň dyzlary gowşamaga başlady. Hawa, Göwher onuň pikir edişi ýaly däl ekeni. Ol, asyl düýbünden, onuň pikir edişi ýaly däl ekeni. Munuň şeýledigine ençe gezek gepleşmegiň ýoluny gözläp, hiç birini tapyp bilmedik Hezret Göwheriň durmuş toýuna çakylyk alanda hasam aýdyň göz ýetirdi. Hezretiň bu söýgüsi oňa oýun oýnamagyň beýleki tarapyny görkezen tejribe söýgüsi hökmünde ömürlik ýadynda galdy.

Bägül ATAÝEWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň mugallymy.

"ESGER" gazeti, 26.08.2021 ý.




Категория: Hekaýalar | Просмотров: 97 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Преступление, раскрытое дядюшкой Бонифасом - 28.04.2021
Отец / рассказ - 29.04.2021
Малыш / рассказ - 03.05.2021
Бобок / рассказ - 15.06.2021
Мусорный ветер / рассказ - 17.03.2021
Gudrat / hekaýa - 18.01.2021
Ваха / рассказ - 24.06.2021
Ene / hekaýa - 12.01.2021
Tolkunlar / hekaýa - 13.01.2021
Мой дядя Жюль / новелла - 12.04.2021



Всего комментариев: 1
0
Esger gazeti, 2021 nji y, 26njy awgust

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]