17:06
Oýlanma
OÝLANMA

Senli geçen aňzak gyşy küýsedim,
Çydap bilmän aýralygyň ýazyna.
"Söýen ýarym, dolanmazmyň?!" diýsedim,
Owaz goşup "Keçpelegiň" sazyna.

Häli-şindi gyzaryp dur göwnümiň,
Aýralykdan şarpyk iýen çekgesi.
Käşgä umyt dörese-di gursakda,
Ykbal meni sen tarapa çeksedi.

Astronomiýa-da üýtgäpdir sensiz...
Geçýän gün,deň däl ýigrim dört sagada.
Içdäkilem şeýle agyr, hem deňsiz,
Agyr düsjek, ol gojaman daga-da.

Soňky döwür pikirlermiz bulaşdy,
Garaz, şeýdip oňuşmadyk bol-telki.
Tekepbirlik beýnimize çolaşdy,
Söýgümizi öldürenem şol belki.

Ylham GURBANALYÝEW.

2021





Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Туркменистан—Родина процветания / Goşgular - 25.02.2022
“Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül” / Goşgular - 02.02.2022
"Gorkmaň hiç zatdan..." / Goşgular - 23.02.2022
Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022
Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Handurdy (Han däde) Jumadurdyýewiñ 50 ýaşynyñ toýuna / Goşgular - 22.02.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Goşgular / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]