09:26
Oýlanma
OÝLANMA

Men öňler geçip barýan durnalary synlap bize mälim bolan bu barlygyň bizden ötegçidigini bilip gynanýardym.
Hemişe-de garaňkylykda ýeke özümi ýalňyz galan ýaly duýýardym. Sesimi bolsa tükeniksiz boşlugyň içinde hiç kimiň eşitmeýänine gynanýardym.
Gorkýardym, ähli zatdan. Iň erbedem açyk Asmanda abanyp gelýän gap-gara haýbatly bulutlardan.
Ýöne indi beýle däl. Men üýtgäpdirin. Özem owalky keşbimden, bolşumdan nam-nyşan galmandyr diýen ýaly. Ahyry, özüme bolan garşylyklaryň ählisini boýun aldym. Kynam bolsa muny başardym öýdýän.
Görýän welin men asla hiç zat ýitirmändirin. Hiç zadam tapman ekenim. Ýitirdim diýip gynananlarym, tapdym diýip begenenlerimiň bary salgyma meňzeş ýaly...
Ýogsa-da, Sen bilýäň ahyry, duýup bilýärkäň sözüň däl, bogunyň däl, ýekeje harpyňam artyk bolýanyny.
Şonuň üçinem...
Hawa, şonuň üçinem hiç zat düşündirme haýyş!..

Bilbil KAKABAÝEWA.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 62 | Добавил: Bilbil | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
4 puo   [Материал]
мбахх....молодец

0
3 Haweran   [Материал]
Belli bir pikiri az sözde beýan edip oýlandyryp, oýa batyryp bilmegiñ gowy usuly.

0
2 Haweran   [Материал]
Şular ýaly gysgajyk ýazgylardan dowamly ýetirip dursañyz, gow-a bolardy okyjylar ü.nem, özüñiz üçinem.

0
1 Haweran   [Материал]
Käbir ýerlerinde harp ýalñyşlygy bar eken. Soraşman düzediş girizdim, bagyşlarsyñyz. :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]