00:48
Öýde dogan "Aý"
Geñ hadysa: ÖÝDE DOGAN "AÝ"

Bu geñ ýagdaý gyzylarbatlylar üçin täze ýylyñ uly hadysasyna öwrüldi. Bahalaryñ gymmatlamagyna howsala bilen garaşyp ýören adamlaryñ ünsi birbada bu hadysa gönükdi. Kimler ony gowulyga ýorup, baryp togap etse, kimseler ondan heder etdi.
Gyzylarbat şäheriniñ demirgazyk-günbatar mikroraýonynda ýaşaýan Gaýlyýewler täze ýylyñ ilkinji günleri öýleriniñ şäherde iñ gelim-gidimli ýere öwrüljekdigini, belki, güman hem eden däldirler. Gurluşyk guramalarynyñ birinde işleýän Amandurdy Gaýlyýewiñ aýaly 1991-nji ýylyñ 29-njy dekabrynda irden sagat ýediler töweregi oýanyp, yşygy ýakanda, diwaryñ ýüzünde agaryp duran aý şekilli alamaty görýär. Ol poldan 20-30 santimetr ýokarda ýarym aýlaw akja şekil bolup duran eken. Maral muña geñ galyp, goñşularyna aýdýar. Agyzdan-agza geçip, iki-üç günüñ içinde bu habary bütin şäher eşidýär. Hatda Aşgabatdan, Garrygaladan hem adamlar gelýärler.
Il arasynda ýaýran gürrüñe görä, öýden dogan aý ilki gijelerinde-de ýalkym saçanmyş. Onuñ ýanynda ýedi sany ýyldyz hem barmyş. Diwaryñ ýüzüni gazalasañ hem aý ýitip gitmän, öñküsi ýaly bolup durmyşyn.
"Eşiden deñ bolmaz, gören göz bilen" diýlişi ýaly, men hem Gaýlyýewleriñ öýüne baryp görmegi ýüregime düwdüm. Olaryñ öýüni uzak sorap ýörmeli bolmady. Awtobusdan düşenimden "Han-ha, şol öý" diýip görkezdiler. Derwezäniñ agzynda maşyn duran eken. Öý eýesi gelin howlusynda ol-bi işlere güýmenip ýördi. Salamlaşyp, öýe girenimizde bir ýaşuly adam diwaryñ ýüzündäki aý şekiliniñ öñünde çök düşüp, doga okap oturan eken. Maral Gaýlyýewa bolan zatlar barada gürrüñ berip başlady. Bäş-alty günüñ içinde bu öýe gelip-gidýänleriñ yzy üzülmändir. Mollalar hem gelipdirler. Gurhanda şu hili hadysa hakda aýdylýandygyny, ýöne beýle gudratyñ ýedi alamatynyñ bolmalydygyny aýdypdyrlar. Maral maña ýedi alamat hökmünde akja aý şekilli tegmiliñ ýüzündäki garamtyl nokatlary görkezip, olara ýyldyzlar diýdi.
Aşgabatdan gelen, Türkmen telewideniýesiniñ "Ýedigen" programmasyny alyp baryjy A.Şagulyýew bu öýden dogan aýy görse-de, näme üçindir ony surata alman gidipdir. Garrygalanyñ Gerkez obasyndaky Magtymguly muzeýiniñ işgäri A.Hasmämmedow bolsa Maraldan şol ýerde, öýüñ beýleki çüñklerinde ozal näme goýlandygyny, haýsy içeri goşlarynyñ durandygyny sorapdyr.
- Men oña "aýa-güne ynanmaz hem adam bolarmy. Eger şu şekil bir zat täsir edip döräýenliginde-de, näme üçin başga zadyñ şekili döremän, aý döräpdir" diýdim. Ol hem: "Hawa, ol diýýäniñ-ä dogry" diýip, gitdi - diýip, Maral gürrüñ berdi.
Bankanyñ gapagynyñ ýarsy möçberindäki ak şekiliñ gök reñkli diwaryñ ýüzünde agaryp durşuny gözüm bilen gördüm. Ýöne öý eýesi yşygy öçürip, "Hanha, akjaryp görünýändir" diýip, hernäçe aýtsa-da, şöhle saçyp duran aý görünmedi. Ol şekil buguñ, gyzgynyñ täsirinden döräne meñzeýär.
Ýöne öýden dogan aýda gudrat bolsa-da, bolmasa-da yzy üzülmän gelip duran adamlaryñ, öý eýeleriniñ ýagşylyga bolan umydyny, ynamyny syndyrmaga dözer ýaly däl. Döwür agyr, durmuş kyn. Gün-günden agyrlaşýan güzeran adamlary darykdyrýar, aljyradýar. Öýden dogan aý olaryñ kalbyna ýagşylygy guýsa, olaryñ göwnüne az-kem teselli berse, ol hem bir hasap.
Öýüñ bikesi, öý hojalykçy gelin Maralyñ üç çagasy bar. Onuñ iki oglunyñ dokumentdäki ady başga-başga bolsa-da, ýörgünli atlary Magtymguly, Azady. Gyzjagazynyñ hakyky ady Meñli. Her gelen bu maşgala, bütin il-güne rysgal-döwlet dileg edip gidýär. "Ýagşy niýet - ýarym döwlet" diýipdirler, belki, şeýle bolsun-da!

A.MUHAMMEDOWA.

"Balkan" gazeti, 10.01.1992 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 119 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amanbibi Muhammedowa | Рейтинг: 4.0/1
Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]