19:28
Öwüt-nesihat hakynda hekaýat
ÖWÜT-NESIHAT HAKYNDA HEKAÝAT

Atasy oglunyň gulagna guýan:
«Şeýle ýaşa oglum, şu günden buýan!

Durmuşda ýeňilme, peselme hiç wagt,
Şonda geler saňa söýgi hem bagt!

Daga dyrmaşan dek öňe git diňe,
Mydama ynamyň bolsun özüňe.

Kyn günde aljyrap, hasrata batma,
Hergiz öwüt-nesihatym unutma!»

Ogly onsoň, bilini berk guşapdyr,
Lellimlikden, erksizlikden boşapdyr.

Ynam bilen gelejege ätläpdir,
Elmydama atasyny ýatlapdyr.

Hiç ýan bermän ençe menziller aşan,
Uzak ömür sürüp, bagtly ýaşan...

Ruhubelent durmuş edinseň kada,
Göreşip ýetersiň maksat-myrada.

Eziz YKBAL.




Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eziz Ykbal | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýylganç kölege / Goşgular - 17.03.2021
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Palaw atar, eje / Goşgular - 10.02.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 16.03.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Gözümde gözýaşyñ / Goşgular - 08.02.2021
Bakylyk / Goşgular - 15.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]