16:15
Öwran ömür / hekaýa

ÖWRAN ÖMÜR

Syrtmak taýyn.
Astynda taňňyr.
Oň üstünde deşik bedre düňderilgi.
Mündi.
Geýdi.
Ätdi.
Iş bitdi...

*****

...Burny gijeýä.
Ýöne näme üçindir öňküleri ýaly asgyrasy gelmeýär-de, tyssyklasy gelýär. Özem gijeýänem burun däl-de, tumşuk ýaly bolup dur.
Dumly-duşy ys-kokdan doly. Öň-ä çar-töwerek muň ýaly ýiti yslar bilen aňkap durmaýady welin, elbetde, şu göwnüne bolmasa tumşuk bolup duran ýaly burnunyň ys alyş ukyby haýsydyr bir özüne ýetik sebäbe görä, has ýitelendir-dä.
Süňňem ýeňil. Öňküler ýaly, oýandygy endam-jany kül-owram bolup başlamady.
Ýa, hakykatdanam gaýran işi paşyp, indem aňyrda däl-de, bärde oýanaýdymyka?!
Ýöne “bärde” diýýä welin, ýalňyşýa öýdýän. Sebäbi hakykat-da bäri aňry bolup, “aňry” diýýänem “bäri” bolýan bolaýmasyn?!...
...Bulaşdy.
Çaşan beýnini düzetjek bolsaň, iň bolmanda şuş-şu pursat nirede ýerleşýändigiňi...has takygy, nirde ýerleşdirilendigiňi düzüwje kesgitlemeli.
Diýmek, mantygy kulçit (включить) etsek, o taýda ýerleşdirilen wagtyňda-ha bäri “aňry” bolýa. Öz erkiňemi ýa-da ýazgydyňa eýeripmi, aňyrdan bärik ýollanaňdan soňam o taýdaky “aňryň” bäri bolýa. Şeýlemi?!
Howwa.
Bolýa. Razy. Inni öz-özi bilen düşünişdi.
Emma, mundan ne peýda?!
Onsoňam dur-la. Bärde-de aňyrdaky ýaly burny gijeýä welin, nä, bu taýda-da ynslar ruh görnüşinde däl-de, ten sypatynda-da hereket edip bilýämikä?!
Eger şeýle bolsa, onna o taýy bilen bu taýynyň tapawudy ne?!
Ýene-de beden zyndanyna gabalan erkinlik, türmesi içre urnup, çabalanyp başlar-da. Näme onsoň, o taýyk sygmadyk köňlüň, bu taýygam sygnyp bilmän, ýene-de kirşen basan hapa kümede, ýüpdür, köne taňňyr-setilden özüne çykalga ýasanmalymy?!
Bar ýasanypdyram, şo çykalgadan çykmaga syrty çatypdyram diýeli. Onnoň o taýdan-a şeýdip, ine, bärik geldi.
Inni beýtmäge het etse, bu taýdan niräk gitmeli?!
Ýa, ýene-de şuň ýaly, bärisi üçin “aňry” bolan ýeremi?!
Onnoň bu çykdy-girdili, aňry-bärili oýun näçe gezek dowam etmeli?!
Tükeniksizmi?!
Diýmek, onna ýene-de logikany işletseň, ýüp kementle, taňňyrdyr-bedreden ol-a özüňe syrtmak-çykalga girilýän münberjik düzünmek ekeni, mähnet gara dag ýasan, peýdasy nöw. Bu tükeniksiz pyrlanyp duran “aňry-bärili” çarhyň deminden sypma ýok bolýa-da?! Şeýlemi?!
Kellesi agyryp başlady.
Kindiwanja, tüýjümek kellejigini iki ýana talawlatdy-da, kelleçanagynyň iki gyrasyndaky çürüje gulajyklaryny keýertdi.
“Kindiwanja tüýjümek?!”.
“Çürüje gulajyklary?!”.
Ýa Ýaradan, maňa näme bolýa?!
Nirde men?!
Onuň öz bolşuna zähresi ýaryldy. Tutuş durkuny galpyldydan dolduran wehimi, köneden galan endigine eýerip, Hudaýa nalyş şekilinde daşyna çykarmakçy bolanda-da, “mawlady”.
“Bu nämäň gopdygaýmag-aý!”...
Beýnisinde ýyldyrym çakan dek ýalpyldan, allajy gorkudan püre-pür şu pikiri bilenem aňy öçdi.
Tümlük...

*****

Ýene tumşugy gijeýä.
“Tyssyk-tyssyk” edip, gijisini gandyrdy-da, kellejigini talawlatdy.
“Düýş dä eken!” diýip, demini içine çekip, howpurgamaly oýlandy-da, özi bilen bolup geçýän haýrany-serasymalykdan gizlenmek üçin, gözüni pugta ýumup, ýene-de çaşjak boldy.
Bolmady.
Halasgär garaňkylyk onuň sargydyny kabul etmedi. Ony özüniň mymyjak, rahat goýnuna dolap almak islemedi.
Ol ýatan ýerinden dikelende, synasy özünden erksiz, tüýlüje çöpe çalymdaş öň aýaklarynyň ýumşajyk penjesini ýere diredi. Yzky aýaklarynam yza dartyp, tutuş göwresi bilen süýnüp, gerindi. Guýrugyny dikgertdi.
“Guýrugyny?!”.
Ýene-de bir gezek huşundan gitmäge dyrjaşdy.
Paşmady.
Howandar bihuşlyk, göýä: “Nä, bärde islän wagtyň çaşyp ýataryň ýaly, kesanasyna tutan bagşyň bamy?!” diýip, nägile hüňürdeýäne çalymdaş, öz-özünden ýumjuklanyp duran gözleriniň öňünde çala bir görnen ýaly etdi-de, gaýyp boldy.
Nazary durlandy.
Dünýe öňküsinden pessejik.
Özem daralypdyr.
Bir tarapdanam irelipdir.
Öň beýle äpet däl baglaň-a, depesi gök direýär.
Gumaşak toprakda haýsydyr bir iňňän wajyp iş edýändiklerini sereşläpmi ýa-da hakykatdanam şeýle iş edipmi, ýöne ýaman çynlakaý, agras sypatda eýläk-beýläk ibirt-de-zibirt garynjalaram ep-esliň ýarysyna çenli ulalan ýaly.
Ýa çypbakaý-çyndanam, bu taýy o taýy däl-de, bäri bolan aňrymyka?!
...Bizar-aý, şü yzy üzülmeýän düşnüksizlikdenem, beýni doly jogapsyz sowallardanam!
Iň nejisem, öň-ä bu taýy däl o taýda ýa-da has takygy, inni aňry bolan “bärde”, iň bolmanda, öz-özüň bilen hümürdeşibem bolsa, içiňi döküp bolýady. Däli deý özbaşyňa samrap ýörşüňe-de, bir-de bolmasa beýleki-de, öz-özünden “ýylp” edýärdi-de, haýsam bolsa bir sowalyňa jogap tapylaýýady. Inni bolsa, şo mümkinçilikdenem mahrum.
Dagy nä, geplejek bolsaň “mawlap” dursaň, nädip öz-özüň bilen gürleşjeg-aý?!
Özbaşyna samahyllap ýörene o taýda: “telbe” diýýän bolsalar, bu taýda nä, özbaşyna “mawlap” ýöreni sylap goýarlar öýdýämiň?
Wapşe gutaran hasap edäýmeseler.
Onna nätmeli?!
Içiň-ä hümmüldiden depme-dykyn. Özüň bolsa gepläbem bileňok. Diňe “mawlamany” başarýaň. Ýa özüňe: “wapşe tükenen, kanes film-laý” diýdirmejek bolup, lalyňy açyp oňaýmalymy?!
Bäh!
Bu taý-a aňry bolan o taýyndan has ýaman ekeni.
Onna, nä, bihuda özüne ýüpdür-taňňyrdan gapy gurnanypdyr eken bolýa-da, şeýlemi?!
Ýene-de bir sapam: “Bäh!”.
Bu-la hasam ýürekgysgynç boldy-aý!
Sebäp diýseň, o taýda diriligin-ä manyly, mazmunly etmäň hötdesinden gelmedi. Iň bolmanna ölümine bir, sähelçe-de bolsa, garaz zerre gadarlyk many çaýmak isläpdi welin, onsam başa barmadyk bolýa-da, onna! Şeýlemi?!
Çaklaňja gursagyny dolduran bimanylyk duýgusyna tap getirip bilmän, ol herniçe “mawlamajak” bolup duranam bolsa, nädip närazy perýatdan doly, naýynjar “mawlap” goýberenini özem aňşyrmady.
-Mýa-a-w-w!
Onuň özüniň çaky çak bolsa, bu süýkdürilen, sodaja “mýawyna-da”, megerem o taýynyňam, bu taýynyňam, indiki geljek haýsydyr bir “taýlaryňam” ähli gam-gussasy, manysyz tükeniksizligi, tukat gaýtalanmaň ýürekgysdyryjy ymgyrlygy sygan bolsa gerek...

*****

Ajygýa.
Içegeleri “jugur-jugur” edip, iki ýana gybyrdyklaýan mör-möjejikden dos-doly bolara çemeli. Iç-goşy tutuşlygyna ýörmül-ýörmül bolup dur.
Niredenem bir ýerden, jylkaja et bilen ýaglyja süýdüň ysy gelýär.
Ýa-da, gaty ajygandygy sebäpli, ony inni tumşuk bolan öňki burny aldaýar.
Bü, içegedäki mör-möjekleri nädibem bolsa, birneme köşeşdirmek üçin nirä ýumlugsaň, dogry bolar?!
Ol töweregine esewan etdi.
Ýene-de sorag.
Bizar-aý, şu taýyndanam. O taýam-a soragdan hyryn-dykyn bolmak meselesinde jenneti-mekan däldi welin, edil munuň ýaly her ätjek ädimiň çözülmesi müşgil sowala öwrüläýesi gelip durmaýady. Iň bolmanda, gara bokurdakdan nämedir bir zat ötürmek babatda şeýledi.
Birdenem, malýatagyň ýanyna üýşürilen dersiň üstüne gonup, jagyl-da-jugul boluşýan başagaý serçeler gözüniň aýtymyna ildi. Ol öz bedenine näme bolup, näme gopýanyna-da düşünmäge ýetişmedi.
Diňe çeýe göwresi ýere siňäýjek bolup, ýapyrylyp, emaý bilen serçelere garşy bukdaklap, ep-esli aralygy geçenden soň, aňyna ýetdi.
“Aw edýäs!” diýen hoşnut pikir kellesine gelende bolsa, onuň öz-özüne haýrany hekgerdi.
Eý, eý, nämäň awy-how?!
Ol-how, ömründe pildir-çarşakdan özge ýarag tutup görmese nä?!
Il bir halys bolmanda, harby gullukda: “aptomat nemedip gördük” diýşip, gomalan bolýandyr welin, onuň-a gullugam, “poçirk” diýlip düşnüksiz atlandyrylýan haty owadan bolandygy sebäpli, “karargäh” diýilýän ýeriň mürzeliginde geçdi.
Ýöne, bu mahal bujagaz müjülje göwräň öz golunda, ýa-da has takygy, penjesinde “aptomat” tutup görmändigi piňine-de däl. Haýsam bolsa işigaýdan biriniň lukma öwrüljek-öwrüljek bolup durandan bihabar, bigam jürküldeşýän serçelere tarap ýaman dogumly, köp çarşenbäni başyndan geçiren ussat deýin bukdaklaýar.
Bu-da, birki gezek synanyşandan soň, barybir bu bedeni şu wagt-a erkine tabyn edip, togtadyp bilmejegine gözi ýetdi. Şoň üçinem: “Barybir gutulgysyz zorlanjak bolsaň, süňňüňi gowşat-da, lezzet almaga çalyş!” diýilýän garahenekli, bihaýadan wejera aýtga eýerip, nähilidir birhili keselbent gyzyklanma bilen özüniň aw edişine, öz nazarynyň iç ýüzünden tomaşa etmäge başlady.
Uzak garaşmalam bolmady. Assyrynlyk bilen ders üýşmegine ýakynlan göwrejigi, birsellem amadyny peýläp durdy-da, birdenkä gözilmez çaltlykda özüni öňe zyňdy. Şol badyna-da, ala-jürküldi serçeleriň birini gabyrdadyp öňpenjesiniň aşagyna düýrledi. Serçeleň galany güsürre galdylar.
Oň göwresi bolsa, birjigem säginmän, penjesiniň astynda terpenýän janlyja tene garşy egildi-de, hatyladyp kellesinden agyz urdy. Bir dartanda-da, ony boýnundan sogurdy. Şo pille-de ol öz oturan göwresiniň jümmüşinde hiç bir erk-ygtyýar bilen agyzdyryklap bolmajak wagşyýana, haýwany duýgyň oýandygyny syzdy. Onýança-da, onuň tumşugyndaky kiçijek, naşyja, ýitije gyýaklardan doly agzy, ägirt uly eşret bilen myrlap, öňünde ýatan serçäň läşini tary-mar etmäge girişdi.
Onuň agzy guş ýeleginiň, ganyň, owranýan süňküň, çig etiň, öz sülekeýiniň tagamyndan doldy.
Birwagtyň özünde onuň hem-ä ýüregi bulandy, hemem işdäsi açyldy.
Onuň agzy ýaňybir oljasynyň etine ýetende-de, birdenkä ýeňsesinden eşidilen oslagsyz, ýöne juda howpludygy çak etdirýän gabyr-gubur, ony bir demde dört aýagynam saň-gaty edip, gerşini egreldip, dim-dik bolmaga mejbur etdi. Ol azap edip tutan awuny aldyrmazlyk üçin, ony äňiniň arasyna gysyp, dem salymda ýeňsesine bakanda, özüne garşy ala-hasyrdy bolup, okdurylyp gelýän, özünden gabarasy ep-esli uly gürjini gördi.
Ol ýagyrnysynyň tüýlerini syh-syh edip, azmly myrlady-da, bir bökende honda atylyp düşdi. Dört aýagy bilen bir ýere düşüp-düşmänkä-de, beýleräkde howalanyp duran garala tarap ýazzyny berdi. Bärden çal tüýli ýumak bolup atylyp barşyna-da, badynam gowşatman, ýüzüniň ugruna agajyň çürbaşyna dyrmaşdy. Şol ýerde, öz agramyna aşak-ýokaryk çalaja leňňer atýan şahaň üstünde, oňa dyrnaklary bilen pugta ýapyşyp durşuna-da, nämeleň bolup geçýändigine düşünmek üçin daş-töwergine ser saldy.
Şol wagtam, özüniň oturan ýerinden gowy görünýän derweze tarapdan bäş-alty sany oglanjygyň bäriligine ylgaşyp, gykuwlaşyp gaýdanyny gördi. Olar aňyrdan gelşine, deminem dürsemän, ellerine ilen daşmydyr-kesekmidir, çem gelen zatlaryny oňa aýlap salmaga başladylar.
Ol bolsa, agzyndaky oljasyny penjesiniň astyna aldy. Hallanlamasy barha ýygjamlaşýan, yrga şahada busuryldy. Süňňi bilen titräp, näme üçin beýdýändigine, şeýtmek bilen kimden haraý hantama bolýandygyna özem düşünmän, erkiniň tersine, zarynlaýana çalymdaş naýynjar mawlap ugrady. Şol pursat ol nämäniň degendigini görmäge-de ýetişmänkä, nämedir bir zat patylap maňlaýyna degdi. Gözüniň öňüni gyzgylt garaňkylyk gaplady. Birdenkä, dem salymyň içinde süňňi gowşady. Ol nädip beýle bolandygyna aň salmaga-da ýetişmänkä, penjeleri şahadan sypdy-da, şol belentlikden kelemenläp, dikbaşaşaklygyna gaýtdy...

*****

...Ol edil gulagynyň düýbünde kimdir biri, duýdansyz: “wäh” diýen dek, ziňkildäp gitdi. Birbada özüniň nirede durandygyna düşünip bilmän, gözlerini çar ýana elek-çelek etdi.
Tozan basan köne-küşülden doly küme.
Üçeginden ýüp sallanýar.
Öňünde köne taňňyr, bedre...
Depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
Düşünmedi.
Bu nähili beýle bolýar-aý?!
Ol ýaňyjajyk şü bedrä münüp, nemetdi dämi-aý?!
Gaty gowy ýadyna düşýär ahyry. Hatda, segsen kileden agdyk göwresini oň üstüne atanda, bedräň myşşaraýjak-myşşaraýjak bolup, “jatylap” çaýkanyşam huşunda...
Indem ine, ol ýene-de şu taýda...
Ýa ýene-de hemme zat täzedenmi?!
Ýa-da, oň gözüne birzatlar göründimi?!
Beý diýseňem-ä, ol içgilem däl, çekgilem.
Öz serinde...
Hymh!
“Öz serindelik” hakdaky pikir kellesine gelende, ol nädip turşumtyk ýylgyranynam duýman galdy.
Heýem bir, öz serindäki adam, syrtmak ýasanyp, oň astynda eýýäm asylanyny ýa-da entek asylmanyny bilip bilmän, söm-saýak bolar durarmy?!
Beh!
Kim görkezdikä, oňa bu IMAX 12D kinony?!
Owalbaşda ýaradylanda, durky-düýrmegi dirilige ymtylyşdan eýlenen tutuş tebigatyň zanny-ýasawyna garşy, nalajedeýin pişä baş goşýandygyna elheder alyp, sähel salymyň içinde ony bu işi gaýyrmakdan saklamagyň set hazar usulyny paýhas eleginden geçirmäge-de, şolaň içindenem iň netijelisini saýlamaga-da ýetişen, öz aňastaňymy?!
Ýa-da hiç haçanam bendesinden umydyny Üzmeýäniň hut Özi?!
Ýa-da, ilk-ä ony dünýä getirmek üçin jepa baryny çeken, soňam ony ese-boýa galdyrmak üçin hunaba baryny ýuwdan, birmahal pahyr bolan görgüliniň gaýypdaka-da ony gözden salmaýan penakär ruhumy?!
Belki-de, onuň bilen dünýäde dowam etmegiň hatyrasyna, sulbasyna zor salan bendäň, bumat özünden öneniň ejizligine jany ýanyp, aýan bilen bipaýanyň aralygyndaky synmaz perdäni ýyrtaýjak boluplar urunýan gaharjaň salgymydyr?!
Belki-de...
...Çaklamasy sansyz bu hadysaň. Anygynam Alla bilýär.
Bu bolsa, syrtmagyň aşagynda, düňderilen taňňyrdyr-bedrä münmäge ikirjiňlenip, oýurganyp dur.
Kelleçanagynda-da pikirler tüweleý turuzýar...
...Bäh!
O taýda-ha eýle eken.
Ýa, muň: “o taýy” diýip hetjikläp oturan ýeri, hakykat-da o taýy däl-de, bu taýymyka?!...
...Ýene bulaşdy.
Ýeri bolýa, o hiç. Soň akyl ýetirjek bolup görer.
O taýy “bu taýy” bolsa-da, başga bir, ynsan paýhasy ýetmejek jelegaý bolsa-da, o taýy şo taýda galsyn.
Ýeri, bu taýda, ine şumat, eli bilenjik taýýarlan syrtmagynyň astynda dikilgazyk bolup durar ýaly, bahanasy näme?!
Derdi köp onuň.
Haýsy birini sanajak?!
Esasysam ýaşlykdaky arzuwlaň kiçi-girimi ýarpy-ýaltarak wysal bolan bolaýmasa, galany namut! Durmuşdan ät gala-gala-da, halys bez boldy. Ýadady. Doýgun. Irgin. Islänok. Besdir...
“Şumy bary? Ýa başga-da bamy?” diýip, içinde nämedir birzat, gamgyn danalyk bilen pyşyrdady.
Jogap ýok.
Baram bolsa, beresi gelmeýär. Sebäbi hemme zatdan öte argyn. Özündenem, dünýädenem. Öňem muň ýaly öz-özüne berlen sowallary diňläbem, olara jogap agtarybam lüti çykdy.
Dymdy.
Içindäki pyşyrdam şeýle.
Dymyşyp durlar.
Küme gum-guklyk.
Kalbam şeýle.
Birdenem, onuň özi, içinde eşidilen pyşyrdyny biygtyýar daşyndan gaýtaladymy ýa-da başga bir ýerden owaz geldimi, alagaraňky ümsümlikde ýaňka meňzeş pessaýja, gussaly ses eşidildi:
-Ýol bolsun!...

*****

Syrtmak taýyn.
Astynda taňňyr.
Üstünde bedre.
Münmelimi?!
Geýmelimi?!
Ätmelimi?!
Soň näme?!...
Gijenmi?
Ýa itbalyk?!...






Категория: Hekaýalar | Просмотров: 131 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Помидоры / рассказ - 25.06.2021
Солнцестояние / рассказ - 25.06.2021
Плывет шоколад / рассказ - 25.06.2021
Adibning vafoti / hikoya - 21.02.2021
Ýolbars / hekaýa - 10.05.2021
Ямская слобода / продолжение - 17.03.2021
Дело госпожи Люно / новелла - 18.04.2021
Два моря / рассказ - 23.06.2021
Есир / рассказ - 08.06.2021
Роза для Соломона / рассказ - 18.04.2021



Всего комментариев: 6
1
5 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Salam dostlar, Üÿtgešik hekeÿa, Bir sorag: Šu hekaÿany terjime etmek üçin kimden we nähili rugsat alyp bolar??? Hem-de šu awtoryñ bašga eserlerini nireden tapmaly?

0
6 Bagabat   [Материал]
Waleýkim essalam, @ibrahimbadakhshan, terjime etmek meselesinde azajyk howlukmasak dogry bolarmyka diýýän. Sebäbi şu wagt hekaýany täzeden okadym welin, göwnüme ýaramady. Çig görýän. Aýdylmakçy bolunýan pikir bilen beýan ediliş äheňi deň gelmeýär. Elim degdiginden gaýtadan işläp goýjak bolaryn.
Bu saýta goýlan beýleki materiallary açjak bolsaňyz, hekaýaň tegindäki awtoryň at-familiýasynyň üstüne bassaňyz ýa-da saýtyň ýokarysyndaky komanda setirindäki "Awtorlar" bölümine girip, şol ýerde awtoryň at-familiýasynyň üstüne bassaňyz açylýandyr.
Ýagşy sözleriňize taňryýalkasyn.

1
3 Myhman0430   [Материал]
gowy

öwran ömür=reinkarnasiýa gowy tapyndy.

gopdygaýmak - öňem bir (hekaýada) ýaşuly bardy, aňry-bäriň arasyndaky derwezäni görüp gaýdan. şony ýatlatdy :-)

pikirlenende tapýanja gepler-ä, birhili, özüni heläklejek derejä geliniňkä meňzänok. keýpi daş ýarýa. "nöw" diýen ýaly her hiltjek sözler ulanýa. aňryk baransoň nastraýeniýasy gowlanandyr-laý. sebäp diýseň o ýerde muňky çüwýä. gijenlikden saýlanyp, pişiklik stažy ýetik janewerlere-de seýrek başardýan aw bu bagty gelene birinji gezekde başardýa, tüweleme.

has takygy aw etjek ýerine garaşdym. okaýanlaň agzyny suwardyp as iýdirer öýtdüm.

Murakaminiň "pişikleriň şäherinden" kem ýeri ýok. biraz işlense ondanam gowy bolardy.

biraz biynjalyk eden sözler:
nöw
epesliň ýarysy
sebäp diýseň
has takygy

0
4 Bagabat   [Материал]
As-ly pikiriň gowy ekeni. Ýazylýarka kellä gelmändir. Oň ýerine hažžyk ýa-da gurbaga-da bolup biljek ekeni. Has ynandyryjy bolar ýaly. Äý bolýa. Indiki sapar.

1
1 mango   [Материал]
Pişigiň (gijeniň) hereketlerini gaty gowy suratlandyýaň.
Öň gijen bolup gören ýaly. :-)
Ala-sarmyk etdi hekaýa.
Näme bold-aý?
Nirä gidip geldik?
Ýa giden ýerimizem ýokmy?

0
2 Bagabat   [Материал]
Alla bilýä.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]