12:35
Owganystanda bolup geçenler dünýewiligiñ gymmatyny orta çykardy!..

OWGANYSTANDA BOLUP GEÇENLER DÜNÝEWILIGIÑ GYMMATYNY ORTA ÇYKARDY!...

Gadyrdan okyjylarym!
"El-Kaide" terrorçylykly toparynyñ 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda ABŞ-na garşy gurnan terrorçylykly aktlary öwrülişik sepgidi boldy. ABŞ Angliýa bilen bilelikde 2001-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda Owganystana goşun saldy. 2003-nji ýylyñ awgust aýynda-da BMG-nyñ kabul eden karary esasynda NATO-nyñ goşuny owgan urşuna goşuldy. 2021-nji ýylyñ 31-nji awgustynda Owganystandaky iñ soñky amerikan esgeri ýurtdan çykansoñ, ýigrimi ýyl dowam eden owgan urşy tamamlandy. Owganystanda täze sahypa açyldy.
Türkiýäniñ Ýaragly Güýçleriniñ 26-njy Baş serkerdebaşysy Ilker Başbug bilen geçiren şu günki söhbetdeşligimizde owgan temasynyñ üstünde ähli taraplary bilen durup geçeris.


Ugur Dündar (U.D.): Hormatly Başbug, Owganystan barada bize nämeleri aýdyp biljek?

• IMPERIÝALARYÑ MAZARYSTANLYGY: OWGANYSTAN

Ilker Başbug (I.B.): - "Imperiýalaryñ mazarystanlygy" diýlip tanalýan Owganystan hiç wagtam daşardan üstünlikli eýelenmändir ýa-da dolandyrylmandyr. Öz içinde-de üstünlikli ýagdaýda dolandyrylmandygy görnüp dur.
Etniki we dil taýdan alanda köp dürliligi özünde saklaýan Owganystanda, elmydama diýen ýaly paýtagt Kabulda gowşak hökümet boldy. Ýerli tire-taýpalar, aýratynam daglyk sebitlerde ýaşaýanlar özygtyýarly we baş-başdak düzgünde ýaşaýarlar. Öz ýaşaýan ýerlerine hojaýynlyk edýän uruş ketdeleri araçäk zonalarda ýa-da Kabulda täsir ediş güýjüni edinmek üçin ýygy-ýygydan özara çaknyşyklara girýär. Ýurduñ relýefiniñ endigansyzlygy, deñiz derejesinden çendenaşa beýikligi, gyýçak daglyklar we ýowuz howa şertleri kese ýerli goşunlar üçin hemişe ýeñip bolmajak kynçylyklary döredip geldi.
Aleksandr Makedonskiý, Britaniýa imperiýasy, SSSR, has soñra ABŞ we NATO güýçleri Owganystanda özlerine laýyk düzgüni girizmäge synanşanam bolsalar, hemmesi şowsuzlyga uçrady.
Öñümizdäki wagtda Talibanyñam bütin Owganystany ele alyp, güýçli hökümet gurup biljegi nägümana.

U.D.: - ABŞ 2001-nji ýylda Owganystana girende nähili işleri durmuşa geçirmegi maksat edinipdi?

• ABŞ-nyñ EL-KAIDÄ ZARBA URMAKDAN BAŞGA OÑARAN ZADY BOLMADY

I.B.: - Düýp maksat - Owganystandaky "El-Kaide" terrorçylykly toparyñ köki-damary bilen ýok edilmegidi. Bu maksada "El-Kaidäni" özünde saklaýan Taliban hereketiniñ giñ möçberleýin ýok edilmegi, terrorçylykly toparlaryñ Owganystany ygtybarly nokat edinmeginiñ öñüniñ alynmagy, bu işleri amala aşyrmak üçin owgan goşunynyñ gurulmagy we ähli owganystanlylaryñ ynamyna girip biljek güýçli hökümeti gurmagyñ üpjün edilmegi ýaly wezipelerem girýärdi.
Häzir bu maksatlara näderejede ýetilendigine ser salynanda, Owganystandaky "El-Kaide" güýçlerine uly zarba urulandygyny aýtsa bolar. 2021-nji ýylyñ 31-nji awgustynda Owganystanda bolup geçen wakalar beýleki maksatlara ýetip bolmandygyny görkezýär.

U.D.: - Siziñ pikiriñizçe bu şowsuzlyklaryñ sebäpleri nämede?

• OWGANYSTAN GEOGRAFIÝASYNDA ULUS DÖRETMEK MÜMKIN DÄL

I.B.: - Jaýdar aýdylan bir gowy söz bardyr: "Taryh öñüni görüp bilmeýänlere rehim etmeýär."
Owganystan ýaly geografiýada bir "ulus döretmek" ("nation building”) hiç haçanam mümkin bolmasa gerek.
ABŞ Owganystanyñ sosial, ykdysady we syýasy hakykatlaryna ýeterlik tanaman şeýlekin mümkin däl işe burnuny sokup ullakan ýalñyşlyk goýberdi.
"El-Kaidä" garşy geçirilen operasiýany belli bir derejede dogry hereket hasaplasa bolar. Emma wagtyñ geçmegi bilen bu strategiýanyñ Talibanyñ ýok edilmegi wezipesinem öz üstüne almagy, operasiýany şol wagtdan başlap çykgynsyz ýagdaýa sokdy.
Talibanyñ owgan halkynyñ bir bölegi bilen ýakyn gatnaşyk saklaýandygy ýatdan çykaryldy. Talibanyñ Owganystanyñ iñ uly etniki topary bolan puştunlara arkalanýandygy we puştun milletçiliginden peýdalanýandygy gowy analizlenmedi.
Aýratynam, Talibanyñ merkezi hökümetiñ nogsanlyklaryny düzetmäge we halkyñ talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdiren işlere girişendiginem ýatdan çykarmaly däl. Şu çarçuwada, belki-de iñ esasy zatlaryñ biri: Owganystanda korrupsiýa sebäpli halkyñ ynamyndan gaçan hukuk goraýjy ulgamyñ ýerine, 2005-nji ýyldan başlap Talibanyñ bellän dikmeleri arkaly halkyñ gözünde "bitarap" we "adyl" sud ulgamyny getirmegi boldy.
"Ulus döwletiñ" we "milli goşunyñ" ýok ýerinde, Owganystandaky bilim ulgamynyñ diýseñ pes bolmagyny-da göz öñüne tutulanda, guran harby bölümleriñizi iñ soñky ýaraglar bilen üpjün etseñizem hiç zadyñ hötdesinden gelip bilmersiñiz. Şol sanda owgan goşunlarynyñ bu kämil ýaraglary we tehnikany näderejede gowy ulanyp biljegi-bilmejegi-de aýratyn üstünde durulmaly mesele.
Elbetde, şowsuzlygyñ birnäçe ýerlikli sebäpleri bar.

• ABŞ-nyñ OWGANYSTANDAKY ŞOWSUZLYGYNYÑ SEBÄBI KORRUPSIÝA

ABŞ-ly diplomat Raýan Krokeriñ nämüçin Owganystanda şowsuzlyga uçralandygy barada aýdan pikirleri gyzykly:
"Owganystandaky şowsuzlygyñ düýp sebäbi terror däl. Düýp sebäp ýurduñ etine-ganyna ornan korrupsiýada." Krokeriñ pikiriçe korrupsiýa owgan halky bilen Talibanyñ arasyny barha ýakynlaşdyrdy.

U.D.: - Ýigrimi ýyllap dowam eden owgan urşy gaty gymmada düşmedimi?

• OWGAN URŞUNYÑ NETIJELERI HOWPURGADYJY

I.B.: - Ilki bilen wepat bolanlaryñ sanyna göz aýlalyñ. 2.443 amerikan, 1.444 NATO esgeri Owganystanda wepat boldy. Ýaraly amerikan esgerleriniñ sany 20.666-a ýetdi, 66.000 owgan esgeri, 48.000 owganystanly ýönekeý raýat şu döwürde wepat boldy. Owganysanly ýaralylaryñ sany bolsa 75.000-e ýetýär. Bu görkezijiler diýseñ howpurgadyjy.
Taliban 1996-2001-nji ýyllarda Owganystany dolandyrypdy. Ýigrimi ýyldan soñ Taliban Owganystanyñ häkimiýetini gaýtadan ele geçirdi.
Owgan urşunyñ maddy çykdajysy-da ummasyzdyr. ABŞ-nyñ Owganystanda bir bitewi ulus kemala getirmek üçin harçlan puly 145 milliard dollar, uruş üçin sowulan pullar bolsa 837 milliarda ýetýär. Owganystanda 1 trilliona golaý dollary ýele sowran ABŞ-nyñ Yrakda, Owganystanda, Päkistanda ýigrimi ýylyñ dowamynda harçlan umumy puly 6.4 trillion dollar.
Bu puluñ bir bölegi amerikan harby senagat şereketlerine gidenem bolsa, barybir ortada harçalanan ummasyz pul bar.

U.D.: - ABŞ-nyñ Prezidenti Jo Baýden Owganystanda bolup geçýän wakalar sebäpli kyn ýagdaýda. Baýdene örän agyr tankytlar ýagdyrylýar. ABŞ nädip bu ýagdaýa düşdi?

I.B.: - Ilkinji nobatda şu dogry seljermäni bereliñ: Amerikan goşunlarynyñ Owganystandan çekilmegi Barak Obamanyñ döwründe başlady. Obama 2011-nji ýylda Owganystandan çykyp biljekdiklerini we çykyşyñ 2014-nji ýylda gutarjakdygyny mälim etdi. 2011-nji ýylda ABŞ-nyñ Owganystandaky esgeriniñ sany 100 müñe ýeteñkirleýärdi. Bu san 2015-nji ýylda 10 müñe düşdi. Munuñ netijesinde owgan hökümeti ýurdunyñ 16 göterime golaýyny Talibana aldyrdy. 2015-nji ýylda ýagdaýy gören Obama taktikasyny üýtgetdi. Owganystanda ýene biraz galmaly boljakdygyny aýtdy. Yza çekilmegi togtatdy.
Obamanyñ daşary syýasatdaky taktikasynda ugur-utga ýok. Siriýada-da şol bir ýalñyşlygy gaýtalady. 2011-nji ýylda Siriýada Esadyñ häkimiýetden gitmeginiñ gerekdigini aýtdy. Soñra sözünden dändi.
ABŞ 2010-njy ýylda Taliban bilen gepleşik geçirmäge başlady. Donald Trampyñ döwründe işleriñ depgini güýjedi. 2020-nji ýylyñ fewralynda Taliban bilen Doha şertnamasyna gol çekildi. ABŞ Talibanyñ goýýan ähli şertlerini kabul etdi. Munuñ bilenem çäklenmän, Talibanyñ talaplary babatda Doha şertnamasynyñ BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşi tarapyndan makullanmagynam üpjün etdi. Şertnama görä ABŞ 1-nji maýa çenli ýurtdan doly çykmalydy.

• OWGAN MESELESI GOLTUK JÜBÜSINE DYKYLAN BAÝDEN ÇEKILME OPERASIÝASYNY ÖRÄN ŞOWSUZ BAŞLADY

Baýden Owganystandan çykma meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy oturyberdi. ABŞ-nyñ esasy harby güýji Bagram howa menzilindäki 2.500 esgerden ybaratdy.
Baýdeniñ birinji eden işi belleşilen 1-nji maýy 31-nji awgusta çekdi. 14-nji aprelde eden çykyşynda muny öz dili bilen aýtdy. Şonuñ üçin Baýdeni çekilme karary sebäpli gereginden artyk günäläp oturmagyñ manysy ýok.
Baýdeniñ iñ uly ýalñyşlygy - bu çekilme operasiýasyna ýaramaz ýolbaşçylyk edenligidir.
Baýden çykmagyñ howpsuzlygynyñ mümkingadar "az güýç" bilen gurnalmalydygyny aýdyp, iñ uly ýalñyşlygyny goýberdi. Bagramdaky amerikan esgerleri 2-nji iýulda duýdansyz çekildi. Hatda by çekilişden owgan goşuny-da habarsyz galdy. Bu ýagdaý Talibany ýüreklendirip, owgan goşunynyñam söweşjeñ ruhuny ýer bilen ýegsan etdi. 15-nji awgustda Owganystanyñ Prezidenti ýurtdan gaçyp gitdi, ertesi günem talibanlar Kabula girdi.
ABŞ-nyñ etmeli işi: ABŞ-na ýakyn duran owganystanlylaryñ Kabul howa menzilinden howpsuz ýagdaýda göçürilmegidi. Bu iş haosa we tragediýa öwrüldi. 29-njy awgustda bolup geçen terrorçylykly aktda on üç sany amerikan esgeriniñ wepat bolmagyndan soñ ýagdaý hasam kynlaşdy.
Bu bolup geçenler dünýäniñ gözünde ABŞ-nyñ ygtybaryna we beýik döwlet hökmünde at-abraýyna ullakan zarba urdy.
Şindi bu yza çekilme hereketiniñ amerikan kongresi tarapyndan derñelmegine garaşylýar.
Sun Szynyñ aýdan bir sözi bar:
"Yza çekilme hereketinde, ewakuasiýada iñ güýçli tarap iñ soñundan yza çekilendir." Baýdeniñ strategik ýalñyşlygy, ine, şunda boldy.

U.D.: - Owganystanda Talibanyñ gaýtadan häkimiýeti ele geçirmeginiñ halkara derejede nähili netijeleri bolar?

I.B.: - Daşary syýasat real syýasata-hakykatçyllyk prinsipine esaslanmalydyr. Hakykatçyllyga ýurduñ milli bähbitleri esas bolup hyzmat etmeli. Ideologiýa we duýguçyllyga esaslanýan işlere real syýasatda ýer ýok.
Taliban geçmişde iñ ýowuz terrorçylykly aktlara baş goşdy, Owganystany radikal şerigat režimi bilen dolandyrdy we mundan soñam şerigat režimine bagly ýagdaýda dolandyrmaga höwesek topar. Bu hakykatlara garamazdan Taliban bilen ABŞ-nyñ arasynda gol çekilen Doha şertnamasynyñ BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşi tarapyndan makullanmagyny-da gözden sypdyrmaly däl. Hususabam 2004-nji ýylda gurlan Owganystan Yslam Respublikasy döwründe-de dünýewi döwlet bolup oñarmady.
Mundan soñam ABŞ Talibanyñ üstünden Owganystany we sebiti gözegçiligi astynda saklamak isleýär. Munda näderejede üstünlik gazanyp biljek, gelejekde göreris.

• RUSSIÝANYÑ, HYTAÝYÑ, HINDISTANYÑ, PÄKISTANYÑ WE TÜRKIÝÄNIÑ ÝAGDAÝLARY

Moskwa üçin iñ esasy zat - özi üçin aýratyn orun eýeleýän Orta Aziýa respublikalarynyñ howpsuzlygy. Talibanyñ bu meselede rus hökümetine özüne goñşy ýurtlara asla hüjüm etmejekdigine söz berendigi aýdylýar.
Eýranam şuña meñzeş gorky sebäpli Russiýanyñ pozisiýasyna ýakyn duranyny kem görenok. YŞYD howpunuñ garşysynda Eýranyñam erbediñ gowuragyny saýlap, Talibana ýardam etmegine garaşylýar. Eýran muña garşylyklaýyn Talibanyñ 1996-2001-nji ýyllardaky ýaly güýçli bolmagyny islänok. Emma şowsuzlyga uçramaklarynam isläp baranok. Çünki şeýle ýagdaý içerki gapma-garşylygyñ möwjemegini we Eýrana garşy täze bosgunlaryñ güwläp gaýtmagyny añladýar.
Hytaý ätiýaçly hereket edenini gowy görýär. Taluban käbir özbek we täjik toparlary bilenem bile hereket edýär. Bu toparlaryñ bolsa uýgurlar bilen gatnaşygy bar. Hytaý Talibanyñ bu gatnaşyklary biri-birine sepleýän sepgide ýetmegini islänok. Mundan başga-da Hytaý dünýäniñ iñ uly ikinji Mes Aýnak mis ýataklaryna we demirgazyk gidrokarbonlaryna ummasyz maýa goýumlaryny goýdy.
Päkistan 1996-njy ýylda häkimiýeti ele geçirmäge kömek eden Talibanynyñ häzirki gazanan göz gamaşdyryjy üstünligine biraz howsalaly seredýär.
Yslamabadyñ hemaýatyndaky Taliban Päkistanyñ talaplaryny hemişe oñyn garşylaýardy. Mundan soñ Talibanyñ nähili hereket etjegini, näme boljagyny hiç kim anyklap bilenok. Muña garamazdan Päkistan her niçigem bolsa, Talibany ýöredýän pozisiýalaryny ýumşatmaga boýun etmek üçin iñ amatly alternatiwa bolup durýar.
Hindistan 2001-nji ýyldan bäri Owganystana 3 milliarddan gowrak pul kömegini etdi. Emma ol häzir biraz yzda bolanyny kem görenok.
Türkiýäniñ Owganystan bilen gatnaşygy owgan halky bilen ikitaraplaýyn taryhdan gözbaş alýan ynamyna we ýakynlygyna esaslanýar.
Real syýasat we hakykatçyllyk Türkiýäniñem, beýleki köp ýurduñ edişi ýaly Taliban bilen gatnaşyk açmagyñ zerurlygyny döredýär.
Häzir bütin dünýäniñ Owganystana endişeli göz bilen garamagynyñ düýp sebäbi Owganystanyñ gaýtadan terrorçylykly toparlara mesgen bolup-bolmajagydyr.

Jemleme ýerine: Owganystanda bolup geçen wakalar ýene bir gezek bir hakykaty äşgär etdi:
Demokratiýanyñ we dünýewiligiñ arasynda iññän ýakyn baglanyşyk bar. Dünýewilik demokratiýanyñ iñ esasy şertidir. Dünýewilik demokratiýanyñ kämilleşmeginde baş iteriji güýji döredýär.

• Peýdalanylan çeşmeler:

1). "What We Need to Learn: Lessons from Twenty Years Of Afghanistan Reconstruction" atly habarnama. Awgust, 2021 ý.
2). "Time" žurnaly, 13.09.2021 ý.
3). Adam Baczko, Gilles Dorronsoro "Taliban nädip ýeñiş gazandy?", "Cumhuriyet" gazeti, 06.09.2021 ý.
4). Georges Lefeuvre, "Diplomatik bulanyklyk", "Cumhuriyet" gazeti, 06.09.2021 ý.

Ugur DÜNDAR.

"SÖZCÜ" gazeti, 10.09.2021 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 105 | Добавил: Gökböri | Теги: Ugur Dündar | Рейтинг: 4.0/2
Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]