11:54
Owganystanda 20 ýyla çeken amerikan okkupasiýasy döwründe näçe adam öldi?
OWGANYSTANDA ÝIGRIMI ÝYLA ÇEKEN AMERIKAN OKKUPASIÝASY DÖWRÜNDE NÄÇE ADAM ÖLDI?

ABŞ-nyñ Owganystanda iñ uzak wagtlap urşan ýigrimi ýyllyk urşunda 2.400-den gowrak amerikan esgeri wepat boldy.
"Ассошиэ́йтед Пресс" ("Associated Press") habarlar agentligi 31-nji awgusta çenli goşunlaryny doly çykarmakçy bolýan ABŞ-nyñ ýigrimi ýylyñ soñunda çeken zyýanlaryny hasaplady.
ABŞ-nyñ 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda bolan terrorçylykly aktdan soñ Owganystana goşun salmagy iki ýurtda-da öwezini dolup bolmajak uly ýitgilere getirdi we uruşda häzire çenli 172 müñden gowrak adam öldi.
ABŞ ýigrimi ýyla çeken uruşda 2 müñ 448 esgerini ýitirdi, ABŞ-nyñ hasabyna işleýän owganystanlylaryñ bolsa 3 müñ 846-sy wepat boldy.
Uruşdan iñ uly zyýany ýönekeý owgan raýatlary çekdi we 47 müñ 245 owganystanly raýatyñ ömür tanapy üzüldi.

• 66 müñ owgan esgeri wepat boldy

Talibanlaryñ garşysynda ýeñlişe uçran owgan goşunynda 66 müñe golaý esger wepat boldy, talibanlardan we beýleki garşydaş toparlardan bolsa 51 müñ 191 adam öldi.
Owganystanda harby bölümlerini saklaýan NATO-nyñ we beýleki ýurtlaryñ 1114 esgeri wepat boldy.

• 72 žurnalist wepat boldy

Şol sanda Owganystanda häzire çenli gumanitar kömek bermek üçin baranlaryñ 444-i, žurnalistleriñ 72-si wepat boldy.
ABŞ-nyñ iñ uzak wagta çeken urşunda amerikan esgerleriniñ Owganystandan çykmagyna az wagt galanam bolsa, urşuñ trillion dollarlara barabar zyýanynyñ yzasyny amerikanlar heniz-henizler çekjege meñzeýär.
ABŞ-nyñ 2020-nji ýyldan bäri bergä girip maliýeleşdiren owgan we yrak uruşlarynyñ çykdajysy 2 trillion dollardan geçýär, 2050-nji ýyla çenli bolsa bu berginiñ göteriminiñ 6,5 trillion dollara ýetmegine garaşylýar.

@ euronews  •   17.08.2021.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 97 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
"uruşda häzire çenli 172 müñden gowrak adam öldi.".
Her haýsy bir dünýä, şahsyýet... Bu hakda söz ýok.
Ýöne: "owgan we yrak uruşlarynyñ çykdajysy 2 trillion dollardan geçýär".
Şu wagt, ýöne deňeşdirmek üçin gördüm. Şu salgyda: https://damu.kz/upload....sti.pdf
Gazagystanda goýun ýüňünden nah egirme kärhanasyny açmagyň biznes meýilnamasy bar ekeni. Şonda-da kärhananyň umumy bahasy 2 milliard tenge diýlip ýazylypdyr. Şu günki gün, Gazagystanda 1 amerikan dollarynyň bahasy, 424,74 tenge, 2 milliard tenge dollarda 4 708 763 ABŞ-nyň dollary bolýan ekeni. Diýmek, yrak we owgan uruşlaryna edilen çykdaja tegelekleseň 424 740 sany kärhana açyp boljak ekeni. Şolaryň her birinde-de direktordan başlap, adaty işçä çenli, jemi 197 adam işläp, aýlyk alyp, maşgalasyny ekläp biljek ekeni. Köpeldýäňem welin: 424 740x197=83 673 780. Göz öňüne getiriň: segsen üç million alty ýüz ýetmiş üç müň ýedi ýüz segsen adam. Deňeşdirmek üçin alnanda tutuş Germaniýanyň ilaty 2018-nji ýylda 83 019 200 adam ekeni. Özem diňe işe ukyply adamlary däl-de, ähli garry-gurty, çaga, maýyp-müjrip, hemmesini alanyňda şol san.
Biziň mentalitetimizden ugur alyp şol segsen üç million adamyň her biriniň eklejek maşgala agzasynam ortaça üç adam diýlip alnanda şol biderek sarp edilen serişdeler jemi 249 milliondanam gowrak adamyň durmuşyny üpjün etjek serişdä öwrülýär duruberýär.
Her kärhanada 5 ýylyň içinde özüne çykarylan çykdajynyň öwezini dolup, sap girdeji bermäge başlajak ekeni.
Uruşlaň ine şeýle arifmetikasam bar...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]