23:48
Owganystan: Halkyñ bitmeýän ýarasy
Yglan edilmedik uruş hakynda hakykat

OWGANYSTAN: HALKYŇ BITMEÝÄN ÝARASY

Bu uruş hakynda aýdymlar döredildi, kitaplar ýazyldy, filmler alyndy, spektakllar goýuldy. Göräýmäge aýdylýan zatlar ýeterlik ýaly. Ýöne üç ýyla golaý wagt mundan ozal tamamlanan uruş özünden soň, öňüne perde tutulan gizlin wakalaryň telimsini galdyrypdy...
1979-njy ýylyň dekabrynyň ilkinji günlerinde Sowet Soýuzynyň Marşaly, SSSR-ň goranmak ministri D.F.Ustinow ýokary harby ýolbaşçylygyň jogapkär wezipeli adamlarynyň käbirine ýakyn wagtda Sowet Goşunlarynyň Owganystanda ulanylmagy hakyndaky kararyň kabul edilmeginiň mümkindigini mälim edipdi. Muňa Sowet Soýuzynyň Marşaly, Baş ştabyň naçalnigi N.W.Ogarkow garşy çykdy, ýöne onuň pikiri alga alynmady.
1979-njy ýylyň 12-nji dekabrynda SSKP MK-nyň Syýasy býurosynyň Owganystan boýunça komissiýasynyň teklibi esasynda L.I.Brežnew tarapyndan “territoriýasyna Sowet Goşunlaryny salmak ýoly bilen” ODR-e harby kömegi bermek hakynda karar kabul edildi. Şeýlelikde, goşun salmak meselesi babatynda ne SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazy, ne-de başga döwlet dokumenti kasbul edildi. Ähli görkezmeler dil üsti bilen berilýärdi...
L.I.Brežnew, Ý.W.Andropow, D.F.Ustinow, M.A.Suslow dagy üýtgedip gurmak döwrüne çenli ýaşamadylar. Olar ODR-e goşun salmak meselesini nädip jikme-jik işländikleeri hakyndaky syry özleri bilen alyp gitdiler. Ýöne A.A.Gromyko weli aýtmaga ýetişipdi:
“1978-nji ýylyň 5-nji dekabrynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk hakyndaky sowet-owgan Şertnamasyna gol çekildi.
Şu dokumente laýyklykda, Owganystan respublikasynyň hökümeti halk goşunyna ýaragly kömek bermek hakynda Sowet Soýuzyna ýüz tutdy.
Bu haýyş barada Sowet Soýuzynda uzak wagtlap içgin oýlanyşyldy. Ahyrsoňy SSKP MK-nyň Syýasy býurosy şeýle kömegiň berilmelidigi hakynda biragyzdan karar kabul etdi...
Owganystanyň Halk-demokratik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary tarakiniň öldürilmegi ýagdaýy hasam ýitileşdirdi. Bu ganly sowet ýolbaşçylarynda howsala döretdi. Aýratynam, onuň ölümi sebäpli L.I.Brežnew agyr gaýgy-gussa batypdy. Şeýle ýagdaýda-da Owganystana Sowet Goşunlarynyň çäklendirilen kontingentini salmak kararyna gelindi. Syýasy býuroda bu karar kabul edilenden soň, men Brežnewiň kabinetine girip, şeýle diýdim:
- Goşun salmak meselesini döwlet ugrundan resmileşdirmek gerek dälmi?
Brežnew dessine jogap gaýtarmady. Ol telefon trubkasyny ele aldy:
- Mihail Andreýewiç, meniň ýanyma gelip biljekmi? Maslahatlaşmak zerurlygy ýüze çykdy.
Suslow geldi. Brežnew gürrüňimizi onuň dykgatyna ýetirdi, özem üstüne goşdy:
- Görnüşi ýaly, gyssagly karara gelmeli: ýa-ha Owganystanyň kömek sorap ýüz tutmasyna ähmiýet bermeli däl, ýa-da sowet-owgan Şertnamasyna laýyklykda hereket edip, halk häkimiýetini halas etmeli.
Suslow:
- Biziň Owganystan bilen Şertnamamyz bar, şeýle netijä gelenimiz üçinem, ony çalt ýerine ýetirmeli. MK-da bolsa birneme soňrak ara alyp maslahatlaşýarys – diýdi.
SSKP MK-nyň soň, has takygy, 1980-nji ýylyň iýunynda bolan plenumynda Syýasy býuronyň karary biragyzdan kabul edildi:
Karar ymykly kabul edilmeginden öň, heniz özara maslahatlarda marşal N.W.Ogarkowyň owgan goşunlarynyň aýratyn bölümleriniň garşylyk görkezip biljekdikleri hakyndaky pikiri orta atandygynam bellemek gerek.
Ilkibada biziň goşunlarymyz ýerli halka töwerekden güýç bilen çozup giren bandalardan goranmaga, azyklaryň hem-de gaýry zerur zatlaryň (ýangyç, mata, sabyn we ş.m.) üpjünçiligine kömek bere diýlip çaklanýardy.
Biz öz kontingentimiziň sanyny artdyrmagam, hakyky harby hereketleriň içine girmegem islämzokdyk. Aslynda, goşunlarymyz şäherlerde, esasan, garnizon bolup ýerleşipdiler”.

...Ýakynda çap edilen “Owgan urşunyň syrlary” diýen kitapda (“Планета” neşirýaty) aýratyn möhüm dokument – owgan ýolbaşçysynyň 1979-njy ýylda ODR-e sowet goşunlarynyň dürli kontingentlerini baradaky haýyşlarynyň hasap spisogy getirilýär (sene Moskwa gizlin maglumatlaryň berlen günleri boýunça görkezilýär):
- 14-nji aprel – ODR-e 15-20 sany sowet söweş wertolýotlaryny ekipažlary bilen ugratmaly.
- 16-njy iýun – ODR-e hökümeti hem-de Bagram, Şindad aedromlaryny goramak üçin BMP-leri, tanklaryň ekipažlaryny ugratmaly.
- 11-nji iýul – ODR-e ikä golaý diwiziýa girizmeli.
- 21-nji iýul – ODR-e MI-24 wertolýotlarynyň 8-10 sanysyny ekipažlary bilen ugratmaly.
- 24-nji iýul – Kabula üç sany goşun podrazdeleniýelerini girizmeli.
- 12-nji awgust – Sowet goşunlarynyň Kabula girmeklerini çaltlandyrmaly.
- 12-nji awgust – kabula üç sany ýörite podrazdeleniýeleri hem transport wertolýotlaryny ekipažlary bilen ugratmaly.
- 21-nji awgust – Kabula 1,5-2 müň sowet desantçylaryny ugratmaly.
- 25-nji awgust – Kabula sowet goşunlaryny girizmeli.
- 2-nji, 17-nji, 20-nji oktýabr – Aminiň şahsy goragy üçin ýörite batalýon ugratmaly.
- 2-nji dekabr – Badahşan welaýatyna güýçlendirilen polk girizmeli.
- 4-nji dekabr – Owganystanyň demirgazyk raýonlaryna sowet milisiýasynyň podrazdeleniýelerini girizmeli.
- 12-nji dekabr – Owganystanyň demirgazygynda sowet garnizonlaryny ýerleşdirmeli, ODR-yň ýollaryny gorag astyna almaly.
Sowet wekilleriniň üsti bilen ýollanan şeýle haýyşlaryň sany ýigrimä golaýlaýar. Olaryň ýedisi Tarakini ýok edenlerinden soň, H.Amine degişli.
Syýasy hem-de sosial özgertmeleri halk tarapyndan kabul edilmedik Babrak Karmal Sowet Goşunlarynyň söweşmeklerini berk talap edýärdi. Owgan goşuny praktiki taýdan söweşe ukypsyzdy, başbozarlyklaram ýeterlikdi. Mojahetler bilen alnyp barylýan göreşiň agramy Sowet Goşunlarynyň gerdenine düşdi.
Ýuriý Wladimirowiç Andropow biziň beýleki syýasatçylarymyza garanda öz ýalňyşyna, Sowet Soýuzynyň bu urşa gatnaşmak bilen utýan zadynyň ýokdugyna ir düşündi.
“Taýms” gazetiniň 1983-nji ýylyň 3-nji martynda ýazyşy ýaly, Andropow Owganystanda diplomatik ädimleriň mümkinçilikleri üçin ýol taýýarlady, “Biziň oglanlarymyz Owganystanda gozgalaňçylaryň oklaryndan gyrylýarlar, garşy durýanlar örän güýçli, olar daglarda geçýän söweş hereketlerinde tejribeli, şonuň üçinem sowet pyýada goşunynyň hem-de tanklarynyň garşysyna netijeli uruşýarlar” diýen ýaly pyşyrdy bilen aýdylýan zatlary ilkinji gezek metbugatda resmi taýdan tassyklady.
Günbatar çeşmeleriniň maglumatlarynyň güwä geçmeklerine görä, Pakystandaky sowet ilçisi Smirnow 1983-nji ýylyň 19-njy maýynda SSSR-iň we Kabulyň “Sowet Goşunlarynyň kontingentini çykarmagyň möhletini bellemek üçin” çalyşýandyklaryny resmi taýdan nygtady.
Ýöne 1983-nji ýylyň awgustynda – Ý.W.Andropow keselhana düşenden soň, maglumatlardan ýüki ýetik amerikan žurnalisti Seling Harrisonyň we onuň beýleki käbir kärdeşleriniň ýazyşlary ýaly, BMG-nyň sowet goşunlaryny ol ýerden çykarmak hakyndaky teklibini goldamaga sowet diplomatlary az üns beripdirler. BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Diego Kordowes öz proýektini Moskwa we Waşingtona beripdir, ýöne hiç hili jogap almandyr. Sowet-amerikan gatnaşyklarynyň ýagdaýam öwerlik däldi.
Andropowyň ynandyrmasynyň ýürekdendigine ABŞ-nyň şol döwürde gulak gabartmandygy üçin, häzir diňe gynansa bolar. BMG-nyň sowet wekili Ýewstafýewiň mälim etmegine görä (sowet žurnalistleriniň maglumaty), - Andropow 1983-nji ýylda Sowet Goşunlaryny çykarmak hakyndaky sekiz aýlyk programmany bermäge taýýar ekeni. Eger-de bir gezek: “Biz taryhyň sagadyny 1979-njy ýyla öwrüp bilýäris” diýen Pakystanyň daşary işler ministri Ýakup Han Kabul bilen ikitaraplaýyn ylalaşygy baglaşýan bolsa, onda bu programma göni oňa ýazylardy.
1985-nji ýylyň oktýabrynda, M.S,Gorbaçýowyň respublikanyň ýolbaşçylary bilen bolan ilkinji duşuşygyndan soň, düýpli özgertmeler özüni bildirip ugrady. SSSR öz goşunlaryny Owganystandan çykarjakdygyny mälim etdi.
Owgan tarapynyň muňa garaýşy otriatel häsiýetde boldy. B.Karmal ýüz-gözüni egşidip: “Eger siz häzir gitseňiz, indiki gezek million esgeri girizmeli bolarsyňyz” diýdi.
1986-njy ýylyň maýynda OHDP-nyň Baş sekretarynyň wezipesine Karmalyň deregine Najybulla saýlanandan soň, Owganystanda syýasy ýagdaýlar üýtgäp ugrady. 1987-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda respublikanyň Rewsoweti “Owganystanda milli ylalaşyk hakynda” Deklarasiýa kabul etdi.
...Haçan-da sowet goşunlary birnäçe aýdan soň Owganystandan çykmaly bolanlarynda, goşunlarymyzyň çäklendirilen kontingentiniň ştabynda hysyrdyly işler başlandy. Indi kelam agyz şol ýerde galan zatlar barada. Owganystanda biziň bölümlerimiz 179 harby şäherjiklerde (32 garnizon) ýerleşipdiler. Kommunal obýektleriň kazarma-ýaşaýyş fondunyň, enjamlaryň, inwentarlaryň gymmaty 699362 müň manada durýardy. Olar “dostumyz bolan halka” sowgat berildi. Bugdaýyň, unuň, gantyň, sementiň, awtotehnikalaryň, metalyň, kagyzlaryň, kömrüň, matalaryň, mebelleriň, gap-gaçlaryň, hojalyk harytlarynyň ägirt köp mukdary Haýratanyň “Astras” perewal-kompleksiniň skladlarynda “ýitdiler”. Şeýle bazalaryň goňşy döwletde, gör, näçesi bardy!
Wagtyň geçmegi bilen perdeler birýana syrylyp, syrlar aýan bolup ugraýarlar.
Häzir, hemme zat tamamlanandan soň, biziň goşunlarymyzyň utandyklary ýa-da utulandyklary babatynda isledigiňçe jedel etmek mümkin. Gürrüňi edilen kitabyň awtorlaryna gulak gabartsaň-a, biz utupdyrys. Biz owganlara ýurtda ýagdaýy kadalaşdyrmaga, daşky agressiýa gaýtawul bermäge kömek etmelidik. Borjumyzy ýerine saldyk. Ýöne ol bize juda gymmat düşdi, gowusy, aşakda getirilýän maglumatlar bilen tanşyň!
1979-njy ýylyň 25-nji dekabryndan 1989-njy ýylyň 15-nji fewraly aralygynda sowet goşunlarynyň çäklendirilen kontingentiniň liçnyý sostawynyň Owganystan respublikasyndaky ýitgileri:
- öldürilenler, ýaralardan we keselden ölenler – 13833 adam.
- ýaralananlar – 49985 adam.
- maýyp bolanlar:
1-nji topar – 1479 adam.
2-nji topar – 4331 adam.
3-nji topar – 859 adam.
- gözlenýänler – 330 adam, olaryň 312-si dereksiz ýiten, 18-si başga döwletlerde bendiwan edilenler (ABŞ-11, GFR-1, Kanada-4, Şwesiýa-2).
- ýyllar boýunça ýitgiler:
1979 – 86 adam.
1980 – 1484 adam.
1981 – 1298 adam.
1982 – 1948 adam.
1983 – 1446 adam.
1984 – 2343 adam.
1985 – 1868 adam.
1986 – 1333 adam.
1987 – 1215 adam.
1988 – 759 adam.
1989 – 53 adam.
- 1979-1989-njy ýyllar aralygynda Owganystanda wepat bolanlar (anyklanan maglumatlar esasynda):
ruslar – 6888 adam.
ukrainler – 2378 adam
beloruslar – 613 adam.
özbekler – 1066 adam.
gazaklar – 362 adam.
türkmenler – 263 adam.
täjikler – 236 adam.
gyrgyzlar – 102 adam.
gruzinler – 81 adam.
azerbaýjanlar – 195 adam.
ermeniler – 95 adam.
moldawanlar – 194 adam.
litwalylar – 57 adam.
latyşlar – 23 adam.
estonlar – 15 adam.
abhazlar – 6 adam.
balkarlar – 9 adam.
başgyrtlar – 98 adam.
burýatlar – 4 adam.
ýewreýler – 7 adam.
inguşlar – 12 adam.
kabardinler – 25 adam.
galmyklar – 22 adam.
garagalpaklar – 5 adam.
kareller – 6 adam.
komiler – 16 adam.
mariýler – 49 adam.
mordwinler – 66 adam.
Dagystan halkyýetleri – 101 adam.
osetinler – 30 adam.
tatarlar – 442 adam.
tuwalylar – 4 adam.
udmurtlar – 22 adam.
çeçenler – 35 adam.
çuwaşlar – 125 adam.
ýakutlar – 1 adam.
Beýleki halklar we milletler – 168 adamdan gowrak.

(“Союз”)

Rus dilinden terjime eden: Amanmyrat KIÇIGULOW.

“Balkan” gazeti, 1992 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 163 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amanmyrat Kiçigulow | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 6
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Göwnüme bolmasa maglumatdaky ýitgileriň sanawy kemilen ýaly. On ýyla golaý dowam eden uruşda türkmenlerden 263 sany adamyň wepat bolmagy gaty az görkeziji. Owganda gulluk edenlerden we uly ýaşlylardan eşdişime görä, biziň öz obamyzyň ýaşaýjylarynyň 70~71-nji ýyllarda doglanlarynyň 3/1 böleginiň Owgan urşuna äkidilendigi we köp böleginiň maýyp, a käbirleriniň bolsa wepat bolandygyny eşitýärdim. Urş döwründe Tagtabazar we Serhetabat etraplarynyň käbir obalaryň ýarag tutup bilýän ähli erkekleriň urşa sürlendigi hakyndaky habarlaram duýupdym. Goşmaça urşyň gazaply bolandygy we jesetleride ýygnamana mümkinçiligiň bolmandygy hakdaky urşa gatnaşanlaryň gürrüňlerinem göz öňüne tutsaň, SSSR-den jemi 13833, a türkmenlerden 263 adamyň wepat bolany ynandyryjy gelmeýär.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bärde düşünmez ýaly zat ýog-a, elbetde kemeldilip berlendir, sebäbi bular resmi maglumatlar (resmi maglumatlaryñ kemeldilip ýa-da artdyrylyp berilýändugini her kesem bizçe bilýändir-le, özümiz ruslardan öwrenmedikmi bü bolgusyz häsiýeti...)
Hem makalada (anyklanan maglumatlar esasynda) diýýär-ä.. Diýmek, anyklanmadygy ondanam kän. Meñ özüm rus telegepleşikleruniñ birki sanysynda 2000-nji ýyllardan soñam Owganystanda ýesirlikde galyp, ýat ýurtda öýlenip-maşgalaly bolup, hatda musulman dinine geçip, öýli-işikli bolup giden birnäçe rus esgeriniñ bardygyny soñ solar anyklandyklaryny görüpdim...

0
4 Revo   [Mowzuga geç]
Döwür aç-açanlyk döwrüdi. Hakykaty ýazanyň bilen ýakaňdan tutup, eňterekledip, öňlerine salyp, äkidiberjek gümanlary ýokdy. Oňa derek bolsa, ýalan - ýaşryklardan ybarat, döwlet maksatly makalalar. Şeýdibem taryh ýoýylýar. Geljekki nesle taryh baradaky ýalan maglumatlar galýar. Aradaky: "Türkmençilik ownaýmasa ýagşydyr" diýen makaladaky ýaly. Egerde awtor türkmençiligiň nämedigini bilen bolsa, haçan ownanynam, özüniň köpçülige niýetläp ýazýan nädogry makalasy bilen türkmençiligi ýene bir gezek ownatýanynam bilerdi. Türkmen halalhon, dogryçyl, hak sözüň üstünde jan berip, jan alýan halk. Türkmençiligem, türkmençiligi wagyz etýän Döwletmämmet Azady we Magtymguly, türkmençiligiň arkasynda durýan Gowşut han, orslaryň türkmen topragynda öz diktaturasyny diken güni, iki doganyň arasyna serhet çekelip ýat ülkelerde galan güni, türkmençiligi ýitirmejek bolup millionlarça türkmeniň Owganystanyň demirgazygyna göç eden güni, türkmeniň ruhy ýaşaýan ýaş ýetginjekleriň türkmen döwledini döredip, soňundanam döreden döwleti esasynda watan dönükleri hasaplanyp sürgün ýada atuwa çekilen güni öldi. Türkmençilikde "Lenin", "komsomol" düşünjeleri ýada kapitalizme we Amerika garşy ýigrenç hiç haçanam ýokdy.

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Meñ pikirimçe bärde ullakan bir göze dürtülip duran ýalan maglumat ýa-da ýoýulma ýokmuka diýýän. Makalada wepat bolan sowet esgerleriniñ sanyny şol wagtyñ anyklanan maglumatlaryna salgylanyp 13.833 diýip berilýär. 2009-njy ýylda bolsa BBC-niñ Moskwadaky žurnalisti Artýom Kreçetnikow Owganystanda wepat bolan sowet esgerleriniñ sanynyñ 15 müñden gowrakdygyny ýazýar.
http://kitapcy.com/news....5-17127
Tapawut 1000-1500...
Zyýanyny kem-käsleýin azaldyp, utuşly ýerini biraz artdyryp görkezmek bolsa hemme döwrüñ, hemme halkyñ, hemme ýurduñ, hemme häkimiýetiñ gylygy...

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Statistika meselesinde:
Mysal üçin: 1946-njy ýylyň martynda I.Stalin "Prawda (Hakykat)" gazetine beren interwýusynda Beýik Watançylyk Urşunda sowet halkynyň 7 million adamlyk ýitgi çekendigi hakynda maglumat berýär. Şol san şondan soň 16 ýyllap resmi maglumata öwrülýär. Ýöne, şol döwrüň maglumatlaryna görä, hakykatda I.Staline 15 million adamlyk ýitgi hakynda maglumat mälim ekeni.
Soňra, 1961-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Nikita Hruşýow şwed premýer-ministri T.Erlandere ýazan hatynda Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda SSSR-iň 20 million adamlyk ýitgi çekendigini ýazypdyr. Soňam, 1965-nji ýylyň 9-njy maýynda Beýik Ýeňşiň 20 ýyllygy mynasybetli söz sözlände N.Hruşýow şol sany agzapdyr.
Soňra L.Brežnew bu statistiki maglumaty hasam "biraz" takyklap, "20 milliondanam gowrak" diýen görnüşde resmi beýan edip başlapdyr. Ýöne, näçe millionlyk "gowrak", şol döwürde ony bir Alla bilýär ekeni.
Soňra 1989-njy ýylyň martyndan başlap, M.Gorbaçýowyň başlangyjy esasynda Beýik Watançylyk Urşy ýyllaryndaky adam pidalaryny hasaplamak boýunça Döwlet topary (komissiýasy) işläp başlapdyr. Şol Toparyň işiniň netijesinde diýen ýaly işlenip düzülen we 1995-nji ýylda neşir edilen Bütinrus Hakyda Kitabynda göni we gytaklaýyn adam pidalarynyň sany 26,6 million diýlip görkezilipdir.
M.Gorbaçýow bolsa, 1990-njy ýylyň 8-nji maýynda, Beýik Ýeňşiň 45 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasynda eden çykyşynda Beýik Watançylyk Urşunda SSSR-iň halkynyň 27 milliona ýakyn adamlyk ýitgi çekendigini aýdypdyr.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Russiýada joş uran liberal akymyň has ýiti sesli wekilleri bolsa, özleriniň oýlap tapan statistiki usullarynyň kömegi bilen "hasaplap" Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda SSSR-iň halkynyň wepat bolan, ýesir äkidilip dolanmadyk, dereksiz ýiten adamlarynyň 37,2 million adamdygyny hasaplap çykarypdyrlar.
Soňraky ýyllaryň alymlary, bu birnäçe görkezijileriň haýsynyň dogrudygyny gutarnykly kesgitlemegiň hötdesinden gelip bilmän, öz seljerişlerini geçiripdirler. Netijede Russiýanyň Goranmak ministrliginiň, Federal Howpsuzlyk Gullugynyň arhiwlerini hem-de özlerinden öň geçirilen barlaglaryň netijelerini has jikme-jik we tarapgöýsüzlik bilen öwrenmek arkaly rus alymlary Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda SSSR-iň gönüden-göni adam pidasynyň möçberiniň 16 million bolandygy hakyndaky maglumaty alypdyrlar.
Kim bilýär, belki hemme resminamalaryň, arhiwleriň sanly ulgama geçirilmegi bilen, bu ugurdan ýörite işlenip taýýarlanan kompýuter programmalary ýene-de bir başga, has "takyk" maglumaty çykararlar...
Şunuň bilen baglylykda, birnäçe aýtgynam ýatlasym gelýär:
"Hakykat - nirededir bir ortalykda" - "Истина - где-то посредине".
Hem-de Ýusup Poladowyň (Iosif Staliniň) adyna ýöňkelýän tymsal: "Bir adamyň ölümi - bu tragediýa. Million adamyň ölümi - bu eýýäm statistika".
Bu zatlar hakda öz pikirimi aýdanymda bolsa: ADAMZAT - BU NÄMÄLIM GEÇMIŞI, DUMANLY GELJEGI HEM-DE ALASARMYK ŞU GÜNI BOLAN DÜŞNÜKSIZ HADYSA!

0
5 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
"Hem-de Ýusup Poladowyň (Iosif Staliniň) adyna ýöňkelýän tymsal: "Bir adamyň ölümi - bu tragediýa. Million adamyň ölümi - bu eýýäm statistika"."

Manyly sözler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]