12:45
Owganystan dersleri
OWGANYSTAN DERSLERI

ABŞ-nyñ sowet okkupasiýasyna garşy guramaçylyk eden "Talibany" 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda ABŞ-na garşy terrorçylykly akt gurnandan soñ ABŞ "11-nji sentýabr" aktynyñ jogapkärlerini jezalandyrmak we Owganystany terroryñ öýjügi bolmakdan çykarmak maksady bilen ýurdy basyp aldy. Bu okkupasiýada bir tarapda Taliban, bir tarapda ABŞ-NATO güýçleri we Owganystanyñ Döwlet Goşunynyñ (ODG) arasynda ýigrimi ýyla çeken uruş boldy.

• IKINJI WÝETNAM

ABŞ Owganystanda 2.500 esgeri bilen birlikde 6 müñ raýatyny ýitirdi. 2 trillion dollar sarp etdi, bu puluñ 83 milliardyny Talibana garşy uruşmak üçin guran ODG üçin harçlady.
Okkupasiýanyñ çykdajysy artyp başlansoñ we netije alynmansoñ ABŞ goşunyny yza çekdi. ABŞ we NATO esgerlerini çykarmaga başlansoñ böwşeñlikden peýdalanan Taliban gysga wagtyñ içinde ýurdy ele aldy. Owganystan Yslam Emirliginiñ gurlandygyny yglan edip, şerigat düzgünini ýola goýmaga başlady.
ODG ýurdy gysga wagtda Talibana berdi. Prezident we ýokary wezipeli ýolbaşçylar hem-de basybalyjylar bilen işleşenler ýurtdan gaçyp gitdiler.
Netijede Owganystan "Sowetleriñ Wýetnamy" bolmady, emma "ABŞ-nyñ ikinji Wýetnamy" boldy. Azatlyk hereketi (Operation Enduring Freedom) owgan halkyna azatlyk getirip bilmedi, gaýtam tersine, yzynda şerigat düzgünine eýe we terrorizmiñ öýjügi bolmagynda galan Owganystany goýup, ýurtdan çykyp gitdi.
Talibany agdarmak üçin urşa giren ABŞ ýurdy Talibana goýup gaýtdy, ýagny şowsuzlyga uçrady. ABŞ-nyñ Talibana garşy guran we 83 milliard harçlap hemaýat eden 300 müñ adamlyk ODG-ny 70-100 müñ adamlyk Talibanyñ garşysyna derbi-dagyn boldy.

• ABŞ NÄMÜÇIN ŞOWSUZLUGA UÇRADY?

ABŞ Owganystany Günbataryñ modelinde demokratik ýurda öwrerin öýdüp, urşuñ syýasy ugruny kesgitlemekde strategik ýalñyşlyk goýberdi. Ýene bir ýalñyşlygy bolsa ODG-na bil baglandygydyr. ODG-nyñ hakyky goşun bolmagy üçin bir bitewi owgan döwletiniñ bolmagy gerek. A bu ýurtdaky sosial we syýasy toparlanma bir bitewi döwlet bolma tapgyryna gelip bilmän, tire-taýpa batgalygyna batyp galypdyr.
Goşunyñ güýji maddy (ýaraglanyş) güýji bilen ruhy (moral) güýjüniñ utgaşmagyndadyr. Dünýäniñ iñ soñky ýaraglaryna eýe goşunynda moral güýç bolmasa, şol goşun üstünlik gazanyp bilmez. ODG-da dürli-dürli taýpalardan gelen esgerler gulluk edýärdi. Söweşjeñ azmy, eradasy, duýgusy, moral faktorlary gowşakdy.
ODG-nyñ iñ ejiz tarapy-da serkerdeleriñ korrupsiýa bulaşyp, amerikan tarapdary režimiñ adamlary bolmagy we wezipä mynasyplygyna görä däl-de, ýerine ýetirijiligine (näme buýursañ edip durandygyna) görä bellenmegidir. Netijede owgan halkynyñ şu günki gün başyna inen dramatiki wakalary goşunsyz galan halkyñ dramasydyr.

• ALYNMALY SAPAKLAR

Bir halk öz ýurduny, öz hak-hukuklaryny gorap bilmese, ony daşyndan gelip hiç bir döwlet gorap bilmez. Döwlet howpsuzlygy kesekileriñ eline berilmeli zat däl.
ABŞ-nyñ Owganystanda Günbataryñ modelindäki demokratik döwleti gurmak maksady mümkin däldi. Ýurt kesekiler tarapyndan gurulmaýar.
Dünýewiligiñ ýok ýerinde demokratiýa ýok.
Ofiserleriñ ýokary hilli tälimi we serkerdeleriñ näme diýseñ ýerine ýetirip duranlygyna däl-de, işbaşarjañlyga seredip wezipä bellenmegi goşun üçin iñ esasy zatdyr.

• TÜRKIÝE NUKDAÝNAZARYNDAN

Türkiýe häzirki wagtda Owganystan ýaly däldigi üçin Atatürküñ geçiren rewolýusiýasyna borçludyr. Taliban häkimiýeti dünýewiligiñ ähmiýetini gözümiziñ öñüne serýär.
Güýçli goşuny kämil tehnologiýa bilen üpjün edilen iñ soñky ýaraglar we oñat taýýarlanan ofiserler düzümi bilen döredip bolar. Ofiserleri gowy taýýarlamak işi azyndan ýerli harby senagaty ýaly möhüm işdir.
FETÖ agdarlyşygyny bahana edip, Türk Ýaragly Güýçlerine garşy gurnalan agdarylyşygyñ çäklerinde ofiserleri taýýarlamak işiniñ hilini peseldýän, goşun bilen halkyñ agzynyñ birikmegine päsgel berýän çäreler aradan aýrylmalydyr.

Jihangir DUMANLY.

"Cumhuriyet" gazeti, 01.10.2021 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 70 | Добавил: Gökböri | Теги: Jihangir Dumanly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]