08:43
Owgan dowzahy

OWGAN DOWZAHY

Eger demokratiýa, hukuk, erkinlik ýüpüne mäkäm ýapyşmasa we Günbataryñ gymmatlyklaryndan ýüz öwürmäge dowam etse... Türkiýe-de bu dowzahyñ içine düşüp biler.
Sözümi uzatmak islämok. Aýdyşym ýaly, owgan dowzahy heniz-heniz sönjege meñzänok we dowzahyñ ýalny köp ýeri çabrap alarly görünýär. Bu dowzaha Türkiýe-de düşüp biler, eger demokratiýa, hukuk, erkinlik ýüpüne mäkäm ýapyşmasa we Günbataryñ gymmatlyklaryndan ýüz öwürmäge dowam etse, Amerikasydyr Ýewropasy bilen garpyşyp ýörse...
Häzir Owganystanda diñe Taliban ýok. Kabul howa menzilini gan kölüne öwren YŞYD-em bar. YŞYD-ne çatylgy El-Kaide hem bar.
Ýurduñ etniki düzümi-de garym-gatym.
Talibanyñ agramly bölegini puştunlar tutýar, emma ýurtda Eýran bilen ýygy aragatnaşyk saklaýan şaýy hazareýlerem bar, täjiklerem bar, özbeklerem bar. Aý, garaz, ýok adam ýok...
Şeýle-de bu etniki gurluşa aýdanyny etdirýän radikal dinçi toparlanmalar Owganystandan Päkistana, Orta Aziýa, Ýakyn Gündogara, Eýrandan Yraga, Siriýa we elbetde Türkiýä çenli uzaýar.
YŞYD, El-Kaide, Taliban ýaly radikal dinçi toparlar üçin bütin bu agzalan ýurtlar Türkiýe bilen birlikde iñ soñky derejede gorag şertlerine eýe.
Türkiýede-de YŞYD-am, El-Kaide hem, Talibanam bar, başga radikal dinçi toparlaram bar. Hususanam YŞYD-iñ Türkiýede amala aşyran ganly terror aktlaryny ýada salyñ. Bu toparlaryñ agzalary diñe siriýaly, owganystanly göçegçilerden ybarat däl. Ýurdumyza syzýan radikal dinçi toparlarda türklerem bar. Orta Aziýadan Ýakyn Gündogara çenli aralykda gaty uly oýun oýnalýar...
Taryhy gadymy zamanlara uzaýan bu oýunda radikal dinçi toparlar öñden bäri taşeron (cубподрядчик, subcontractor) deregne ulanylýar.
Amerikasy, Ýewropasy, Russiýasy, Hytaýy we nebit tüçjary Pars aýlagynyñ ýurtlary, Eýrany, Ysraýyly we Erdoganyñ Türkiýesi-de bar bu oýnuñ içinde...
Taraplar biri-birilerini durnuksyzlaşdyrmak, pese düşürmek üçin ençeme ýyl bäri oýnuñ içinde birgiden hapa oýunlary gurnaýarlar we oýnaýarlar...
Erdogan Türkiýesine geler bolsak...
Kellesi bulaşyk!
Uzak wagtdan bäri howply suwlarda ýüzýär.
Boýundan aşýan başarmajak uly işlerine-de baş goşýan wagty bar.
Erdogan ýeke özi öz diýenine tutup, Türkiýäniñ ýüzüni näçe ýyl bäri usullyk bilen kem-kemden Günbatardan Gündogara tarap öwürýär.
Režimi bir ýandan awtoritarlaşdyrýar, bir ýandanam bilniksizje yslamlaşdyrýar.
Erdoganyñ bu oýny örän howply. Hatda eýmenç...
Çünki ol bu oýny bilen Türkiýäni "dowzah çukuryna" iterip biler.
Ýene bir gezek tekrarlap aýdýaryn:
Owganystanda tutaşan dowzah ody gerekli öñüni alyş işleri geçirilmese, Türkiýä-de syçrap biler.
Bize bir syçramazlygyny, bizden bir daş bolmagyny isleýän bolsak, ilkinji nobatda hemmämiz jem bolup "demokratiýa ýaranlygyny" gurup, Erdogana "Hoş gal!" diýmäge, soñam demokratiýanyñ we hukugyñ üstünligini, dünýewiligi, zamanabap we güýçli döwleti ýurdumyzda çaltlyk bilen gurmaga mejburdyrys.
Gaýtalap aýdýaryn:
Owgan dowzahynyñ ody öz ýurdunda sönerli däl we daş-töweregine-de ýalyn barsyny sowurjaga meñzeýär.
Kabul howa menzilinde bolup geçen ganly akt munuñ ilkinji tragiki mysaly...
Bu dowzaha Türkiýe-de düşüp biler, eger demokratiýa, hukuk, erkinlik ýüpüne mäkäm ýapyşmasa we Günbataryñ gymmatlyklaryndan ýüz öwürmäge dowam etse, Amerikasydyr Ýewropasy bilen garpyşyp ýörse...

Hasan JEMAL.

"T24" internet gazeti, 28.08.2021 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 141 | Добавил: Gökböri | Теги: Hasan Jemal | Рейтинг: 3.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 7
0
7 Revo   [Mowzuga geç]
Yrakda, Alžirde, Müsürde, Siriýada, Palestinada, Owganystanda bolan we bolýan söweşleriň sebäpleri dürli - dürli bolsada (halk gozgalaňy, halkara howpsuzlyk, terrorçylyga garşy göreş, ýer - ýurt dawasy ýene ş.m), maksat birdir. Bu Ysraýyl ogullary bilen musulmanlaryň arasyndaky taryhy söweşdir we şol söweşiň dowamydyr. Ähli G.D-da amala aşyrylýan wakalar, bu musulmanlary we Yslamy ezmek, hem-de Ysraýyl ogullarynyň rüstemligini mahabatlandyrmak üçin alnyp barylýan, has dogry-sy oýnalynýan oýunlardyr. Elbetde bu wakalaryň başlaryndan inmeklerine belli bir derejede musulmanlaryň özlerem kömek etýär. Içgi agzalalyk, ýalan - ýaşryk, zulum, bilimsizlik, sabyr etmeklige ýorulýan eden - etdilikler, hak iýme, parahorluk, zyna we bigünä adam ganlarynyň ýersiz ýere dökülmegi ýaly bolup geçýän dürli azgynçylyklar bu wakalalaryň başlaryndan inmegini tizleşdirýän faktorlar. Orta Aziýa syýasy oýny tamamlanandan soň, awtoryň belleýşi ýaly bu oýun Türkiýe topragyny gurşap almaklygam ähtimal.

0
6 Gülbahara   [Mowzuga geç]
Erdoganyň name ucin seydyanine dusunip bilemok mena

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Gökböri daýyň terjimesi ýaman däl.
Berekella we Üstünlik.

Hasan kakaň bir kürtüň türmedäki çekdirilen ezýetlerini gürrüň berýän ýazgysam bolmaly. Ol ezýetler göz öňümden köp wagtlap gitmändi….

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Rejimi bir yandan otoriterleştiriyor, diğer yandan sözde çaktırmadan İslamlaştırıyor.
—-
Režimi bir ýandan awtoritarlaşdyrýar, bir ýandanam bilniksizje yslamlaşdyrýar.
—-
Režimi bir ýandan awtoritarlaşdyrýar, bir ýandanam assyrynlyk bilen yslamlaşdyrýar.

0
4 Gökböri   [Mowzuga geç]
Başga işiñ ýokmaý?

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ortaasya'dan Ortadoğu'ya uzanan
bu coğrafyada bir büyük oyun oynanmakta...
—-
Orta Aziýadan Ýakyn Gündogara çenli aralykda gaty uly oýun oýnalýar...

Orta Aziýadan Ýakyn Gündogara uzanan bu geografiýada uly oýun oýnalýar...

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Terjimeçä bellik:
Originalda: IŞİD'la çatışmalı El Kaide de var.
Terjimede: YŞYD-ne çatylgy El-Kaide hem bar.
Meniň pikirimçe dousy: YŞYD bilen dawaly El-Kaide hem bar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]