21:20
Owgan daglarynda galan oglanlar

OWGAN DAGLARYNDA GALAN OGLANLAR

Her dem hakydada, her dem ýürekde,
Owgan daglarynda galan oglanlar.
Wah, juda alysda, Juda uzakda,
Owgan daglarynda galan oglanlar.

Başlaryny belent tutup gitdiler,
Arzuw bilen alys ile ýetdiler,
Söweşdiler, arman bilen ötdüler,
Owgan daglarynda galan oglanlar.

Ýaşlygna gitdiler, ötdüler juwan,
Daglaryň içini tutdu-da duman,
Ýowuz darkaşdylar dilemän aman,
Owgan daglarynda galan oglanlar.

Hindiguş daglarnyň geçitlerinde,
Uçutlary agzym uçukladanda,
Şansyz bolsalar-da, şehitdir onda,
Owgan daglarynda galan oglanlar.

Aldanyp gitdiler ýat ile sary,
Pyragyň döwründe gidilşi ýaly,
Mämmetsapa ýaly, Çowdur han ýaly,
Owgan daglarynda galan oglanlar.

Sylapberdi MUHAMOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Özüňi açmak / Goşgular - 23.02.2021
Epitafiýa / Goşgular - 13.02.2021
Aşygyñ ahmyry / Goşgular - 30.03.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Selbime / Goşgular - 16.03.2021
Hoşlaşyk / Goşgular - 30.05.2021
Hötde gel / Goşgular - 11.02.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Bilesim gelýär / Goşgular - 23.02.2021
Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Mowzuga geç]
"Türkmen diňe ölüp, beýgelip bilýär."

Türkmeniň ýokary derejede ýeketäk oňarýan zady - ölüni sylamak, hormatlamak. Gahrymançylykly ölüm bolsa sarpaň iki esse beýgelýär. Şanyňa goşgylar düzülýär. Elbetde gahrymançylykly ölmek, ýagny biriniň maksady üçin öz janyňdan el üzüp bilmeklik ýeňil-ýelpaý iş däl.

"Mämmetsapa ýaly, Çowdur han ýaly,"

Türkmençilikde bir hojalyk atasynyň ady bilen, eger atasy aýrylan bolsa uly agasynyň ady bilen köpçülikde hereket etýär.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Aldanyp gitdiler ýat ile sary,
Pyragyň döwründe gidilşi ýaly,


Pyragyň döwründäki bilen 1979-daky owgana gidişlik düýbünden tapawutly ahyry….
Meňzeşlik aldanylyp gidilmekdemi?
Sylapberdi kaka, biz zada ýetenok ýaly….

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]