17:22
Owgan
OWGAN

Owganystandan ýola çykyp, paýu-pyýada Eýrany kesip geçýärler, araçäkden ýöräbem Türkiýä girýärler.
Owganystandan pyýada ýöräp Türkiýä gelmek diýmek - Türkiýeden ýola çykyp, pyýada Gollandiýa çenli gitmek diýmekdir... Arada şonça ýol ýatyr we häzirem bularyñ ýöräp gelýändigine ynanýan kemakyllar bar.
Hemmesem erkek, hemmesi-de eli ýarag tutup biljek ýaşda. Uruşdan gaçyp gelýäris diýýärler, ýöne ýanlarynda aýal-ebtat ýok, çaga-çuga ýok, hemmesi skoba (zimba) ýaly, hemmesi Päkistanda öndürilen birmeñzeş sport köwşüni geýipdir.
Ellerinde çemodan ýok, egin-eşigini ýa-da bir döwüm çöregini salan ýeke sellofan torbasy ýok, hamana dört müñ kilometr uzakdan gelýärlermiş, ýanlarynda suwly kiçijik ýeke baklaşka ýok. Göýä, araçägi geçen badyna hemme mümkinçilikler özlerine gujak açyp duranyny bilýän ýaly arkaýyn gelýärler.
Her kim alada edýär, nämeler bolup geçýär?

* * *

1995-nji ýyl. MRU (CIA) dollardan mas ýüklenen kamazlary ugradyp peşmergeleri (kürt partizanlary -t.b.) gizlin operasiýalary gurnap, Saddam Hüseýini agdarmak üçin düwmä basdy.
Türkiýeden ýola çykan uly ýük awtoulag kerweninde karton gutularyñ içinde 100 dollarlyk banknotlar bardy. Adam satyn almak, opolçeniýeleri toplamak, sabotažlar, teraktlar üçin ýüz millionlarça dollary nagt paýladylar.
Bolmady. Oñarmadylar.
Tire-taýpalardan toplanan peşmergelerden ýaragly güýçler gurmak beýle-de dursun, polisiýa toparyny gurmak mümkin däldi. Hem-ä olaryñ okuwy ýokdy, hem söweşip bilme ukyby ýokdy. Netije fiasko (gülkünç şowsuzlyk -t.b.) bilen gutardy.
MRU howul-hara ewakuasiýa işine başlady.
Saddam bu ýapja peşmergeleri ýok edäýmesin diýip, aýakçy edip ulanan 10 müñ töweregi peşmergesini gaçyrdy.
Haburyñ üstünden Türkiýä sokdular. Batmanda ýük daşaýan uçarlara mündürdiler.
Ýuwaş okeanyñ Guam adasyna alyp gitdiler. Nämüçin ol ýere äkitdilerkä?
Çünki Guamda ABŞ-nyñ iñ möhüm harby howa we deñiz bazalarynyñ biri bardy.
Bu gezekki synanşyklarynda şowsuzlyga uçran peşmergeleri indiki gezek şowuna bolarlary ýaly tälim bermekçidiler.
Käbirlerine Ýörite operasiýalar bölümi tarapyndan tälim berlip, adyndan hem görnüşi ýaly, gizlin operasiýalarda urşujy hökmünde ulanjakdylar, käbirlerinem ylmy ugurlardan taýýarlap: merkezi bank, ilata hyzmat ediş edaralary, emläk we salgyt edaralary ýaly pudaklar boýunça okadyp, ýakynda gurulmagyna garaşylýan Kürdüstanyñ döwlet ýolbaşçylaryny taýýarlajakdylar.
Kiçijik bir bökdençlik bardy...
MRU-nyñ peşmergeleri ABŞ-nyñ Adana konsullygynyñ gözegçiliginde serhetden gecirip, Silopidäki zyýaratçy myhmanhanalaryna ýerleşdirilipdi, emma olaryñ pasportlary, şahsyýeti anyklaýan resminamalary ýokdy.
Has dogrusy, elbetde, bardy. Emma amerikanlar "ýok" diýýärdi, "ýok" diýdirilýärdi, ýapja peşmergeleriñ şahsyýetini anyklaýan maglumatlary Türkiýä bermek islänokdylar.
Bize akyl öwretdiler... "Siziñ pasport kanunyñyzda bular ýaly ýagdaýlar üçin ýörite madda bar, el yzlaryny alyñ-da, geçiriñ" diýdiler.
Biziñkiler ykgy-pykgy etjek boldular, emma elleri daşyñ aşagyndady, "geçiremzok, byradar!" diýmäge ýagdaýlary ýokdy.
Ankaradan bäş adamlyk ýörite topar çagyryldy, peşmergeleriñ ýekän-ýekän el yzlary alyndy, "baş üstüne, geçiñ" diýildi.
Toplanan el yzlary Howpsuzlyk gullugynyñ arhiwine tabşyryldy.

( - Şu ýerde bir ýaýjyk (skobka) açaýyn... MRU peşmergeleriniñ Haburdan Batmana geçirilen wagty ABŞ-nyñ Ankaradaky ilçihanasynda Batmanda doglan bir ýaş ýigit ykdysatçy bolup işleýärdi. Asly kürt bu ýigit ilçihana tarapyndan Silopä ugradyldy, amerikanlar bilen peşmergeleriñ arasynda dilmaçlyk etdi. Aý geçdi, gün geçdi... bu işbaşarjañ ýigit AKP häkimiýetinde Türkiýe respublikasynyñ ministri boldy.)

( - Ýene bir ýaýjyk açaýyn... Şol günlerde ABŞ-nyñ Stambuldaky konsullygynda syýasy ataşşe bolup işleýän işleýän işgäriñ adynyñ nämedigini bilýäñizmi? Jeýms B.Bond! Hawa, hawa, çynymy aýdýaryn: amerikaly ataşşeniñ ady Jeýms Bonddy. Üstesinde, ýene şol 1995-nji ýylda Türkiýede işlän MRU jansyzlarynyñ sanawy nemes metbugatynda çap edilipdi we onuñ ady şol sanawdan geçýärdi. Ýaýjygy ýapalyñ we gürrüñimize dowam edeliñ.)

Üç ýyl geçdi. 1998-nji ýyl ýetip geldi.
Guam adasyna äkidilen peşmergeler mazaly bişişipdi, kämilleşipdiler, “Guamerge” bolupdylar. Olar ýene Türkiýäniñ, käbirleri Iordaniýanyñ üstünden Demirgazyk Yraga sokuldylar.
Şol döwür Demirgazyk Yrakdaky häkimiýet boşlugyndan iñ köp PKK peýdalandy, Kandil dagyna ymykly ornaşdylar.
Hususanam guamergeler dolanyp gelenden soñ PKK-niñ biz tarapa gatnawy ýygjamlaşypdy, peşmerge bilen PKK-niñ hyzmatdaşlygy ýetjek derejesine ýetipdi.
Eýsem Guama äkidilenleriñ arasynda PKK-lylar barmydy?
Bu sowala jogap tapmaga jan edýän türk kontrazwedkasy Barzanä habar saldy, taraplar PKK-niñ işleri barada gepleşmek üçin sebitiñ taýpa kethudalaryny ýygnanşyga çagyrdy.
Duşuşyk geçirildi. Demirgazyk Yrakda biziñ gözegçiligimizdäki bir salgyda duşuşyldy, biraz gürrüñ edildi, ahyrynda mus-musyñ mustapasyna gelindi.
Türk tarapy ynjalyksyzlygyny dile getirdi, taýpa kethudalary sessizje diñledi.
Şol wagt çaý daşalýardy. Garsonlar, elbetde, garson däldi. Çaýlar içildi, garsonlar bulgurlary toplap, saçakda goýdy, bulgurlary kim ulanan bolsa, şoña-da onuñ ady bellik edildi, Ankara getirildi.
Bulgurlardan alnan el yzlar Guama äkidilenleriñ el yzlary bilen deñeşdirip görüldi.
Hawa!.. Ylaýyk deñ gelip durdy!
PKK-ä aç-açan goldaw berýän 17 taýpa lideri Guamergedi!
Bu täsin ewakuasiýany we Guam operasiýasyny Robert Buker Baer dolandyrypdy, oña gysgaça "Bob" diýýärdiler. Bob MRU-nyñ Yrak boýunça şefidi.
Yrakdan öñ Fransiýada, Hindistanda, Liwanda, Sudanda, Marokkoda, Täjigistanda, Gwineýada, Somalide işläpdi.
Arap we pars dillerini öz ene dili ýaly bilýärdi, fransuz, nemes, rus, hytaý, täjik dillerinde, hatda diñe Bulujystanda geplenýän buluç dilinde-de gürleşip bilýärdi.
1952-nji ýylda doglan Bob Jorjtaun we Kaliforniýanyñ Berkeleý uniwersitetlerini tamalady, 1976-njy ýylda MRU-ne girdi.
Ýaraglar boýunça ýörite hünärmen bolan aýaly-da MRU-nyñ jansyzydy, mergenlik boýunça tabşyryklary ýerine ýetirýärdi, ony Saraýewoda Hizbullaha garşy akt gurnanda tanap galypdylar. Çagalary ýokdy, Päkistandan bir gyz çagajygy gyzlyk edip alypdylar.
Ýapja peşmergeleriñ köpçülikleýin ewakuasiýasyny we Kürdüstanyñ binýadyny tutan Guam operasiýasyny üstünlik amala aşyrandygy üçin adatdan daşary ýokary hyzmatlara berilýän MRU-nyñ karýera medalyna mynasyp boldy.

* * *

Ýene sekiz ýyl geçdi. 2006-njy ýyla gelindi.
"Syriana" çeper filmi kinoteatrlara çykdy.
Baş rolda Jorj Kluni oýnaýardy.
Senarisi diýseñ özüne çekijidi... Amerikan nebit kompaniýalary, gizlin gulluklar, fundamentalist terrorçylykly toparlar we Ýakyn Gündogar hökümetleriniñ arasynda aýlanyp duran oýunlar barada gürrüñ berýärdi.
Siriýany ýatladýan Syriana sözi Ýakyn Gündogary täzeden dizaýnlamak maksatnamasynyñ, ýagny, Beýik Ýakyn Gündogar Maksatnamasynyñ şertli adydy.

( - Ýene bir ýaýjyk açaýyn... Beýik Ýakyn Gündogar Maksatnamasy diýen düşünjäni Türkiýede birinji gezek 2004-nji ýylda "Asyryñ lideri" agzapdy.
Premýer-ministr wezipesinde ABŞ-na gitdi, jöhit komitetinden "Edermenligi üçin" baýragyny aldy, katolik uniwersiteti St.Jonsda jüpbe geýip, hormatly doktor adyny aldy, yzyndanam Waşingtona geçip, ABŞ-nyñ Prezidenti Jorj Buş tarapyndan garşylandy. Türkiýä dolanyp gelen badyna "ABŞ-nyñ Ýakyn Gündogar Maksatnamasynyñ çäginde Diýarbekiriñ ýyldyzy parlap biler" diýipdi.
Beýik Ýakyn Gündogar Maksatnamasy näme, nämüçin Diýarbekir ýyldyz bolmaly, meselem nämüçin Erzurum ýa Balykesir ýyldyz bolman, ala-böle Diýarbekir ýyldyz bolmaly... bulara hiç kim üns bermändi!
Üstesine, "Asyryñ lideri" Türkiýäniñ, Italiýanyñ, Ýemeniñ Beýik Ýakyn Gündogar Maksatnamasynyñ şärikdeş "başlyklarydygyny" aýdypdy.
Bu tabşyrygy bize kim, haýsy ygtyýarlyga esaslanyp berdi?
Şärikdeş başlyklyk üçin haýsy borçlary boýnumyza dakdylar?
Türkiýäniñ borçlary näme?
Eger Türkiýe respublikasy beýle tabşyrygy borç edip aljak bolsa, onda nämüçin Ýokary Halk Mejlisiniñ garamagyna hödürlenmedi?
Ýene hiç kim üns bermedi!
Ýaýjygy ýapyp, gürrüñimize dowam edeliñ.)

Syriana…
Beýik Ýakyn Gündogar Maksatnamasynyñ şertli ady.
Jorj Kluni dartgynly sahnalardan doly bu kinofilmde oýnan roly üçin "Oskar" baýragyna mynasyp boldy.
Ol MRU-nyñ tejribelo jansyzy Bob Barnesiñ obrazyny janlandypdy.
Bilemok, Bob Barnesiñ ady size kimdir birini ýatlatdymy?
Tötänlikmi ýa...
Kinofilmdäki Bob Barnesiñ prototipi aslynda Robert Buker Baerdi.
Çünki "Syriana" kinofilminiñ senarisi Robert Buker Baeriñ 2002-nji ýylda ýazan “See No Evil” atly kitabyndan alnypdy.
Kitapdaky we kinofilmdäki wakalar Robert Buker Baeriñ ýatlamalaryndan düzlendi.
Ol Beýik Ýakyn Gündogar Maksatnamasynyñ şertli ady "Syriana"-nyñ edebi esasyny gin gerimli operasiýa arkaly peşmergeleri Türkiýä geçiren, Demirgazyk Yrakda Kürdüstanyñ binýadyny tutan MRU-nyñ stansiýa şefidi.
Özüñi "dünýä lideridirin" öýdüp ýörkäñ, özüñ baş rolda oýnaýandyryn öýdüp ýörkäñ, "Oskar" baýrakly senarilerde "epizod rollara" mynasyp görülmek, ine, şeýleräk gynançly duýgy, gynansak-da.
Ýöräp-ýöräp Türkiýä gelen owganlar barada aýtsak...
ABŞ Owganystandan çekilýär.
Ýigrimi ýyllap şol ýerdediler, maý aýynda haýdan-haý çykmaga başladylar, şu aýyñ ahyryna çenli Owganystanda ýeke amerikan esgeri galmaly däl.
Amerikan goşuny bilen işleşen 19 müñ owganystanlynyñ-da ABŞ-na gitmegine garaşylýar.
Amerikan raýatlygyna almak şerti bilen şernama baglaşylan. Bu şertnama bil baglap MRU-nyñ emrine girendiklerini-de bilmeýän ýok.
ABŞ beýik döwlet hökmünde beren sözünde durup 19 müñ owgan ýapjasyny emigrant hökmünde öz ýurduna almakçy, galan bir million töweregi ýapjasyny bolsa Türkiýäniñ üstüne dökmekçi bolýar.
Bu yzda galan bir million töweregi owgan beýleki 19 müñ ýapja ýaly uruşjañ, jansyz ýa-da dilmaç däl... Bular Owganystandaky amerikan şereketlerinde ýa-da amerikan hemaýatkärligindäki şereketlerde, nebit, gurluşyk, azyk, ýük daşama şereketlerinde işleýän ýönekeý işçiler.
Amerikan goşunynyñ üpjünligi we Owganystany täzeden gurmak üçin dökülen milliard dollarlar bir milliona golaý owganystanlynyñ gününi dolamaga ýeterlik bolýardy. Amerikanlar paty-putularyby alyp ökjä tüýkürdiler welin, bularyñ barsy aç-ýalañaç galdy.
Owganystanda aýal-gyzlara işlemek gadagan bolansoñ, amerikanlaryñ hyzmatyny edýänleriñ arasynda zenan ýok.
Amerikanlaryñ ýa-da olaryñ hemaýatkärligindäki şereketlerde işleýänlere wiza ýeñilligini etjekdiklerini wada beripdiler. Emma munça adama wiza berip, barsyny birden ABŞ-na äkider ýaly olaram samsyk däl...
Şol sebäpli Kabuldaky amerikan ilçihanasynyñ gapysyna ýalbar-ýakar edip baran ýapja owganlara "Siz derrew Türkiýä geçiñ" diýýärler.
Eýranyñ üstünden Türkiýä geçmelerini hut özleri gurnaýar.
Aslyna seretseñiz, Kabuldaky amerikan ilçihanasynda işleýän işgär galmady diýen ýaly, üç aý mundan öñ işgärlerini alyp gitdiler, ilçihanany boşatdylar.
Bu üstaşyr geçiş üçin Waşington bilen Tähranyñ stolyñ aşagyndan el gysyşandygy gümansyz... Ýogsam bolmasa, Eýran ýaly döwletiñ öz üstünden bular ýaly güpür-tapyrlygyñ geçmegine ýol bermegi mümkin däl.
Bu üstaşyr owgan bosguny Eýranyñ bähbidine, sebäbi ol, hem-ä ýurduna aralaşýan bikanun bosgunlary gözegçilik astyna alýar, hemem bu zatlardan habarsyzsyrap, Türkiýäniñ başyna bela getirýär.
Amerikan metbugaty bütin bularyñ barsyny gizlänok, birin-birin ýazýar. Biziñ "ýapja" metbugatymyz bolsa ýazanok, gaýtam bukýar.
Hem ýagdaý şeýlekä, näme diýýär "Asyryñ lideri"?
"Ejiz ýurt däldigimiz üçin bosgunlary alýarys, almaga-da dowam ederis" diýýär.
AKP saýasynda ABŞ-dan-da has güýçli ýurtdugymyzy añ etmeýänleriñ hakykatdanam utanmagy gerek!

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 08.08.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 75 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 4.5/2
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]