19:59
Owazasy faraonlary ozduran ses: Ümmü Gülsüm
OWAZASY FARAONLARY OZDURAN SES: ÜMMÜ GÜLSÜM

Ümmü Gülsüm diñe bir sungat işgäri däldi, ol syýasatdan bizar-peteñi çykan arap halklarynyñ wagtyny hoş geçirýän söýgüli tirýegidi. Ondan soñky hiç bir sungat işgäri Ümmü Gülsümiñ ýeten derejesindäki şan-şöhrata ýetip bilmedi.

Ümmü Gülsüm - jedelsiz diýen ýaly XX asyryñ iñ uly arap aýdymçysydy.
1910-njy ýyllarda kakasy bilen bile Nil derýasynyñ boýundaky toýlarda başlan karýerasy 1973-nji ýylyñ soñuna çenli arap dünýäsinde döwlet ýolbaşçylaryndanam, uruşlardanam zyýat arap jemgyýetçiliginiñ üns merkezinden düşmedi.
Onuñ 300-e golaý aýdymynyñ barsy iñ gowy sungat eserleriniñ hasabyna goşuldy, konsertleri birnäçe arap ýurdunda arakesmesiz diýen ýaly radiodan göni ýaýlymda berlip gelindi.
Ýakyn Gündogaryñ islendik künjünde Ümmü Gülsümiñ sesini eşitmek gündelik durmuşyñ rutinasydy.
Şonuñ üçinem onuñ sesiniñ at-owazasy faraonlardanam ozdyrypdy diýsek, hiç bir ýagdaýda öte geçdigimiz bolmaz.
Penşenbe agşamlary Ümmü Gülsümiñ konsertleri bolýandygy sebäpli uruşlar ýatardy, harby döwlet agdarlyşyklary bolmazdy, möhüm kararlar kabul edilmezdi.
Hamana penşenbe gijeleri müsür halkyna başlaryna näme inse inibersin, Ümmü Gülsüm bilen bile rahat dem almaga mümkinçilik bermek döwlet ýörelgesine öwrülipdi.
Şeýle-de penşenbe güni ir säher bilen müsürliler gazet sahypalarynyñ başynda möhüm habarlaryñ deregine Ümmü Gülsümiñ şol gün agşamky çykyşynda geýjek eşigi we dakynjak jowahyrlary hakdaky habarlary okardylar.
Gazetleriñ şol gün ýekejesi galman satyn alynardy we okyjylar Gülsüm baradaky iñ bir ownuk habary-da uly gowur bilen garşylardylar.
Müsürde ýönekeý işçiden başlap harby gullukçylara, syýasatçylara çenli uludan-kiçi hemmeler doly bir günlügine Ümmü Gülsümiñ durmuşyna çümerdiler.
Arap medeniýetiniñ ilçisi Gülsüm aradan çykanda, onuñ jynazasyna gatnaşan märeke Müsüriñ milli gahrymany Jemal Abdylnasyryñkydan iki esse köpdi.
Ümmü Gülsüm diñe bir aýdymçy däldi, ol şol bir wagtyñ özünde müsürlilik düşünjesiniñ ornaşmagy we güýçlenmegi üçin göreşen syýasy figurady.
Klassyky müsür medeniýetine täze forma we many-mazmun berip, ikonlaşdyran Gülsüm ýönekeý bir oba gyzy hökmünde meşhurlygyñ çür depesine çykmak bilen bir hatarda millionlarça adamyñ kalbynda tagt gurmagy başarypdy.

• Oglan eşiginde kasydalar aýdan kiçijik gyzjagaz

Ümmü Gülsüm 1904-nji ýylyñ 4-nji maýynda garyp maşgalada dünýä indi. Kakasy Kairde ymamlyk edýän dindar adamdy.
Kakasy güzeranyny aýlamak üçin ýakyndaky obalarda bolýan toýlara gidip, dini mazmunly kasydalary okaýardy, kakasynyñ aýdýan kasydalaryny diñläp ulalan Gülsüm özüni özi taýýarlady.
Belli bir wagtdan soñ Gülsüm ýakymly we belent sesi bilen kasydalar aýtmaga başlanda, öýüñ howlusyna üýşen goñşy-golamlar bu özüne çekiji jadyly sesiñ owazyna maýyl bolup gözýaşa gark bolar oturardylar.
Gülsümiñ kakasy ýagdaýy görensoñ, toýlara gidende oglan eşigini geýdirip ýanyna alyp gaýdýan gyzjagazynyñam kasyda aýtmagyna rugsat berdi.
Az wagtdan soñam kakasy onuñ ýapynan şekilde sahna çykmagyna we doganlary bilen bile dini aýdymlary okamagyna rugsat berdi.
Gülsüm heniz ýedi ýaşyndaka aýdýan dini aýdymlarynyñ at-owazasy dillerden düşenokdy we onuñ kakasy uzakdaky şäherlerdenem çakylyk alyp, gyzy bilen bile dini aýdymlary aýtmaga başlady.
Gülsüm 14 ýaşanda kakasy spirtli içgileriñ bolmadyk ýerinde çykyş etmek şerti bilen gyzynyñ orta çykmagyna rugsat berdi.
Ýigriminji ýyllarda Müsüriñ gurply maşgalalarynyñ eý görüp diñleýän sesi Ümmü Gülsümdi.

• 1919-njy ýylyñ rewolýusiýasy we Müsür

Müsür 1878-nji ýyldan bäri iñlisleriñ golastyna düşen osmanly welaýatydy.
Jahan urşunyñ başlamagy bilen iñlisler garaşsyzlyk wada berip, müsür goşunyny Osmanla garşy ýaraglandyrdy.
Osmanly döwletiniñ Sinaý we Palestina frontlarynda müsür goşuny öñ hatarlarda söweşýärdi.
Bu ýagdaý Belgiýa, Fransiýa, Gresiýa, Italiýa frontlaryna çenli giñeldilip, 100 müñe golaý müsürli ýaş ýigit şol frontlara ugradylypdy we bularyñ agramly bölegi yzyna dolanyp gelmändi.
Munuñam üstesine iñlisleriñ Müsüri agyr salgytlar we berk gysyş astynda ezmegi halkyñ sabyr käsesini doldurypdy.
1919-njy ýyla gelinende Parižde bolmagyna garaşylýan parahatçylyk konferensiýasy we ABŞ-nyñ Prezidenti Wilsonyñ hödürlän konsepsiýalary müsürli intelligensiýany heýjana saldy.
Bütin bu üýtgeşmeler we tolgunmalar müsür halkyny uly umytlara iteripdi: emma iñlisleren hak-hukuk talap edip biljek düýpli guramaçylykly oppozisiýa ýokdy.
Beýleki bir tarapdan Sad Zaglul resmi hukugy bolmazdan Iñlis Ýokary Komissarlygyndan Müsürde bolup geçýänleri gürrüñ bermek we Pariž Ýaraşyk konferensiýasyna gatnaşmaga isleg bildirende göz astyna alnyp, Malta adasyna sürgüne ugradyldy.
Yzysüre başga-da birnäçe progressiw adamlar Zaglulyñ gününe düşüp, Malta sürgüne ýollandy. Bu ýagdaý müsür halky üçin sabyr käsesini erñeginden aşyran iñ soñky damja boldy.
Sad Zaglul bir demde müsür halkynyñ resmi däl wekiline öwrüldi, halk köçelere dökülensoñ, birnäçe ýerde tolgunşyklar ýüze çykdy.
Meýdanlarda halk köpçüligine öñbaşçylyk eden we protestleriñ simwolyna öwrülen ýene bir kişi-de Sad Zaglulyñ aýaly Safiýe Zagluldy. Ol aýal-gyzlaryñ meýdanlarda esasy güýje öwrülmegi we iñlis ýüpegine garşy başlanan göreşiñ dowam etmegi üçin jogapkärçiligi öz boýnuna alypdy.
Şunuñ bilen baglanyşyklylykda azatlyklaryny ellerinden alan we ärlerini tussag eden iñlisleriñ ýüpegi bilen örtünmek aýallary hakyky mertebesine ýetirmeýändigi yglan edilip, boýkot edildi.
Günüñ ahyrynda wakalar çygryndan çykmagyñ bäri ýanynda durdy. Iñlisleriñ Müsüre ýerleşdiren harby güýji Hindistandaku harby güýjüñ dört essesine çykarylypdy, ýogsam bolmasa Müsür Hindistandan 20 esse diýen ýaly kiçi ýurtdy.
Rewolýusiýanyñ öñbaşçylaryndan "Hizbü'l Watani" partiýasynyñ başlygy Muhammet Ferit 1919-njy ýylda bolup geçen topalañy ýatlamalarynda şeýle gürrüñ berýär:
"Bular ýaly ýagdaýa hiç kim garaşanokdy. Müsürlileriñ görkezen agzybirligi we raýdaşlygy hiç kimiñ oý-pikirine gelmejek zatdy.
Hususanam, aýal-gyzlaryñ mitinglere gatnaşmagy, kypty poplaryñ Ezherde musulman ulamalar bilen görşüp biljek derejede musulmanlar bilen dil tapyşmagy, Şeýh Muhammet Bahitiñem hut özüniñ kypty patriarhy bilen görüşmegi, halkyñ jebisleşmegi mynasybetli Ýarymaýyñ öñündäki ýyldyzyñ öñüne haçyñ goýlan täze baýdaklaryñ orta çykmagy hakykatdanam garaşylan zatlar däldi.

• Nejip Mahfuz: 1919-njy ýylda ulalmaga mejbur boldum

Müsür edebiýatynyñ görnükli wekillerinden Nejip Mahfuz 1919-njy ýylda bolup geçen wakalarda heniz kiçijik çagajyk eken.
Soñ-soñlar ol ýazan dürli ýazgylarynda we eden çykyşlarynda bolup geçen wakalar bilen bile çagalygynyñ yzda galandygyny aýdypdyr.
Çar künji dolap alan protest tolkuny we her iki ädimden köçäniñ ugrunda öldürilip taşlanan köpüsi talyp bolan müsürli ýaşlaryñ adamlaryñ gözüniñ öñünde atylmagy onuñ döredijilik dünýäsinde Müsüriñ hakykatyna düşünmek we ony bütin dünýä gürrüñ bermek zerurlygyna iterendigini aýdýar.
Şol döwürde ýaşan adamlary we bolan wakalary romanlaryna siñdiren Mahfuz birnäçe ýyl geçenden soñ Nobel baýragyna mynasyp hasaplananam bolsa, ol bu arzyly baýragy almaga gitmekden ýüz dönderipdi.
Ine, şular ýaly şertlerde Ümmü Gülsümiñ sesi müsürlilerde milli buýsanç duýgusyny döredýärdi.
Zenan figurasynyñ syýasy garaşsyzlygyñ simwolyna öwrülen ýyllarynyñ yzyndan Gülsümiñ sesi milli buýsanjyñ many-mazmunyny götermäge başlapdy.
1946-njy ýyla gelinende eýýäm Gülsüm arap aýdym-saz sungaty diýlende, birinji ýada düşýän atdy.
Şeýle-de, Jemal Abdylnasyryñ döwründe araplary täzeden bir agza bakdyrmak ideýeasynyñ iñ güýçli ýañlarynyñ biri Ümmü Gülsümdi. Ol Siriýanyñ köçelerinden başlap Liwiýanyñ çöllerine çenli giñişlikde Müsüriñ we arap nasionalizminiñ nusgalyk ikonyna öwrülipdi.
1967-nji ýylyñ şowsuzlygyndan soñ Gülsümiñ konsertleri ýaraly göwünlere teselli berýän ýeke-täk melheme öwrülipdi.
Diñe 1967-nji ýylyñ heläkçiliginiñ däl, 1962-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän Ýemendäki graždanlyk urşunyñam baş aktýorlarynyñ biri Müsürdi.
Nasyryñ arap dünýäsindäki ham-hyýallary müsür halkyny diýseñ ýadadypdy we argyn halk rahatlygy Gülsümiñ aýdymlaryndan tapýardy.
Gülsümiñ penşenbe günündäki konsertlerinde bary-ýogy üç aýdym aýdylardy, emma bu aýdymlaryñ her biri dürli-dürli wersiýalarda altmyş minutlap dowam ederdi.
1975-nji ýylyñ 4-nji fewralynda müsür radiolary tutuş günläp arakesmesiz Kuran tylawaty bilen diñleýjileriniñ garşysyna çykdy, çünki Müsüriñ şirin owazy müdimilik kesilipdi...
Ol Nasyrdan tapawutlylykda araplary medeni taýdan birleşdirmegi başarypdy. Gülsüm Kuweýtde, Yrakda, Liwiýada, Tunisde... islendik arap ýurdunda syýasy taýdan amala aşmasy mümkin däl maksadyñ medeni taýdan amala aşmasydy.
Başgaça aýdanda, Ümmü Gülsüm diñe bir aýdymçy däldi, ol syýasatdan bizar-peteñi çykan arap halklarynyñ wagtyny hoş geçirýän söýgüli tirýegidi. Ondan soñky hiç bir sungat işgäri Ümmü Gülsümiñ ýeten derejesindäki şan-şöhrata ýetip bilmedi.
Ol baradaky iñ gowy sözi hem döwlet ýolbaşçysy Nasyryñ özi aýdypdy.
Nasyr häkimiýete gelenden soñ Gülsümiñ radio çykarylmaýandygyny eşidip, munuñ sebäbini bilmek üçin radio müdirini çagyrýar.
Müdir Gülsümiñ geçmişi ýatladýandygyny we häkimiýete zyýan bermesin diýen niýet bilen çykyş etdirilmeýändigini aýdýar.
Nasyr şonda müdire şeýle diýýär:
- Beýle bolýan bolsa, Nil derýasyny-da guradyñ, piramidalary-da ýykyñ, sebäp diýseñ, olaram köne režimiñ simwollarydy!

(Muhammet Berdibek "Garyplaryñ sesi" - "Jins" žurnaly.)

Mehmet MAZLUM ÇELIK.

celikmehmedmazlum@gmail.com

13.09.2021 ý.

© The Independentturkish





Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 120 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Zenan şahsyýetler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
5 Raýdaş   [Материал]
"Kawkab el-şark - Gündogaryň ýyldyzy" ýa-da "El-haremul rabia-el-Misr - Müsüriň dördünji piramidasy" diýip at alan Ümmi Gülsüm Müsürden başga-da Siriýa, Yrak, Liwan, Tunis, Iordaniýa döwletleriniň iň ýokary döwlet nyşanlaryna eýe bolan zenan şahsyýetdir.

0
4 Raýdaş   [Материал]
Yslam şerigatyna görä zenan maşgalaň aýdym aýtmagyna rugsat berilmeýändigi üçin El-Ezher
Uniwersitetiniň ylahyýet fakulteti Ümmi Gülsümiň sesine "Jynsyýetsiz ses" diýip höküm çykarýar. Yslam taryhynda zenan bagşy bolup şeýle pitwa netijesinde aýdym aýtmagyna rugsat edilen ilkinji zenan bagşy.
Kaddafi rewolýusiýa edende ýörite Ümmi Gülsümiň Libýada berjek konsertine görä sazlaýar planyny we netijede şowly amala aşýar plany.

0
3 Raýdaş   [Материал]
Rewolýusiodan soň Jemal Abdulnaseriň hökümeti döwründe radioda aýdymlary gadagan edilýär. Mundan soň habary bolan Naser "Halkyň köçä dökülip ikinji gezek rewolýusiýa turmagyny islemeýän bolsaňyz Ummi Gülsümiň aýdymlaryny radioda ýaňlandyryň" diýipdir.
"Wallahi zaman ya silahi - Köp wagt geçdi eý ýaragym" aýdymy Enwer Sedatyň döwrüne çenli Müsüriň gimni bolýar. Jynazasyna 4 milýon töweregi adam gatnaşypdyr.

0
2 Raýdaş   [Материал]
Meň iň köp diňleýänim "Alfi leila wi leila - Müň bir gije" we "Ente umri - Sen ömrümsiň". "National Arab Orchestra - Arap Milli Orkestrasy" Ummi Gülsüm, Asmahan, Fairuz, Munira el Mahdiýa ýaly ady rowaýata öwrülen Arap bagşylarynyň aýdymlaryny ýokary derejede ýerine ýetirýärler. Konsertleri bar internet ulgamynda. Meý Farukh diýip bir bela bar hasam içlerinde. Garaz, diňläň. Sungat göwnüň owkaty!

0
1 Gökböri   [Материал]

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]