22:37
"Owadan, siz gyzlar..."
"OWADAN, SIZ, GYZLAR..."

Owadan, siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleñ eýesi, guşlañ eýesi.
Hüşermäñ, oglanlar, göriplik etmäñ,
Gözellik gyzlaryñ baky mirasy.

Görýäs biz olary uzak ýollarda,
Görýäris zavodlañ gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlañ her günde.

Gyzlar baş daraýar aýnañ öñünde,
Gün äpet göwresin sallanda ýere.
Goý, olar beslensin, goý, beslenmesin,
Deñemäñ görklerin göwhere-zere.

Gün gizlenýär äpet gomlañ teýinde,
Barýar gyzlar köçelerden howlugyp.
Baýyrlañ üstümi, köprüleñ gerşi,
Parhy ýok, oglanlar, garşylañ gülüp.

Garşylañ siz syr saklaman ýürekde,
Boluñ siz näzijek gyzlañ eýesi.
Düşüniñ, oglanlar, aýañ gyzlary,
Gözellik gyzlaryñ baky mirasy.

Annasoltan KEKILOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Taryhçy | Теги: Annasoltan Kekilowa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Sil geldi / Goşgular - 26.02.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Epitafiýa / Goşgular - 13.02.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Biz hakda / Goşgular - 08.02.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Ýaşlyk ýüzüp gitdi balyk mysaly / Goşgular - 19.03.2021
Wesýet / Goşgular - 22.10.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Suratdaky gyzlañ gowjadygyny.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]