07:19
"Ötüp barýan mazarlygyň deňinden..."
"ÖTÜP BARÝAN MAZARLYGYŇ DEŇINDEN..."

Ötüp barýan mazarlygyň deňinden
ötesim gelenok
Birki sagat şol ýerde galasym gelýär.
Gürleşesim gelýär guburlar bilen,
guburdakylaň
hallaryndan habar alasym gelýär,
olar bilen söhbet eýläsim gelýär
o dünýädäki
ilkinji,
ikinji
we-de beýleki-nji günler barada
ýaşaýyşlary,
ýaz-gyşlary,
agylar-ýylgyryşlary hakda...
ähli zat hakynda sorasym gelýär
olardan
heniz älem ýagtyka

... garaňka galasym gelenok ...

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Magtymguly / Goşgular - 04.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 3
0
2 Mähriban   [Материал]
Bellikler üçin köp minnetdar, Mango!

0
3 mango   [Материал]
...

0
1 mango   [Материал]
Gowy.
Ýöne “mazarlar bilen gürleşseň” gowymy ýa “mazar eýeleri”, “guburdakylar” bilen gürleşseň gowy?

Etjekleriňi “garaňka galdyrman” etjek bolşuňy haladym.
Hemem şu sanaýşyňa-da aýratyn berekella diýýän:

…olar bilen söhbet eýläsim gelýär
o dünýädäki
ilkinji,
ikinji
we-de beýleki-nji günler barada…

“ilkinjiň” ýekeje harpyny kemip “ikinji” edişiň, yzynam “beýlekinji” edip dowam edişiňe hezil etdim.
—-
“o dünýädäki” diýeniňden “o dünýedäki diýeniň ýeňil okalýan ýaly….

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]