15:00
Otluçöp
OTLUÇÖP

Köçeden geçip barýan bir ötegçiden otluçöp soramak, göräýmäge, ap-aňsat ýalydyr. Ýöne beýle däl. Öň şular ýaly ýagdaýy başyndan geçirenler muňa gaty gowy düşünýändir. Menem bir gün agşam şeýleräk ýagdaýa uçramsoň aýdýan.
Bir gün köçäniň çatrygynda jübimi sermenip, aldygyna otluçöp gözledim. Tapmadym. Onsoň otluçöp sorar ýaly deňimden bir geýnüwli, gelşikli adam geçäýmezmikä diýen niýet bilen garaşdym. ynha, diýenim bolup, bir geýnüwli adam deňime ýetdi.
Menem pursady elden bermän:
—Bagyşlaň, jenap, otluçöpüňiz bar bolsa beräýiň? — diýip sypaýyçylyk etdim.
—Otluçöp?! Hä, elbetde! Oňam bir gürrüňi bormy! — diýdi-de, ýaňky kişi paltunynyň iliklerini ýazdyryp, penjeginiň jübüsine elini ýetirdi. — Otluçöp bardyr, bolaýmaly — diýip, ol sözüni dowam etdirdi. — Gitjek ýeri bolmaz oň, jübimiň içrägine gidendir, ýa-da dur-la, ýogsa-da ýokarky jübimde bolaýmasyn... Häzir garaş, göreýin... dur entek, men şu elimdäkileri bir gyrada goýaýyn...
—Wah, sizem azara goýdum-da — diýip müýnürgedim. — Bolmasa, hökmanam däl-le — diýip, sözümiň üstüne goşdum.
— Päheý, goýaweriň, heý, oňam bir azary bormy?! Men ony häziriň özünde taparyn. Bilýän-ä men, o şu ýerde bir ýerde bolaýmaly — diýdi.
Maňa göwünlik berip durşuna-da, aýagaldygyna ellerini jübülerine sokuşdyryp, otluçöp gözledi. — Wah, içigar galmyş, gör-le muny. Bu meň hemişeki geýýän penjegim däl ýaly-la...
Görsem, bu kişi gaharlanyp, otluçöpe derek özi ot alyp gidip barýar. Men ony köşeşdirmäge synandym:
—Zyýany ýok. Alada galmaň! Bu hemişeki geýýän penjegiňiz däldir. Azar edinmäň!
—Ýok, ýok, siz garaşyň! — diýip, ol öz diýenine tutdy. — Onuň ýok bolup gitjek ýeri bolmaz. Al kakmyş, ol hökman şu ýerde bir ýerde bolaýmaly. dur-la, men ony goşar sagadym bilen bile goýan bolaýmaýyn? Aý, ýok, oň ýanynda-da däl eken. Hany, sen biraz tagapyl etsene. Howlukma. Men şu paltunymy gaýtadanam bir göreýin. Ah, şol işigaýdan tikinçi jübini nireden goýmalysyny bilenliginde, heý, adamlar şuň ýaly kösenjek durjakmy!
Indi bu jenaby otluçöp tapyp bermekden saklap bilseň sakla-da! Ol indi bu işe gaty ykjam girişdi. Ol elindäki hasasynam owarra edip zyňyp goýberdi-de, garader bolup jübülerini sermeşdirýärdi:
—Häli görseň, şo zaňňar alandyr meň otluçöpümi! — diýip, ogluna dişini gyjady. —Ol meň jübime girendir. Haý, içine bir ot düşmüş! Entek, hany, öýe baraýyn, ol muň üçin mazalyja temmisini alar! Ýogsa-da, o meň jalbarymyň jübüsinde durandyr-ow! Hany, siz biraz garaşyň. Şu paltunymyň syýyny galdyryň... Häzir... Häzir...
—Ýok, hökman däl — diýip, men oňa ýene garşylyk görkezdim. — Haýyş edýän, azara galmaň, gerek däl. Maňa otluçöpüň o diýen zerurlygam ýok-la. Paltunyňyzy çykarmak dagy asla hökman däldi-dä... Haýyş edýän, beýtmäň, beýdip bar zatlaryňyzy, hatlaryňyzy garyň üstüne zyňyşdyrmaň. Serediň-ä, jübüleriňiziň tikinlerini dagam ýyrtyp taşladyňyz! Gaýrat edeweriň, beýtmäweriň! Ýoluň ortarasynda paltunyňyzyň üstünden basyp depelemäweriň!
Aýagyňyzyň aşagyndaky torbalara bir haýpyňyz gelsin ahbetin! Beýdip ogluňyza sögünmäweriň! O neresse çaga ahyryn. O näbilsin otluçöpüň beýle zerur boljagyny! Bogazyňyza bir haýpyňyz gelsin ahyry! Beýtmäweriň! Ötegçiler näme diýer! Geýimleriňizi ýyrtyşdyrmaň ahbetin!
Ynha, birdenem ýaňkyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Paltunynyň içliginiň içinden elini çykaryp:
—Ynha, tapdym! Gördüňmi, tapdym! — diýip, sesine bat berdi. Soňra ol ony çyranyň ýagtysyna tutup gördi. Seretse, elindäki diş gorjalýan bolup çykdy.
Men indiki boljak tomaşadan ýaňa gorkup, tasdanam trolleýbusuň öňüne çolaşan ol kişini bir gyra çekdimde, ol ýerden ökjämi göterdim.

Stiwen LIKOK
Kanad ýazyjysy.

Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnalyndan.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 140 | Добавил: Revo | Теги: Stiwen Likok | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Aşk boğar İnsanı / hikaye - 06.01.2022
Şeftren / hikaye - 04.01.2022
Asylzada / hekaýa - 10.01.2022
Aýjeren eje / hekaýa - 10.01.2022
Kobay / hikaye - 07.01.2022
Gelinkömelek / hekaýa - 10.01.2022
Женитьба лейтенанта / рассказ - 02.01.2022
Otluçöp - 06.01.2022
Zalym ykbal - 17.01.2022
Absurd dialog / hekaýa - 11.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy hekaýa eken bir adamyn isini bitirmek uçin solar ýaly alada edýan bolsa gaty adamkärçilikli adam eken

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Özge kişiniň ýönekeýje zerurlygyny bitirmegi~de özüne uly adamkärçilik borjy hasaplaýan ötegçiniň ideal obrazy. Dogrysy oňa adamkärçiligik etmegiň fanatigi diýseňem öte geçildigi bolmasa gerek. Gaty gowy hekaýa

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]