07:55
Otdaky Ybraýymyñ aýdymy
OTDAKY YBRAÝYMYÑ AÝDYMY

Alagarañkylygyñ ganly göçünde
başga bir adam bar.
Ýeriñ ýaşyl bolmagyny islärdi
yşky iñ owadan gyzlara gelşer.
Onuñ gözünde
bu
däldi olar ýalam gadyrsyz peşgeş
topraga we daşa ýaraşjak.
Ne adam! Ne adam!
Diýýärdi
kalba ýaraşan
yşkyñ ýedi gyljy bilen
gana bulaşyp galmak
kekirtlewüge ýaraşan
iñ owadan atlary
sözlemek.

Ine, şeýle yşkdy demirdagyñ şiri adam
ýazgydynyñ ganly meýdanyndan
Okkessirme geçdi.
Bir polat synaly:
Ölüminiñ syry
yşk takdyry hem
ýalñyzlyk gamydy.

* * *

"Ah, gamly Ispendiýar!
Seniñ üçin gowsy
gözleriñi ýummak! "

"Şeýle dälmi;
Biri
ýetmezmi nä
ýazgydymy ýazmaga?
Ýalnyz bolan men
etmedim perýat!
Gömülmäge
razy boldum
men.
Bir sesdim men
- şekiller içinde bir şekil -
we bir many tapdym.

Men bardym
we men boldum;
ne bir gül gunçasy
ne bir kök sürgüni
ne tokaýdaky bir nahal
Misli
gök ýüzünüñ sejde eden
halkyñ
şehit adamy ýaly.

* * *

Däldim men
başy öñde biçäre bir guljagaz
we meniñ jennetim
ytagat we açyk göwünliligiñ ýodasy
däldi.
Başga hudaý gereklidi maña
çäresizlik azygyna
boýun egmän
bir gula gelişjek.

we başga bir
hudaý
döretdim."

* * *

Haýp! Demirdagyñ şiri!
Sen bardyñ
we dag deýin
düşmezden ýere
iñlemezden, kararly
ölüpdiñ.
Emma ne hudaý, ne şeýtan.
Seniñ ýazgydyñy
başgalaryñ çokunýan
bir buty ýazdy.
Başgalaryñ
çokunan
bir buty.

• AHMET ŞAMLU

Eýran şygryýetiniñ täze akymynyñ başyny başlaýjy meşhur şahyr Ahmet Şamlunyñ eserleri şwed, iñlis, ýapon, fransuz, nemes, rus, ispan, ermeni, niderland, rumyn, fin, kürt, türk dillerine terjime edildi.
Kaka tarapdan asly kabully bolan Ahmediñ ejesiniñ asly kawkazlydyr. Kakasy harby gullukçy bolansoñ şahyryñ çagalygy Eýranyñ dürli ýerlerinde geçipdir.
Başlangyç bilimi Haşda, Zahidanda, Maşatda, Birjentde alan şahyr liseýi Birjentde, Maşatda, Gorganda, Tähranda okapdyr.
Ikinji jahan urşy ýyllarynda kakasy žandarma tarapyndan Türkmensähra ugradylýar. Türkmensähralylaryñ durmuşy we türkmenler bilen tanyşlygy onuñ döredijiligine başgaça täsir edýär. Onuñ "Abaýynyñ ýüreginiñ ýarasyndan" şygyry Ryza şa Pehlewä garşy göreşen türkmen rewolýusioner mugallymyñ atylyşyny gürrüñ berýär. Şahyryñ bu eseri eýran poeziýasynyñ iñ gowy nusgalarynyñ biri bolup durýar.
Ýaranlary nägilelik bildirendigi üçin şahyr Tähranda tussag edilipdir, ilki Tähranyñ türmesinde ýatan şahyry soñ Reştdäki sowet türmesine ugradypdyrlar.
Muhammet Musaddyk wakasynda-da yzarlanan şahyr ilki gaçanam bolsa tussag astyna alynypdyr. Şahyryñ birnäçe eseri-de şonda ýitipdir.





Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Haweran | Теги: Ahmet Şamlu | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Gelsene... / Goşgular - 19.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Призрак / Goşgular - 18.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]