20:03
Ötägit! / kiçijik hekaýa
ÖTÄGIT!

Sagat 15.10-da buhgalter Bonke direktoryñ kabinetine kürsäp girdi:
- Meniñ boýnum şeýle bir agyrýar. Tizräk keselhana gidäýmesem boljak däl öýdýän. Hiç oturyp bilemok.
- Ötägit! - diýip, direktor mekirleç ýylgyrdy.
- Men şu gün... - diýip, edaranyñ işgäri Mýuller içerik girdi. - Men şu gün diş doktoryna ýüz tutaýmasam, bu dişler maña...
- Ötägit!
- Bagyşlañ - diýip, sagat 15.19-da registrator Perpitskiý direktoryñ alkymyna dikilip bardy. Bilýäñizmi näme?.. Neme... Meniñ aýagym agyrýar. Siz maña rugsat berip bilmermisiñiz?
- Ötägit! - diýip, direktor ýene syrly ýylgyrdy.
Sagat 15.25-de edaranyñ ýeme bir işgäri Birze gelip, saglygynyñ örän agyr ýagdaýdadygyny "düşündirip", howlukmaç çykyp gitdi. Iñ soñky işgärem halynyñ teñdigini aýdyp, direktordan rugsat aldy.
Sagat 15.32-de direktor Burhardt hem kabinetiniñ gapysyny ýapyp, howlukmaç ýola düşdi. Garawul bu zatlara nähili düşünjegini bilmedi:
- Jenap direktor!..
- Hä, ýogsa-da, eger biri sorasa, direktor ýaranok diýip aýdarsyñ - diýip, Burhardt futbola alan biletini garawulyñ görerinden howatyr edýän ýaly, ony howlukmaç jübüsine dykdy.

Gans RIBAU.

Nemesçeden terjime eden: Osman ÖDÄÝEW.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 67 | Добавил: Haweran | Теги: Gans Ribau | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]