04:34
Ot ýygmadyk günüm
OT ÝYGMADYK GÜNÜM

Bir goltuk ot ýygmalydym,
Guşlar meni güýmedi-dä!
Kebelekler ünsüm bölü-ü-üp...
Bägüller "tutdy" elimden,
Jikjikiler gaçdy jyklap...
"Öpüp" geçdi balarylar,
Şatut meni "gujaklady"
Ýere yeten saçlarymy....
Sypady garagol şemal...
(Giden ot ýygjakdym ýogsam.)
Waaah, şu "bezzatlar" sebäpli
Buýra saçly guzujyklam
Aç ýatmaly boldy agşam...

♢ "UMMANDYR..."

Ummandyr,
tolkun kändir,
ahmal, göze görünýän tolkunlar
tolkunam däldir,
eýläk-beýläk ýaýlan umman
daşam däldir,
ýakynam däldir,
aňyrsyna göz ýetirmek
mümkinem däldir,
meger, gaty kynam däldir.
Aňsadam däldir.

Milliardynjy gezek
sözümden dändim.
Nadandym.
Kändim.
Az boldum.
0 boldum.
1 ätdim 10 boldy.
10 ätdim 100 boldy...

Käneldi.
Seçelendi.
Ýogyndy-da,
Inçelendi.

Gutarmady.
Sebäbi ol guta:r ýaly
Umman däldi..

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 9
0
9 Mähriban   [Материал]
Ruhy goldawyňyz üçin köp sag boluň! Taňryýalkasyn!

1
8 Garayolly1936   [Материал]
Berekella, Suray uyam, ajayyp goşgy. Ylayta-da birinji şygyr. Gor-ä, ana, tebigat peyzažy biraz ten awysyny berip, liriki gahrymanyñ gozellige duygysyny guyclendiryar we oña gozellikden lezzet alyş eşretini bagyş edyar. Bu yerde Badahşanynyñ ,, ÿuzini bug tutan ayna"baradaky añlatmasy hem şygyrdan kem tasir galdyrmady.

0
7 aylarshabayramowa   [Материал]
Ikisi-de ajaýyp goşgy.

0
6 Gozellik_   [Материал]
Bägüller "tutdy" elimden,

Şeýdip bahana edäýseň...)

Da:ş-da. Gaty gowy goşgular, ylhamyň egsilmesin ylaýym

2
4 mango   [Материал]
Jikjikiler gaçdy jyklap,
"Öpüp" geçdi balarylar,
-diýen ýeriňde Rupi Kaur hanymyň jikjikileri, balarylary ýada düşdi...

– sensiz ilkinji oýanyş

Daň säheriň ilkinji sekuntlary
meýmiräp ýatyryn
ýarym-ukuly,
eşdilýär daşarda
jikjikiň jikirdisi,
gülleriň kikirdisi,
wyzzyllysy,
gabanjaň bal arylaň.
birden, seni oýarmak üçin öwrülenimde
ýene barysy başdan başlanýar:
demim ýetenok
aglaýan sojap
ýok! ýok!
gidipsiň
sen meni taşlap.

goşgulary haladym.
"aç galan guzujyklar" - uniwersal bolupdyr, hem çagalara hem ululara...

"ummandyr..." -da milliardynjy gezek sözüňden dänip durşuň gyzykly bolupdyr...
kararsyzlyk, неопределенность.... - hemmesi bar.

...tolkun kändir – ahmal tolkunlar tolkun däldir
...umman daşam däldir – ýakynam däldir
...aňyrsyna göz ýetirmek mümkin däldir – meger, kynam däldir
....kynam däldir – aňsadam däldir

...Kändim. Az boldum – Käneldim, Gutarmadym

ajap jemleme.
ajap pikir.
"umman gutarar, men gutarman (men umman däl)....."

Sebäbi ol guta:r ýaly
Umman däldi..

bäşlik!

1
3 hoşowaz   [Материал]
Kažetsa siziň goşgularyňyz her kişiň özüne gerek duýgusyny berýä öýdýän, a ne siziňkini. Megerem şoň üçin bolsa gerek gowy görülýän goşgular... hakykatdanam gowy goşgular... seretseňizle, men ýaly "poeziýa kakynym" diýip ýören biriniňem, bir ýerde ünsüni çekip bildi...
Kyssa bolsun, şygyr bolsun, awtoryň öz pikir duýgusy bilen birlikde okyjyň hem pikir duýgularyna deň bolup bilmeli meň pikirimçe, hernäçe dürli taraplardan seredilen bolsada. Diýjek bolýanym, gürrüň başga zat barada barýan hem bolsa (okyjyň özi muny bilýä), okyja özüni, öz geçmişini, duýgusyny, hyýalyny... umuman özüne degişli ähli zady ýatladyp bilmeli. Gysgaça aýdaňda - empatiýa. Şol bolan islendik zat (şygyr, kyssa, kitap, kino, adam we ş.m.) adamyň ýüregine ýakyn bolýar we şol bolan ýerde hiç hili öýke-kine, gahar, uruş bolmaz... goşgudan uzaklaşdym, sorry...

0
5 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Hošowazyñ aÿdanlaryna gošulyp menem iki agyz söz artdyraÿyn. Dogrudanam gošgy šahyr bilen okyjynyñ arasynda ÿüze çykÿan ÿakyn hem mähirli gatnašykdyr. Gošgy aÿna ÿaly bolmaly, okyjy ony okan wagty onda özüni görüp bilmeli, onuñ sözleri okyjynyñam ÿüreginiñ sözleri bolmaly. Aÿnaly gürrüñi kämillešdirmek üçin, gošgy ÿüzüni bug tutan aÿna ÿaly bolsa hasam gyzykly bolÿar, šonda okyjy hem özüne biraz zähmet berip, buglary syryp, özüçe gošga aÿdyñlyk bemegi bašarmaly. Gepiñ gysgasy šahyr okyjynyñ añyna, çeper bilimine hormat goÿmaly, sözi šänik döwen ÿaly edip onuñ agzyna dykmagynyñ geregi ÿok. Suraÿ jan šu iki gošgyñ šol aÿna gošgulardan bolupdyr, Berekelle jigim!

2
2 hoşowaz   [Материал]
Goşgy okaýan däldirin welin, birinji goşgy ýylgyrtdy. "Gerda we Kaý" kinodaky Gerdaň Ýaz şa aýalynyň ýanyna baranyndaky sahnasyny ýatlatdy. Ir bilen zordan gelen işiňde erteki nastroýenýesi nähili ýakymly. Tem boli Täze ýylyň öň ýanlary. Nowogodni nastroýenýe...

2
1 Gumlygelin   [Материал]
Suraýjan guzujyklary aç goýanyña men-ä ynanmadym uýam. Biraz gijirãge galsa galandyr welin olar aç ýatan däldir. Eger olary aç goýsa Suraý - Suraý bolmaz-a :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]