22:56
Osmanlynyñ iñ meşhur içoglany
OSMANLYNYÑ IÑ MEŞHUR IÇOGLANY

Premýer-ministriñ “Muhteşem Yüzyıl” teleserialy barada "eždatlarymyz beýle däldi" sözünden soñ mediýada "eždat" çekişmesi bardy. Ýeri, osmanlyda patyşalaryñ nähili durmuşy bardy?
"Cumhuriyet" gazetiniñ žurnalisti Mine Kyrykkanat bu barada jedeli heniz-henizler ýatmajak bir makalany ýazdy.
Kyrykkanat "Osmanlynyñ iñ meşhur içoglany" makalasynda Fatih Soltan Mämmediñ kakasy Soltan Myradyñ "Içoglanyny" ýazdy.
Osmanly dilinde bu içoglanlaryñ Kalleş, Ibne, Süzgeç, Götberen lakamlary bilen ýa-da Gazyglu beg ady bilen agzalýandygyny aýdan Mine Kyrykkanat aglaba günbatarly taryhçynyñ uzak wagtlap düşünmedik bu lakamlardan, aýratynam dördünjisiniñ nemesçedir öýdülip, birnäçe asyrlap “Gotveren” ("Götberen") diýlendigini ýatlatdy.
Ine, Mine Kyrykkanatyñ jedeli ula giden şol makalasy:


“1442-nji ýylda Osmanlynyñ paýtagty Edirne, soltany bolsa Fatih Soltan Mämmediñ kakasy Myrat II-di.
Walahiýa knýazy Wlad Basarab (Wlad Sepeş) şol ýyl dogany knýaz Gelşikli Radul (Раду III Красивый/Radu cel Frumos) bilen bile öz kakalary Aždarha Wlad (Drakula) tarapyndan osmanly soltanyna zamun hökmünde Edirne köşgüne ugradylanda ýañy on bir ýaşapdy.
Iki zamun knýaza Edirne köşgünde diýseñ gowy seredildi, olar gelejekde osmanla hyzmat taýýarlygyny-da gördüler, Soltan Myradyñ "içoglanlarynyñ" düzüminde-de ýer aldylar...
Emma soltan Wlady gözüniñ öñünden aýranokdy. Ýaş knýazyñ sakgal-murty garalyp, "içoglanlarynyñ" düzüminden çykarylansoñ, Myrat II özüne alty ýyllap eden "hyzmatyna" jomartlyk bilen eçildi. 1448-nji ýylda 17 ýaşyna giren Wlady woýwoda (господар) ünwany bilen derejeläp, ýanyna bir goşun berdi we Walahiýanyñ tagtyny eýelemäge ýollady.

* * *

Emma osmanly soltanlary-da hernäçe pynhan gatnaşyklary bilen iş gatnaşyklaryny biri-birine garyşdyranam bolsalar, ahmaly elden berjek derejede oýlanşyksyz däldiler... Myrat II eý görýän Wlad knýazynyñ oña edilen "içoglanlyk" hyzmatyndan hoşal boldumy ýa-da dişini gysyp çydadymy, anyk bilenokdy. Şonuñ üçinem Wlady Walahiýa ugradanda dogany Gelşikli Raduly zamunda saklap, ony osmanlynyñ tabşyrygyndan çykmaz ýaly etdi.
Wlad Basarabam ilki ygtyýaryna berlen goşun bilen alyp, iki aýdan soñam elden giden, yzyndan ýene ele geçirip gaýtadan oturan Walahiýa tagtyna ymykly ýerleşip, özüni arkaýyn duýan wagty... zamunda oturan dogany Raduldan gecip, osmanla garşy gozgalañ turuzdy.
Walahiýanyñ otuz bir ýaşly woýwodasy Wladyñ garşysyna topalañ turzan paýtagty Stambul bolup, onuñ eýesi-de "külke gutusynda guradylan gül ýapraklaryny ysgamagy halaýan" Fatih Soltan Mämmetdi.

* * *

Knýaz Wlad 1462-nji ýyldan bäri Stambuldan gelip, huzurynda sarygyny çykarmagy ret eden ähli ilçileriñ we wekilleriñ sarygyny kelleleri bilen bile çüý kakyp çykdy. Dunaý derýasynyñ boýlaryna goşun çekip, 30 müñden gowrak osmanlyny gazyga oturdyp çykandan soñ Walahiýada we Bogdanda rumynça "Gazykly" manysyny berýän "Sepeş" («Колосажатель») lakamyny aldy.
Osmanlyçada bolsa çagalygynda jynsy zorluga uçrandygyny añladýan Kalleş, Ibne, Süzgeç, Götberen lakamlary bilen ýa-da Kazyglu beg diýip ýatlanýardy. (Çeşme: Matei Cazacu, “Knýaz Drakulanyñ taryhy”, Droz-1988)
Aglaba günbatarly taryhçynyñ uzak wagtlap düşünmedik bu lakamlaryna, aýratynam dördünjisine nemesçedir öýdülip, birnäçe asyrlap “Gotveren” ("Götberen") diýildi!
Fatih Soltan Mämmet kakasynyñ iñ söýgüli ýigdekçesiniñ osmanlylary gazyga oturdyp aryny alan "içoglanyñ" hynjyny eşdip, gahar-gazaba atlandy. Onuñ Walahiýanyñ woýwodasy Wlad Sepeşe garşy düzen goşunynyñ başyna kimi geçirenini bilýäñizmi? Içoglany bolup hyzmat edende wepalylygyny görkezen zamundaky dogany Gelşikli Raduly...

* * *

Osmanly goşuny Walahiýany eýeledi. Gelşikli Radul 1462-nji ýylda woýwodalyk tagtyna oturdy. Emma gazykçy doganyny-da ele saltp bilmedi. Wlad Sepeş gaçybatalga sorap baran wengerleri tarapyndan ýesir alyndy. On ýyldan soñ ýesirlikden boşap ýene Walahiýa dolanyp geldi we 1476-njy ýyla çenli woýwoda bolup höküm sürdi. Dekabr aýynda osmanly goşunyna garşy giren söweşinde öldürildi we 300 esgeri gazyga oturdyldy. Wladyñ kellesi Fatih Soltan Mämmede ugradyldy.
Emma Wlad Sepeşiñ yzynda galdyran gazykly we ganly legendasy 1897-nji ýylda Bram Stokeriñ "Drakula" atly fantastiki romanyndaky ölmeýän grafyñ, diñe bir ýagdaýda - ýüregine gazyk kakyp ýok edip bolýan wampiriñ obrazyna jan berdi. Rumyniýanyñ Transilwaniýa sebiti Frensis Ford Koppola ýaly kinorežissýorlaryñ bu romanyñ surata düşürilen birnäçe çeper filmi bilen birlikde bütin dünýäde Graf Drakulanyñ ýurdy hökmünde tanaldy."

Mine KYRYKKANAT.

"Cumhuriyet" gazeti, 09.12.2012 ý.




Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 134 | Добавил: Gökböri | Теги: Mine Kyrykkanat | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 16
1
16 Myhman0430   [Материал]
pikirlenip gördüm: näme üçin birmahal dünýesini täzelän, ýöňkelýän aýyplamalara jogap berip bilmejek adamlara iň agyr aýyplar ýöňkelýärkä?

käbir syýasatçylar olary öz syýasy bähbitleri üçin ulanmadyk bolsalaram şu zatlar aýdylardymyka?

ýerlerini basyp alanlary üçin saýrylaryň tapyp ýören zatlarymyka?

ýa osmalyny halamaýanlaryňkymyka? her dürli sebäpler bilen osmalyny halamaýan kän.

haýsy bolanda-da gelşikli däl.

beýleki makalada ýawuz soltan selimiň parsça goşgy ýazmagyny türk(men)leri halamaýandygyndan hasaplanypdyr. näme, beýleki parsça ýazanlaram (Rumy, Jamy...) türk(men)leri halamaýandyklary üçinmikä? türkler aýtmyşlaýyn: "saçmalık".

beýleki aýyplamalaram şoňa meňzeşe meňzeýä. getitilýän delillerem: şu goşgudaky şu söz şu manyda diýen ýaly zatlar.

aýtmaga zat kän. iň soňky aýtjak zadym:

hadys* kitaplarynyň içindeBuharynyň ýazan hadys kitaby iň dogry hadys kitaby hasaplanýa. hatda Kurandan soň iň dogry kitap diýýäler. şol kitapda şeýleräk manyda hadys bar "Ystambul hökman basylyp alnar. ony aljak serkerde ne oňat serkerdedir, ony aljak goşun ne oňat goşundyr" diýen ýalyrak manyda.
bu hadys Müslimiň, Tirmiziň, gysgaça, "kütüb-i sitte" ("alty kitap)** diýilýän beýleki hadys kitaplarynda hem bar.

onsoň Soltan Mehmet hakynda şular ýaly zatlary aýdyp bolarmy?!

*hadys - Muhammet pygamberiň (s.a.w) aýdan sözleri
**iň ygtybarly hasaplanýan alty hadys kitaby

3
2 mango   [Материал]
Dowamy:

G’ NOKTASI

Dünyadaki hiçbir imparatorluk tarihinde, Osmanlı Sarayı’ndaki kadar beşik cinayeti işlenmemiş, hiçbir imparator ve kral, Osmanlı sultanları kadar çok oğul katletmemiştir. Hatta Batılı saraylarda veliaht olmasın diye oğul ve kardeş katli parmakla gösterilecek kadar azdır. Çünkü hiçbirinin tekeşli evlilik dışı ilişkileri ve metres sayısı; odalık, cariye, nikâhlı nikâhsız eşle dolup taşan Osmanlı haremi kadar kalabalık olmayıp, peydahlanan çocuk sayısı da sultanlarınki kadar yüksek değildir. Biseksüel ve pedofil egemen sayısı da öyle…

2012 yılında Osmanlı tarihindeki tahta rakip oğul ve kardeş katlini vacip kılan uygulamayı “Devleti böldürmemek için akılcı bir yöntemdi” diye sunmak, gericiliğin vahşi zihniyetidir. Günümüz Türkiye’sine dayatılan genel cehalet ve özel “tarih karartması” da, zaten “Down sendromlu” olması arzulanan halkın, “Yahu İngiltere İmparatorluğu’nda tahta rakip oğul ve kardeş katli vacip değildi. Acaba Osmanlı’dan daha uzun sürmeyi, hem de bölünmeden nasıl başardı” diye sorgulamaktan bile aciz kılmaktadır.

Muhteşem Yüzyıl dizisine saldırmaktan “kardeş katli” yasasının övülmesine, topluma yutturulmaya çalışılan Osmanlı güzellemesinin tamamı, çokeşliliği sorgulatmamak ve hatta yakın tarihte yeniden geçerli kılmak için yapılmaktadır.

“İntikam, aşağılanmış benliklerin silahıdır.”

ALICE BRUNEL ROCHE

3
1 mango   [Материал]
Eflak Prensi Vlad Besarab, o yıl kardeşi Prens Güzel Radul’la (Radu cel Frumos) birlikte babaları Ejderha Vlad (Drakula) tarafından Osmanlı Sultanı’na rehin olarak Edirne Sarayı’na gönderildiğinde, sadece 11 yaşındaydı.

Walahiýa knýazy Wlad Basarab (Wlad Sepeş) şol ýyl dogany knýažinýa Gelşikli Radul (Раду III Красивый/Radu cel Frumos) bilen bile Aždarha Wlad (Drakula) tarapyndan osmanly soltanyna zamun hökmünde Edirne köşgüne ugradylanda ýañy on bir ýaşapdy.

Принц - knýazmy?
Gelşikli Radul knýažinýa däl. Ol erkek.
Aždarha Wlad hem olaryň kakasy.

—-

Vlad’ı Eflak’a voyvoda gönderirken, kardeşi Güzel Radul’u rehin tutarak Osmanlı’ya bağlı kalmasını sağlama aldı.

Şonuñ üçinem Wlady Walahiýa ugradanda uýasy Gelşikli Raduly zamunda saklap, ony osmanlynyñ tabşyrygyndan çykmaz ýaly etdi.

Aslynda türkçede Gözel Radu diýilenem bolsa ol Ýakyşykly (Gelşikli) Radu bolaýjak ýaly…
Wlad bilen Radu iki erkek dogan. “uýaly ýerini” düzetmeli.
Makalaň jemlemesem bar eken.
Näme üçindir terjime edilmändir.

-1
3 Gökböri   [Материал]
Ýürege düşdüñlaý bokçy tomzak ýaly bolup. Özüñ terjime edip goýaý yzyny beýle akylly bolsañ. Iliñ zähmetine at dakmakdan başga biýän zadyñ bir barmy seň? Söz ýalñyşyny tapan bolup, mowzugyñ esasy aýtjak bolýan pikirinden ünsüni sowýañ okyjylañ. Meñ alan çeşmämde şeýle wariantda.
https://odatv4.com/guncel/osmanlinin-en-unlu-icoglani-0912121200-28553
Dowamy diýip bereniñ başga makala, aşagynda başga awtoryñ ady dur. Onsoñam türkmençede Ýakyşykly diýen söz yok, türkçede bar.

4
4 mango   [Материал]
Seň alan çeşmäňde (odatw) hem Gözel Radula hakda “uýasy” diýen ýeri ýok. Ol gyz däl.
Dogrusy, “üns bermändirin” erbet ýalňyş gidipdiraý, minnetdar” diýibem bilerdiň…
Ol “oda-tw” hem “jumhuriýediň” ýazyjysynyň makalasynyň diňe özüne gerek ýerini hödürläpdir: Wladam, Radu-da götberenmiş…
Emma, “jumhuriýetden” gyrkylyp alnan makalanyň soňy, jemlemesi düýbünden başga zat…

“Dowamy diýip bereniñ başga makala, aşagynda başga awtoryñ ady dur”.

Ýok, makala başga däl. Aşagynda başga biriniň aýdan sözi bilen jemleýär, ýagny “ar almak - mertebesi basgylanan kişileriň ýaragydyr”.

Onsoñam türkmençede Ýakyşykly diýen söz yok, türkçede bar.

Yakışıklı-ny türkmen elipbiýinde ýazypdym, onuň terjimesinem skobkaň içinde “Gelşikli” diýip ýazypdym. Täzeden seret.

Umuman, seiň bilen sanaşmak niýetim ýok.
Ýalňyşlary görkezmek akyllylyk däl.
Akyllylyk ýalňyşmazlyk.
Terjimeleriňde üstünlikler.
Dowam et.

-3
5 Gökböri   [Материал]
Aýdyşyñ ýalam jogap berip görüldi. Özüñ bir ýüzsüz ekeniñ. Minnetdar hawa ýöne, ýalñyşlyk meñ ýalñyşym we ony sen aytmanyñda-da düzederdim, düzetdimem. Aladañ bilen bol indi.

3
6 Revo   [Материал]
@Mango daýy sag boluň. Biz ýaly saýry dil bilmeýän okujylara, tarapsyz okaýjy hökmünde makalany iki dilde-de seljerip berýäniňiz ýada özlerini žurnalist diýip atlandyrýan žurnalistsumaklaryň belli bir bähbitli ýalan - ýaşrykdan ybarat bolan makalalaryny açyp görkezýäniňiz üçin. Aslynda internetden iki wideo görüp ýada haýsam bolsa bir habardan täsirlenip, aňyna - taňyna ýetmän, öýünden çykman habar ýazýan habarçylary okamalam däl welin işsizlik näme etdirenok. Öz adresiňize aýdylýan kemsidiji sözlerede geň görmäň. Diňe akylly adamlar ýalňyşyny ýüzüne aýtsaň mertlerçe kabul edip sag bolsun aýdar. Namartlardan beýle zada garaşmaklygyň özem namartlyk.

-1
7 Gökböri   [Материал]
Ownuk adamlañ dawasam ownuk bolarmyş.. )

-1
8 Gökböri   [Материал]
Mango daýyñ bu teswiri seljerme däl, bokdan monjuk gözlemek. Ilki temanyñ gozgayan meselesi barada pikirini aydyp, soñundan şu bellikleri eden bolsa meñem minnetdarlykdan başga diyjek sozum bolmazdy. Şeyden bolsa Mango yaly başga-da pikirini aytjaklar bolardy. Revo bir yerde okan zadyñ boyunça özbaşdak pikiriñi yazan yeriñ yok. Yazman bilersiñ oz işiñ. Yone siz türkmenistanly gardaşlar tarap tutmakdan başga, biri bir zat diyse gapdaldan çykyp şoñkyny götermekden başga bilyan zadyñyz bir barmy? Haçan oz kellañiz bilen pikirlenip islendik temada oz sözüñizi aydyp biljek?
Dil bilmeyan bolsañ, işsiz bolsañ, oyden çykman oturan ozuñsiñ.
Men žurnalist dal, talyp. Hem men hiç kimiñ tasirinde-de dal, hiç kimiñ tarapynda-da dal. Mango daýyñ we sen bu we bular yaly terjime edien makalalarymyñ haysysynda yalan maglumat bar bolsa goýuñ orta. Ine şeydeniñizde meñ uçinem hemmeler üçinem gowy iş etdigiñiz bolardy. Iki taraplaýyn çekişme hemmeler uçinem peydaly bolardy. Tarap tutmak name zat, tarapsyzlyk name zat ilki şony duşundirseñizlañ maña? Elinde garşylyklaýyn delili yok yerinden bir tarapy yalançylykda namartlykda aýyplamak dalmi namartlygyñ we ejizligiñ añyrbaşy?

-1
9 Tumarly   [Материал]
Süreç -ağırlıklı ve kaynak -odaklı ve kuralcı kavramlar çerçevesinde yapılan çevri eleştirisinde, eleştirmen çevri gerçekleriyle hiç bir bağı olmayan eleştirel görüşlerini ve beğenisini âdeta çevride ulaşılması mümkün ve değişmez özellik gösteren bir düzey varmışcasına sunmakta olduğunu Mango Beye biri hatırlatması lazım.
Çevrilen metinde eşdeğerlilik veya yakınlık varsa;  bunu yokmuşcasına bel altı vurup illaki hata bulucam kaygısıyla yola çıkmak birine tavsiye vermek olarak değerlendirilemez.
Diller arası eşdeğerlilik kavramından bihaber değillerdir inşallah...
Çevirmenin dilsel tercihi diye de bir şey var.
Esas olan konuya egemen oluşu önemlidir çevirmenin. Ana manasından uzaklaşmamışsa sorun teşkil etmez.
Hayrat ki hayret. Cehaletin bu kadarına pes... Daha söylenecek çok şey var. Edebim izin vermiyor.

1
10 Aksary   [Материал]
Tumarly türkmençe ýazaý!
Näme dìyjek bolanyñy bilmän galýan

2
11 Bagabat   [Материал]
@Aksary, ýokarky tekst düşnükli bolar ýaly, aşakda onuň suahilidäki terjimesini goýýan:

Katika upinzani wa tafsiri ya maandishi ndani ya mfumo wa mchakato wa mizigo na rasilimali-oriented na masharti dhana, critic lazima kuwakumbusha Mheshimiwa Mango kwamba yeye zawadi yake muhimu maoni na anapenda kuwa hakuna uhusiano na ukweli wa tafsiri kama kuna ngazi ambayo inaweza kufikiwa katika mazingira na inaonyesha kamambe tabia.
Kama kuna motsvarande au ukaribu katika nakala kutafsiriwa, haiwezi kuchukuliwa kama kutoa ushauri kwa mtu kwa hit ni chini ya kiuno kama kama walikuwa si huko na kwenda juu ya barabara na wasiwasi kwamba mimi kupata kosa.
Natumaini wao si wajinga wa dhana ya adabu kati ya lugha...
Pia kuna kitu kama translator ni lugha upendeleo.
Jambo kuu ni kwamba ni muhimu kwamba translator dominates mada. Kama yeye hana wakiongozwa mbali kutoka kwake kuu ya uhakika, siyo tatizo.
Kuwa inafanyika, kuwa inafanyika. Kutoa juu ya hivyo mengi ya ujinga wako... Kuna mengi zaidi ya kuwa alisema. Yangu ya fasihi haina kibali.

2
12 Aksary   [Материал]
Ene dilden başga dil bilemoga Bagabat kaka!

-1
13 Gökböri   [Материал]
Serdar kaka size gelişdirip bilmedim bu teswiri (

1
15 Bagabat   [Материал]
@Gökböri, bagyşla, has düşnükli bolar ýaly, teswire kommentariýa goýmalydy. Mysal üçin, men rus dilini gowy bilýän, Bägül Ataýewa iňlis we rus dillerini, @mango drawidiý (tamil) diliniň suwarasy (Esasan Günorta Hindistanda bitýän miwe bolandygy sebäpli :-)), ýene-de biri sanskritde gowy gepleýärem, ýazýaram. Ýöne, türkmen edebiýaty saýtynda agzalarynyň aglaba köpüsi ene dilindäki materiallara suwsan adamlarka, näme üçin köp agzaň bilmeýän dilinde teswir ýazmaly ýa-da material goýmaly?!
Özüň beýlekilerden tapawutlylykda şol dili bilýändigiňi görkezmek üçinmi?
Ýa-da ýazan zadyň manysyna düşünmezlikleri üçinmi?
Onda ýazmagyň manysy näme?!
Ýa-da öz ýazan zadyňy okamak hyjuwy bilen joş urýan agzalary şol dili öwrendirmäge ymtyldyrmak üçinmi?!
Berilmedik sowala öňünden jogap bereýin. Rus dilinde saýtda goýulýan materiallar babatda nägile bolmaýandygymyň sebäbi olary adminiň goýýandygy ýa-da özümiň şol dili bilýändigim üçin däl.
1. Bu dil hemme orta mekdepleň programmasynda bar. Näçe ýyllabam okadylýar;
2. Teleýaýlymlarda rus kanallaryny aglaba köpümiz görýäris, diňleýäris. Şol sebäpli bu dile gulagymyz endik eden;
3. Halkymyzyň aglaba köpüsiniň, şol sanda şu saýtyň agzalarynyňam aglaba köpüsiniň çagalygy şol dil bilen geçdi. Hatda köçe diline şol dilden geçip ornan sözlerem kän. Häzir şol dilde gepläp ýazyp bilmese-de, aýdylanyna düşünýänler köpçülik.
4. Türk dilinde berilýän materiallardan tapawutlylykda rus dilinde berilýän materiallar adatça, çeper eserler, çeper seljerme makalalar, taryhy oçerkler we ş.m.. Munuň bilen diýmekçi bolýanym, edebiýat saýtynda edebiýat bilen tanyşdyrýar.

Hiç kimi ýazgarmak ýa-da ýaňsylamak niýetim ýok. Diňe diýmekçi bolan zadymy kinaýa bilen düşündirmek isledim.

Şu we şuňa meňzeş materiallar boýunça "naýza pytradylyp garpyşylýan gep darkaşlaryna-da", haýsydyr bir alys ýurduň syýasy ulgamyndaky hadysalary inçeden yzarlamaga goşulmak niýetimem, höwesimem ýok.

1
14 Hаwеrаn   [Материал]
"Araby, farsyny bilmen, dile minnet eýlemen" (Gul Nesimi). :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]