21:59
Osman Öde – zamanamyzyň ussat kyssaçysydy...
OSMAN ÖDE - ZAMANAMYZYÑ USSAT KYSSAÇYSYDY...

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda halkymyzyň milli aňyýetini kemala getirmeklikde, raýatlarymyzyň Watançylyk duýgusyny ösdürmeklikde milli mirasymyza aýratyn orun berlip, bu ugurda ýurdumyzyň belli halypa ýazyjy-şahyrlary diýseň uly iş alyp bardylar. Şol halypa ýazyjy-şahyrlaryň birem Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Osman Ödäýew bolup, onuň gysga ömründe türkmen edebiýatynda bitiren hyzmatlary örän uludyr. Ol edebiýat meýdanyna ilki ädim ädip başlanynda kyssa žanrynda – prozada ajaýyp hekaýalary, «Möjek kanuny» atly powesti bilen özüni görkezdi.
Ussat halypa ýazyjymyz Osman Ödäýewiň aýratyn kitap görnüşinde neşir edilen irki eserlerini – «Seni hiç haçan unutmaryn» atly hekaýalar toplumyny, «Her kellede han otyr» atly hekaýalar toplumyny, «Möjek kanuny» we «Albaý» powestlerini okanyňda, onuň eserleriniň tebigylygy we ajaýyplygy taýyndan özüne çekijiliginiň ýöne ýere däldigine anyk-aýdyň göz ýetirýärsiň. Çünki, ol bu eserleriniň üsti bilen,edebiýata ozal bolmadyk täze bir obrazlary getirdi. Osman aganyň Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinde türkmen edebiýatyna getiren täze obrazlarynda SSSR döwri diýilýän ýaramaz döwrüň ýaşaýyşynyň adam häsiýetlerinde ýaramazlygyň has-da köpelmegine täsir edendigini görkezmeklik bilen, okyjylar köpçüliginiň dünýägaraýşynda täze milli döwletiň milli aňyýetini kemala getirmegi baş maksat edinýär. Diýmek, ýazyjy milli Garaşsyzlygymyzdan öňki döwürdäki şol durmuşyň adam şahsyýetine ýetiren ýaramaz täsirlerini görkezýän, SSSR döwründäki erbet tipli, hakyky şol durmuşa mahsus realistik obrazlary getirmeklik bilen, şol döwri ýazgaryp, okyjylarda şol wagtlar täze dörän milli döwletiň milli gylyk-häsiýetini oýarmak isläpdir.
Osman aganyň döredijiligindäki ýene bir aýratynlygy gepleşigi şeýle ussatlyk bilen gaty gowy berýär. Ol gepleşigi şeýle bir gowy alýar welin, gahrymanlaryň hersi özüne laýyk – hersi öz ýaşyna, öz kärine, öz häsiýetine laýyk gelýär. Onuň döredijiliginde özboluşly bir gepleşik beriş usuly bar. Osman Ödäýew gepleşigi berende eserini okap duran okyjyny gahrymanlaryň edil gapdalynda duran ýaly edýärdä. Ol eserlerinde gepleşik bermäge gaty ökde bolup, gepleşigi bilen köp zatlary bitirýär. Ýöne döredijiliginde ummasyz agyr-agyr sözlemlere kowalaşmaýar, gaty bir uly meňzetmelerem, çeper metaforalaram kän ulanmaýar.
Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Magtymguly medalynyň eýesi, ussat halypa ýazyjymyz Osman Ödäýewiň sadadan düşnükli dili bar. Onuň döredijiligi bilen baglanyşykly ýene bir aýratynlygy, öz aýdýan pikirini gönümel aýtman, käbir hekaýalaryny filosofiki pikirlere baý edýär. Mysal üçin, onuň irki eserlerine degişli «Ogry depe» diýip bir hekaýasy bar. Gaty bir geň hekaýa. Onuň näme diýjek bolýanyna, birbada düşünibem bolanok. Çünki, Osman Ödäýew öz ýazýan zadynda aýtjak zadyny ykjam basyrýar. Okyjynyň özi aň edip düşünmeli.Ol ynha diýip görkezýär. Şonuň esasynda her kim özüçe many çykarmaly. Belki-de, Osman Ödäýewiň öz döredijiligine getiren bu täzeligi halkymyzyň milli aýratynlygy, özboluşly bir ruhy dünýäsi bilen baglanyşykly bolaýmasyn. Mümkin. Çünki, Garaşsyzlygymyzdan öňki döwürde türkmen halkynyň milliligini öz döredijilik işiňde basyryp, gizlin beýan edäýmeseň, başga çykalga ýokdy. Ol döwürde: «Türkmeniň geljekki nesillini arassa ahlak taýdan terbiýeleýän milli ýol-ýörelgesini SSSR döwri ýok edip, halkymyzyň arasynda ýaramaz gylykly adamlaryň köpelmegine sebäp boldy» diýip arkaýyn aç-açan edip aýtmaklyk ýazyjylar üçin gaty uly howpdy. Muňa, 30-njy ýyllaryň türkmen intelligensiýasynyň agzalarynyň, 50-njy ýyllarda Mäti Kösäýew bilen Baýmuhammet Garryýewiň türkmen milliligi baradaky synanyşygy mysal bolup biler. Ýöne, ýazyjy Osman Ödäýew Garaşsyzlykdan öňki SSR döwründe türkmen milligini bermekligiň özboluşly bir üýtgeşik usulyny oýlap tapdy. Şonuň üçinem ýazyjynyň «Ogry depe» hekaýasy iň gowy eserleriň biridir. Bu hekaýanyň mazmuny şeýle. Eserde oba kethudasy Adylla aga oba aksakallary bilen geňeşip, ýerli jemagatyň arzyny kanagatlandyrmaklyk üçin «Ogry depe» atly depä barýarlar we ogruny obadan kowmaly diýen netijä gelýärler. Olar ogryny obadan çykaryp, gaýdyp oba gelmez ýaly edýärler. Bu wakadan habardar bolup, oba etrap wekili gelýär hem-de Adylla agany ynsan şahsyýetini kemsidenini üçin tussag edýär. Bu ýerde awtor oba kethudasy Adylla aganyň tussag edilmegi bilen türkmen halkynyň milli aýratynlygy bolan «ogruny ulus-il bolup ýazgaryp, obadan çykaryp kowmak» däbiniň ýok edilmegi bilen türkmen jemgyýetinde her hili eden-etdilige ýol berlendigini nygtamak isleýär.Eserde ýigrimi iki – ýigrimi bäş ýaşlaryndaky ogry ençeme ýyldan soň, has dogrusy garrap gojalyk ýaşa ýetensoň obasyna dolanýar. Oba gaty üýtgäpdir, tanar ýaly däl. Ogry obadan kowulmanka hemme kişi öýünden daş çykaýan ýagdaýynda-da işigi açyk goýýardy. Türkmende gulp diýen zat ýokdy. Indi bolsa hemme kişiň işigi gulply. Goja muňa gaty haýran galýar. Ussat halypa ýazyjymyz Osman Ödäýewiň şu zatlary öz eseriniň mazmunynda basyryp goýmak bilen aýtjak bolýan zady Garaşsyzlykdan öňki ýaramaz döwrüňadam şahsyýetine ýetiren ýaramaz tä-sirleriniň arassa türkmen obasyny dagadanlygy, şonuň üçin hemme kişiniň işigini gulplap goýýandygyny (SSR döwründe tutuş obanyň ogrudan dolandygyny, kolhoz başlygynyňam, ferma başlygynyňam, gaýynyňam, buhgalteriňem, lukmanyňam....ogrudygy) bilen baglanyşyklydyr. Ýöne, eserde beýan edilişi ýaly Adylla aga we şonuň ýalylar şol ýaramaz döwürde basylmadyk bolsalar, türkmen halky şol döwürde-de arassa-ahlakly millet bolup ýaşardy. Ussat halypa ýazyjymyzyň irki eserlerinde beýany tapýan otrissatel tipleriň hem-de položitel tipleriň esasanam,durmuşdaky otrissatel tipleriň, öz zamanasynyň gysganç, tüýs ownuk, bähbitçil, türkmen ruhuna, türkmen milliligine laýyk gelmeýän türkmeniň SSR döwründäki ynsanlarynyň gylygyndaky ýaramaz häsiýetleriň halkymyzyň geljekki nesilleriniň içinde-de ýaramaz häsiýetli adamlaryň döremegine täsir etmeginiň öňüni almaklyk üçin Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda gaty uly işler alnyp baryldy.
Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Osman Ödäýew Garaşsyzlyk ýyllarynda-da birnäçe eserler döretdi. Bu döwürde döreden eserlerinde-de, onuň zamanamyzyň beýleki ýazyjylaryna garanyňda özboluşly bir döredijilik aýratynlygynyň bardygyny nygtasymyz gelýär. Onuň eserlerinde beýan edip barýarka, beýan edýän mazmuny bilen baglanyşykly filosofiki pikirleri ýüzugra aýdyp geçme endigi bar. Ýazyjynyň bu endigini häzirki Bagtyýarlyk döwrümizde neşir edilen «Altynjan hatyn» romanynda-da görmeklik bolýar. Ol bu romanyny aňrybaş derejede şeýle gowy ýazypdyr. Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romany edebiýata täze bir getiren täzeligi. Ol Seljuklar döwrüni, Togrul begiň obrazyny, Altynjan hatynyň obrazyny gaty gowy edip beripdir.Özem romanda köp-köp sözler bar. Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romany sözleriň etimologiýasyny öwrenmekde-de örän peýdaly eserdir. Çünki, ýazyjy bu romanyny ýazmak bilen edebiýata täze bir sözleri getirdi. Diýmek, ussat halypa ýazyjymyz Osman Ödäýew edebi dilimizi baýlaşdyrmaga-da goşant goşan ýazyjydyr.Onuňesasy bir uly eseri bolan «Altynjan hatyn» romany täze bir trilogiýa bolup, ony epopeýa diýibem atlandyrsaň boljak. Çünki, halkyň ykbalynda bolup geçýän taryhy ösüşleri, taryhy üýtgemeleri, täze bir öwrülişikleri giň planda beýan edýän uly göwrümdäki esere epopeýa diýilýär. Epopeýaň gahrymany halk bolýar. Öň edebiýatymyzda iki sany epopeýanyň gürrüňi gidýärdi. Ol iki epopeýa Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany bilen Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romany degişlidi. Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romany bolsa üçünji roman epopeýa. Ýazyjy bu epopeýany ýazmaklyk bilen, edebiýata täze bir obraz getirdi. Osman Ödäýew edebiýata öňem täze obraz getirdi, ýöne «Altynjan hatyn» romany ýazmaklyk bilen has täze obraz getirdi. Munuň özi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Magtymguly medalynyň eýesi Osman Ödäýewiň gitdigiçe kämilleşýän, öz kärine örän ezber çemeleşýän ussat halypa ýazyjydygyny aýan edýär. Ol 2014-nji ýylda türkmen halkynyňwe tutuş Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli özüniň «Magtymguly Pyragy» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine peşgeş berdi. Bu kitap beýik akyldaryň döredijiliginiň örän gizlin syrlaryna düşünmeklikde möhüm çeşme bolup durýar.
Edebiýatymyzyň kyssa žanrynda uly bir täzeligi kemala getirmeklikde, edebi dilimizi has-da baýlaşdyrmakda çäksiz goşant goşup, hemişelik aramyzdan gidenbeýik Ynsan – ussat halypa ýazyjymyz Osman Ödäýew baradaky ýagty ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşar.

Toýly JÄNÄDOW.





Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 312 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 3.0/4
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 16
0
15 Haweran   [Материал]
"Ýokarda epopeýa diýlip aşa mahabat berilýän üç romanyň üçüsi-de çeper hakykatyň öňünde ýüzügara. Üçüsinde-de taryh awtorlaryň maksadyna, niýetine görä üýtgedilen."

Örän dogry bellediñiz. Çeper hakykatyñ öñünde ýüzügaradygyna garamazdan eger epopeýa diýip ýatlanmaly bolsa, Rahym Esenowyñ "Sary dominionyñ kölegeleri" trilogiýasy şu eseriñ üçüsindenem öñde agzalmaga mynasyp. R.Esenowyñ soñky ýazan "Gyzyl patyşa" we "Beýik mogollaryñ çapary", uly göwrümli romanlaryny, Agageldi Allanazarowyñ "Ojagyny" hem bu sanawa goşsañ bolar.
Umuman, makala ýüzleý, birtaraplaýyn.

1
14 Atayew   [Материал]
Öň edebiýatymyzda iki sany epopeýanyň gürrüňi gidýärdi. Ol iki epopeýa Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany bilen Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romany degişlidi. Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romany bolsa üçünji roman epopeýa
Ýokarda epopeýa diýlip aşa mahabat berilýän üç romanyň üçüsi-de çeper hakykatyň öňünde ýüzügara. Üçüsinde-de taryh awtorlaryň maksadyna, niýetine görä üýtgedilen. Taryhy şahsyýetler döredýär. Şahsyýetiň häsiýetini öz bähbidiňe (ýa-da kimdir biriniň bähbidine) görä üýtgedip ýazmak - taryhyň ýüzüne tüýkürmek! Ýokarda ady tutulan eserlerde taryhy şahslar barada ýalan maglumatlar beýan edildi.
Emma türkmen edebiýatynda ilkinji romany döreden, göwrüm taýdan iň uly eseri, ýagny 4 kitapdan ybarat "Ykbal" epopeýasyny ýazan Hydyr Derýaýew taryhy wakalara, esasanam şahsyýet meselesine iňňän seresaply çemeleşipdi. Ol Eziz han, Jüneýit han ýaly anyk şahslar barada ýalan, toslama maglumatlary okyja hödürlemändi. Geljegiň öňünde jogapkärçilik çekmezlik üçin taryhy şahslara "degmändi".Diňe şu ýagdaýyň özi-de Hydyr Derýaýewi beýlekilerden parhlandyrýar. Ýogsa, "Ykbalyň" ilki warianty bolan "Ganly penjeden" romany üçin 20 ýyla golaý türmede-de oturyp çykypdy.

0
16 Haweran   [Материал]
Taryhy hakykatlary ýoýup çeper-taryhy eserleri ýazmagyñ howply netijeleri barada okyjylaryñ şu pikirleri okamagyny isleýärin:

"Taryhy roman...
Taryhy wakalary we ýagdaýlary dogruçyl beýan etmegiñ deregine çeperçilik gurluşuny we düşünjelerini hakykat ýaly suratlandyrýan bolsa problemalydyr. Çünki:
Taryhy romanda personažlar we taryhy goşundylar çeper suratlandyrmanyñ öñüne geçse, edilen iş diñe syýasata we propoganda öwrülýär.
Romanda taryhy tezisleri öñe sürmek we taryh bilen baglanyşykly çekişmeleri döretmek ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr.
Biziñ ýurdumyzyñ taryhy prozasynyñ wekilleri öz ýaşan döwürleriniñ ideologik ýüze çykmasy hökmünde taryhy wakalary özleriçe ulanýarlar. Ýaşan döwrüniñ syýasy şertlerine görä taryhy wakalardan islän netijelerini çykarýarlar, islän pikirlerini goşup, islän ugurlaryna gönükdirýärler!
Uzak geçmişden döredilen we "kesekilere" garşy döwüşýän-göreşýąn halasgär gahryman düýnüñ hakykatlaryna däl-de, şu günüñ ideologik-syýasy zerurlyklaryna görä çykyş edýär!
Ýazyjynyñ "syýasy hünärmenlik" ugruna görä hereket edýär! "Gahryman" özünden talap edileni ýerine ýetirmäge mejbur edilen ýazyjynyñ guludyr!
Ine... Bahadyrogly hem taryhy romanlarynyñ gahrymanlaryny syýasy atmosfera döretmegiñ serişdesine öwrüp propoganda ýaragyna öwürdi. Taryhy - añlarda täzeden döredip, syýasatyñ maksadyna gulluk eder ýaly hala getirdi."

http://kitapcy.com/news/erdoganyn_taryhcysy/2021-02-20-13861
Gynansak-da, ýagdaý bizde-de şeýle bolmagynda galýar.
Şol makalanyñ jemlemesi b.n teswirimi jemlesem gowy bor:
"Bular ýaly kitaplary ynanmak üçin däl-de, diñe wagtyñyzy hoş geçirmek üçin okamalysyñyz. Çünki bularyñ hiç biri taryha we hakykata esaslanmaýar.
...Şuny pugta belläñ, taryh - sosial ylymdyr!"

0
13 Adamzat   [Материал]
Osman Ödäýew gowy adamdy diýýärler.. Dogrudyr, ýöne halk arasynda ol beýleki köşk şahyrlary ýaly, Saparmyrat Nyýazowy taryplap, abraýdan düşdi diýlen pikir bar.

0
12 Taryhçy   [Материал]
Biziñ ahlagymyzy garaşsyz bolandan soñ yurdumyza işlemäge gelen türkler, eyranlylar, pakystanlylar ýykdy. Eliñize geroin berip hezil edip gyz gelinleriñiz bilen keyp etdiler. "Bar nirden tapsañ tap, bir çekerligiñ puluny tapyp gel" diýip, gyz gelinleriñizi köçä kowan, olary yat ýurtlylaryñ gujagyna salan özüñiz dälmi?
Soýuz döwründe yeke orsuñ türkmen gelin-gyzyna göz gyzdyranyny eşitmedik.

0
11 Taryhçy   [Материал]
Bizi adam eden, götümize balak geýmäni öwreden ors dälmi? Ors gelip adam şekiline salmadyk bolsa, götüñiz gyýma balakly bumatlar owgan ýaly biri biriñizi gyryp gutarardyñyz!

0
10 Taryhçy   [Материал]
Makalada türkmeniñ ahlagyny orsuñ ýykandygy aýdylýar. Olam ýalam. Ýetmiş ýylda ýykylman gelen ahlak soñky otuz ýylda ýer bilen ýegsan boldy.

0
5 gojakysmaty   [Материал]
Toýlynyň bu makalasy Osman Ödäniň ýazyjy hökmündäki beýik şahsyýetini açyp görkezýär. Osman Öde barada şular ýaly gowy makalalaryň ýazylmagy, halypa ýazyjymyzyň şahsyýetine goýulýan belent hormatdyr.

Saýtyň dolandyryjysy kimem bolsa, şondan haýyş edýän. Gaýrat edip, şular ýaly gowy makalalara biderek teswirler ýazýan ýasama okyjylara çäre görüň. Olar şu günki ýaşlaryň döredijilige bolan höwesini gaçyrýar. Gowy makala gowy diýmegi başaranoklar. Gowa gowy diýmeklik üçinem mertlik gerek. Taryhçyny men namart hasaplaýan. Namartlaryň bu saýtda ýeri ýok.

Saýty dolandyryjy kimem bolsa, ýaşuly kalbymdan haýyş edýän. Şeýle biderek teswirlere ýol bermäň. Bular ýaly teswirler saýdyňyzyň abraýyny gaçyrar. Gaty gowy saýdyňyz bar. Bu saýdy nadanlardan arassalap, abraýyny gorap saklamak bolsa Siziň öz eliňizde.

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
@Gojakysmaty, bölekleýin alanda aýdýanlaryñda jan ýok däl. Teswir ýazma meselesinde, her agzanyñ ýazýan sözüne goşulyp, eline-aýagyna kakyp durmagy uslyp bilemok (öñem-ä ne günler bilen birnäçe ýylyñ dowamynda jemlendi şu bolanja agzalaram). Elbetde, awtoryñ şahsy mertebesine dil ýetirýän, paýlaşylan blogyñ gozgaýan temasyndan daşgary bolgusyz pikirleri orta atýan teswirler duýduryşsyz öçürilýär.
Agzalaryñ ýazýan pikirleri özlerine degişli we saýt bular ü.n hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
Makala makala bolsa, awtoryñ öz pikiri özüne dogry bolsa, hiç zada howsalalanmasa bolar. Bolmanam süri agsaksyz bolmaýar, nadanlar nirede ýok (men-ä edebi saýtda wagtyny geçirýän hiç bir agzany nadan hasaplap biljek däl, belkäm, başgarak atlandyrmalydyr?).
Nädogry berilen syn, ýokarky ýaly garşylyklaýyn atylan pikir (hatda ýalñyşam bolsa) awtory peseltmeýär-de, gaýtam bilniksizje şöhratlandyrýar, okyjysyny köpeldýär (jogap bermezlik iñ gowy jogap dälmi näme?) Okyjynyñ pikiri hökmünde kabul etsin, ýitirýän zady barmy? Okyjy bolsa dürli-dürli bolýar. Toýla ruhdan düşmezligi, gaýtam, tijenip, gazetde çykan makalalarynyñ resmiliginden saplanan, dürli erkin temalarda saýta niýetlenen çaklañja makalalary ýazmagy maslahat berýärin. Höwesi bar, zehini bar. Giñ okyjy gatlagyny-da edinerdi. Üstünlik arzuw edýärin.

0
9 Taryhçy   [Материал]
Ýalan ýalan ýalan! Biziñ alkyşymyzam ýalan, gargyşymyzam ýalan. Türkmene birini öw diýseñ, uçuryp pygamberiñ deñine ýetirýär. Birini ýamanla diýseñ ýedi gat ýeriñ teýine sokýar. Biz haçan hemme zady öz bolşy ýaly görkezmegi öwreneris? Biz haçan hakykatyñ ýüzüne göni seredip bileris?

0
7 Taryhçy   [Материал]
Gojakysmat hanym we jenap Jänädow! Geliñ onda diñe eser barada pikir alşalyñ. Osman Ödäniñ irki eserleriniñ gruzin ýazyjylaryndan kopiýalanandygyny bilýäñizmi? Ýa onuñ "Altynjan hatyn" romanynyñ merhum ýazyjy Ýazmyrat Mämmediden satyn alnandygyny? Ýa-da onuñ filosofiki makalalarynyñ ýewreýlere ýazdyrylandygyny? Ýa bolmasa onuñ Ruhnamany ýazan esasy awtorlaryñ biridigini? Bu zatlaram ýazmaly eken. "Zamanamyzyñ ägirdi" diýip aşa baha berýän bolaýmañ? Nähili zamanamyz? Kimiñ zamanasy? Bizde zamana goýdularmy?

0
4 Taryhçy   [Материал]
Bägül Ataýewa diýen awtoryñ Artur Konan Doýl, Gogol, Dostoýewskiý we olaryñ eserleri baradaky gowja makalalary ýaly ýazyp bolanokmy?

0
3 Taryhçy   [Материал]
Makaladan Osman Ödäýewiñ eserleri hakda hiç hili edebi seljerme tapyp bolanok. Osman agany aşa mahabatlandyrmak we özüniñ ony tanaýandygyny nygtamak meýli has güýçli duýulýar.

-1
2 Taryhçy   [Материал]
Kalhoz biriniñ bir tentek aýdymçyny görende ylgap oñ bilen surata düşüşi ýaly many bar suratda.
Osman aga o mana düşünip ajy gülümsireýäni bildirýär. Ýanyndaky bolsa dünýäden habarysyz uly ýazyjy bilen surata düşdüm diýip gözi ýer görenok. :)

0
1 edebiyatteswiri   [Материал]
Ussat halypa ýazyjymyz Osman Ödäýewiň aradan çykanyna şu gün 7 ýyl boldy. Merhumyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun. Osman aga baradaky ýakymly ýatlamalar ýüreklerimizde hemişe baky ýaşar.

0
8 Taryhçy   [Материал]
Halypa diýip, ýazyjynyñ edebi stilini ýöreden, ondan tälim alan şägirt ýazyjy diýse bolar. Sen näme kyssa eserini ýazdyñ Toýly Jänät oña "halypa" diýýäñ? Halypa diýen belent sözi adaty söze öwrüp goýdular-lay her ýeteniñ dilinde.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]