13:14
Orta Aziýanyñ asy respublikasy: Gyrgyzystan
ORTA AZIÝANYÑ ASY RESPUBLIKASY: GYRGYZYSTAN

Dünýäniñ islendik ýurdy özüne strategik taýdan juda möhüm ýer tutýandyryn öýdýär we muña tüýs ýürekden ynanýar. Orta Aziýanyñ daglyk ýerde ýerleşen kiçijik ýurdy Gyrgyzystan hem özüni Hytaýyñ Ýewropa açylan gapysy hasaplaýar we bu pozisiýasyndan ötri özüne aýratyn ähmiýet berýär.
Ýogsam bolmasa dogry-dürs döwlet gurluşy we aragatnaşyk ulgamy bolmadyk Gyrgyzystanyñ Hytaý ýaly super güýjüñ gözünde o diýen gymmaty-da ýok. Gaýtam Hytaýyñ daşaryk açylan birnäçe gapysy bar.
1991-nji ýylyñ garaşsyzlyk tolkunyndan soñ bütin Orta Aziýa respublikalarynda öñki kommunist liderler häkimiýetlerini saklap galdy. Muña diñe Gyrgyzystan degişli bolmady.
Belli bir derejede liberal we demokrat intellektual şahs bolan fizika professory Askar Akaýew prezident wezipesine gelende, Gyrgyzystanda demokratiýa şemalynyñ öwüsjegine bolan umytlar pyntyk ýarmaga başlady.
Başky ýyllarda ýagdaý hakykatdanam umyt berijidi. Beýleki respublikalarda köne kommunist liderler her meýdança we her çüñke öz heýkellerini dikip, öz atlaryny dakyp garabaşlaryna gaý bolup ýörkäler, A.Akaýew bularyñ hiç birisini etmedi, gaýtam oýlanşykly hereketleri bilen alkyşa mynasyp işleri etdi.
Emma soñky ýyllarda A.Akaýewiñem ady korrupsiýa we parahorlyk bilen bile tutulyp başlandy welin, 2005-nji ýylda häkimiýetini elden giderip, daşary ýurda gaçyp gitdi. Mundan soñky bolup geçen wakalar hiçem gowy bolmady.
Şol ýyl Gyrgyzystanda Orta Aziýanyñ ilkinji gülgüne rewolýusiýasy bolup geçdi. Saýlawlarda galplygyñ bolandygyny öñe süren oppozisioner güýçler aýaga galyp, günortada birnäçe etraby we posýology ele geçirdi, yzysüre çaknyşyklar ýurduñ paýtagt şäheri Bişkege syçrady.
Bäş ýyldan soñ, ýagny 2010-njy ýylda ikinji gülgüne rewolýusiýa bolup geçdi. Ýene aýaga galan oppozisioner güýçler Bişkekde Mejlisiñ binasyny ele geçirdiler we şäheriñ birnäçe ýerini taladylar.
Şeýlelikde, häkimiýet ikinji gezek halk tolgunşygy arkaly ýerini üýtgetdi. Käbirleri Soros fondunyñ, käbirleri-de MRU-nyñ (CIA) bu tolgunşyklary gurandygyny öñe sürseler-de, Russiýanyñ wakalara el atmagy bilen ýagdaýlar ýene öñki-öñküligine dolandy.
6,5 million ilatly Gyrgyzystan diñe syýasy çaknyşyklary we halk tolgunşyklary bilen däl, şol bir wagtyñ özünde ýygy-ýygydan bolup geçýän etniki çaknyşyklary bilenem dünýä jemgyýetçiliginiñ diline düşüp geldi.
2010-njy ýylda özbek ilatyñ has köp ýaşaýan Oş şäherinde özbekler bilen gyrgyzlaryñ arasynda ýeriñ üstünde bolan dawada ýüzlerçe adam wepat boldy, köp sanly dükanlar, söwda merkezleri, restoranlar ýakyldy, weýran edildi.
Bu sebitiñ "uly agasy" Russiýanyñ ara girmegi bilen wakalar kiparlaşsa-da, etniki dartgynlylyk hemişe ýeñ astyndan dowam etdi.

• Manasdaky amerikan harby bazasy

2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabr wakalaryndan soñ Owganystana goñşy Orta Aziýa respublikalary dem salymda Günbataryñ gözünde gymmaty artdy. Nemesler Özbegistanyñ Termez şäherinde, fransuzlar Täjigistanyñ paýtagty Duşenbe şäherinde zapas harby bazalary gursa, amerikanlaram Bişkegiñ etegindäki Manas posýologynda bir harby baza gurdular.
Russiýa ilkibaşda günbatarlylaryñ Orta Aziýa aralaşmagyndan biynjalyk bolanam bolsa, Talibana we El-Kaidä garşy göreşilmegi Moskwanyñam bähbidine bolandygy sebäpli sesini çykarmady.
Şeýlelikde (2002-2004-nji ýyllarda) gyrgyz asmanynda amerikan "F-16" istrebitelleri bilen rus "MIG"-leri bilelikde howalanmaga başlady. Manasdaky amerikan bazasynyñ dik garşysyndaky Kant obasynda-da rus harby bazasy ýerleşýärdi. ABŞ Manasdaky bazasy üçin gyrgyz hökümetine ýylda 120 million dollar töleýän bolsa, ruslar Kantdaky bazany mugtuna ulanýardy. Emma ruslar munuñ öwezine Gyrgyzystany daşarky howplardan goraýardy, bu bolsa gyrgyzlar üçin hemme zatdan öñde durýardy.
Bütin Orta Aziýada bolşy ýaly Gyrgyzystanda-da iñ eý görülýän daşary ýurt - Russiýa. Emma bu köñül ýakynlygyndan has beter uzak ýyllaryñ döreden öwrenşikliliginden we synagyndan gelip çykýan gorky esasly söýgüdir.
Täze tanşan gyrgyz doganlarymyz ruslardan söz açylsa, olary mazamlap gürleýärler, hatda käbirleri "Özbekler bilen bir ýerde ýaşandan ruslar bilen bolanymy gowy görýärin" diýerlik derejede öte geçýär. Emma has içgin gürleşdigiñçe ruslar hakyndaky hakyky pikirleri kem-kemden dile döküliberýär.
Ilkibaşda rus fanaty ýaly bolup görünen bir gyrgyz žurnalisti tanyşlygymyz çuñlaşdygyça ruslaryñ sowet döwründe gyrgyzlaryñ başyna salan horluklaryndan, hatda genosidden söz açyp başlady.
Başga bir žurnalist bolsa, Russiýanyñ Gyrgyzystanyñ içini bulaşdyrýandygyny, saýlawlary manipulirleýändigini aýdýar.

• Etniki agzalalyk: Özbek-gyrgyz çaknyşygy

Köneden galan kesel ýaly wagtal-wagtal dömüp çykýan etniki dartgynlylyk, wakalaryñ üstünden onlarça ýyl geçendigine garamazdan häzirem duýulýar.
Edil häzir imisalalyk ýaly bolup görünýär we iki tarapam özara düşünişmezlikleriniñ ýokdugyny, agzalalyga daşarky güýçleriñ meçew berendigini aýdýar. Emma gözlerdäki gaýgy-gama, ahmyr-armana ünsli seredilende görüp bolýan ar alma duýgusy sebitiñ täze "etniki partlamalara" hamyladygyny görkezýär.
Günortada çaknyşyklaryñ merkezi Oş şäherindäki özbek raýonynda biziñ bilen görşen bir özbek ýigidi haraba öwrülen öýüniñ öñünde ýumrugyny düwüp "Gyrgyz ganyny dökýänçäm ynjalyk tapmaryn" diýýär. Gyrgyzlar bolsa "Özbekler şeýtmäge mynasyp boldular" diýen pikirde.
Türkiýeden gelendigimi bilen bir gyrgyz "Siziñ üçin PKK we bölünişikçi kürtler nähili bolsa, biziñ üçinem özbekler şol bir zat" diýdi. Elbetde, hemmeleriñ şeýle pikirdedigini aýtmak ýalñyş bolar, emma iki tarapda-da biri-birlerine garşy dişini gyjaýanlaryñ sany barmak büküp sanardan köp.
Gyrgyzystan buýr-bulaşyk etniki we syýasy meseleri bilen bir hatarda ykdysady problemalar bilenem gidişýär. Işsizlik iñ esasy meseleleriñ biri. Ýurtda ortaça aýlyk 150-200 dollar aralygynda we şujagaz aýlyga-da kaýyl bolup iş tapmak añsat däl.
Biziñ bilen görşen özbekler we gyrgyzlar ogul-gyzlarynyñ işlemek üçin Orsyýete gidendiklerini, emma ykdysady krizis sebäpli olaryñam pul ugradyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Oşda ýaşaýan altmyş ýaşly bir özbek aýaly Russiýada işleýän oglunyñ ugradýan puly bilen on dört adamlyk uly maşgalanyñ gün görýänini gürrüñ berýär.

• Türkiýä bolan garaýyşlary

Gyrgyzystanda maddy taýdan iñ gowy şertlerde ýaşaýanlar bu ýurtda işleýän daşary ýurtlylardyr. Bularyñ başyny-da Bişkek ýaly şäherlerde işleýän türk döwlet işgärleri we işewürleridir.
Türkiýäniñ Gyrgyzystanda açan Bişkekdäki Manas uniwersiteti ýaly birnäçe ýokary okuw jaýynda we onlarça liseýde işleýän türk mugallymlary bu ýurduñ ortaça aýlyk derejesinden 10-15 esse köp aýlyk alýandyklary üçin gowy ýaşaýarlar.
Gyrgyzystanda ownukly-irili 300-e golaý türk firmasynyñ iş alyp barýar we olaryñ maýa goýumlary üç milliard dollars ýetýär. Iki ýurduñ arasyndaky söwda gatnaşyklary-da barha artýar.
Türk bilim ojaklarynda okaýan gyrgyz talyplar we mugallymlar Türkiýä bolan oñyn duýgulary baram bolsa, köçeden geçip barýan biriniñ Türkiýä bolan neýtral pikiri bar.
Şeýle-de Bişkegiñ köçelerinde gürrüñdeş bolnan gyrgyzlar türk gurluşyklaryndan we türk mekdeplerinden şatdygyny, ýöne her niçigem bolsa, özlerini türklere garanda Orta Aziýadaky beýleki halklara - gazaklara, özbeklere we türkmenlere has ýakyn duýýandyklaryny aýdýarlar.
Olar üçin Türkiýe öz ýurtlaryna garanda has ösen şertlere eýe, ýöne alysdaky ýurt.
Her näme-de bolsa ýurtda Türkiýäniñ täsirini duýmak bolýar. Türk dili ýurtda täze iş mümkinçiliklerini açan dil we köçelerde gezip ýörkäñ garaşylmadyk ýerden bir gyrgyz çykyp seniñ bilen türk dilinde gürleşip bilýär.
Gyrgyzystanyñ iñ uly türkologlaryndan biri professor Kadirali Konkobaýew buýsanç bilen: "90-njy ýyllaryñ başynda bary-ýogy üç adam türk dilini bilýärdi, olaryñ birem mendim. Indi bolsa türkçe gepläp bilýän gyrgyzlaryñ sany ýarym milliona ýetýär" diýýär.

• Demokratiýa üçin ýaramaz mysal

Geñ galaýmaly, Gyrgyzystan her saýlawda diýen ýaly oppozisionerleriñ döwlet edaralaryny basyp-talap we köçelere dökülip, köpçülikleýin çykyşlary edýän hülgentçilikli wakalaryna şaýatlyk edýär.
Gyrgyzystanda her saýlawdan soñ bolup geçýän syýasy bulagaýlyk, demonstrasiýalar we hülgentçilikli wakalar demokratiýany garalamak üçin pursat peýleýän goñşy respublikalaryñ liderleriniñ çyrasyna ýag damdyrýar.
Özbegistanda Karimow, Türkmenistanda Nyýazow, Gazagystanda Nazarbaýew has köp demokratiýa we azatlyk isleýän öz halklaryna mydama Gyrgyzystandaky gapma-garşylygy mysal görkezip geldi.
150 ýyllyk sarizm we sowet döwründe hiç hili demokratik tejribesi bolmadyk Orta Aziýa halklary-da, şeýdip demokratiýa diýlen zada ýurdy etniki çaknyşyklara we içerki uruşa iterýän sistema hökmünde garamaga başlady.
Hiç kim "Serediñ, gyrgyzlar aýaga galyp liderlerini agdaryp bilýän bolsa, bizem şeýdip bileris" diýen ýaly pikirde bolmady, gaýtam tersine öz diktatorlarynyñ "Demokratiýa diýmek - içerki uruş we etniki çaknyşykdyr" diýen gorkuzyjy aldawajyna jan-tenleri bilen ýapyşyp, olaryñ ömürboýy häkimiýetde galmagyny üpjün etdiler.

Esedulla OGUZ,
Türkiýeli türkmen žurnalisti.

04.01.2022 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 84 | Добавил: Gökböri | Теги: Esedulla Oguz | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]