22:09
Onsaň?
ONSAÑ?

- Ykbaldan soraglym gyzyl ne zer ne,
Ömrüňe düşäýin ömrüm haly deý.
Ýöne ala gözleň al bolup her nä,
Geljegme bakmasyn palçyň paly deý.

Gözýetimden belente sen.
Wah, ýone
asmanda bolsaňam sen deňim, demim.
Sag aýakdan girip gelgin dünýäme.
- Enşalla!
- Ýene bir islegim meniň.
Sözlem duz deý doň mähriňi eretse,
Armanly dünýäniň ýüki ýeňlärdi.
Onsaň bagt diýilýän naçar, neresse,
Keleteje boýuny daga deňlärdi,
ýeňlärdi gadamym güç alyp senden,
Mähirlim, mähiriň bulut deý diňse.
Umman men söýgini al ýene menden,
Şeýdip mähir aýlansyn-dursun.
-Onsaň?

- Doglup ölmedigim ediler ykrar,
Gözleň bilen ykbalymyň gaşynda...
Yşga sataşanlar gaýtalap okar,
"Söýdi, söýüldi!" -diýp, mazar daşymda.
Emma,
ölmese-de dünýäň zaru-ahyndan,
Söýginňem ýeke sözde merki bar.
Kasam içsem-de men ten däl ruhumdan,
Dar kalbymyň bir çüňkünde gorky bar.

Ykbalym çat açyp syzylyp çyksaň...
(Oýlamak aýylganç, estagpyralla.)
Şonda müýnli garap yzyňa baksaň,
Ozaly ýa Hudaý, söz berýän,
walla,
On sekiz müň älem içre gözlärin,
Ömür mende men ömürde pany däl.
Uçmah üzre dowz içre gözlänim,
Uşbu sözlem garry mamaň paly däl.

- Onsaň?

- Giderin, ýollaram saklamaz meni,
Ýoklugyňdan aýrylmaga hemişe.
Giderin, Günüňem tutular demi,
Hem ir batar hem-de eder endişe.

Giderin mem galmasa-da mütdetim,
Benijandan däne alyp karzyna.
Giderin dünýäniň undup sünnetin,
Giderin dindarlaň bakman arzyna.

Ähli zatdan çykyp giderin mundan,
Senden özge ýoklga özüm ataryn.
Hiç ýerde durman barlygy unuda,
Diňe barlygyňda mekan tutaryn.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Ýyllaň geçýänine gynanamzok biz..." / Goşgular - 23.02.2022
Dünýäm / Goşgular - 23.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Aýralyk / Goşgular - 02.02.2022
Täze ýyl / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]